Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Öňden bäri söhbetdeşlige dowam edip gelýärdik. Arada tm gidip gelenim üçin, 3-4 hepde gowrak söhbetdeşlik bolmady. Iň soň derman bn söhbetdeşlik bolan bolmaly. Indi sahypadaky ýaşulylarymyzdan bir bolan mc_merw, ýagny, Myrat aga bn söhbetdeşlik gurnamakçy, elbetde, özüniň rugsat berenligi üçin. Agajanh-nyn teklibi boyunca, sohbetdeshlik gecirilyan agzanyn suraty oz rugsady bn goyulsa gowy, ynha, Myrat aganyn suraty: Myrat Sadykow Mary w. T.gala etrabynda doglan bolmaly. Onuň bn tanyşmak maňa Baýramaly Türkmen-Türk mekdebinde miýesser etdi. 1993-1999 ýyllary arasy okady şol mekdepde. Mekdepde kompýuter olimpiýadalary boýunça ençeme ýaryşlara gatnaşdy. Soň öz bilim güýji bn Türkiýäniň Konýa şäheriniň Seljuk uniwersitetiniň Kompýuter inženerçiligi bölümini gazandy 1999-da. Uniwersiteti üstünlikli gutaran Myrat aga soň ýene şol uniwersitetde magistratura başlady. Häzir ýa dynan bolmaly ýa-da örän az wagt galan bolmaly. Myrat aga geçen aý durmuş toýy tutupdy, bu babatda şu ýerde has giňişleýin görüp bilersiňiz öz açan mowzugynda. Konýadaky Mewlana hezretleriniň meşhur sözi bar:”Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol!” diýip, ynha, Myrat aga hem şeýle bir şahsyýet, hiç kimden çekinjesi ýokdy mekdepdekä-de, unidekä-de. Indi Myrat aga soraglaryňyz bar bolsa beriberiň! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir