Goraymage hemme zat gul yaly welin,
Yone senin kalbyn gaygydan doly.
Dashyndan seretsen shadyyan gozel—
Yuregini achsan kineden doly...

Nireden doreyar shuncha gaygylar?!
Ya-da zawod barmy "Gaygy" onduryan?
Hamala bar yaly "Gaygy zawody"
Ahli yurekler hem gaygydan doly...

Gorup otursan-a shadyyanam bar,
Durmushdan hich hili nagile hem dal.
Gunlerde bir guni gabat gelende—
Tasin zat, gozleri yagyshdan doly...

Kashga bir bolsady "Gulki zawody",
Ynsanlar gulupjik shadyyan gezse.
Yone bolayyarmy beyle pursatlar—
Her kimde uytgeshik gussadan doly...

Bolgusyz goshgymy okanyn uchin,
Size kop minnetdar, eziz okyjym.
Begenip-gynanmak ozune bagly—
Meninem yuregim gussadan doly...

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet.

BELLIK: Goshgyny awtordan rugsatsyz bashga yerde paylashmak gadagan edilyar. Habarlashmak uchin: +993-62-976856.

20.12.2020 20:57

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir