Pul gazanmagyň iň beýik syry: Ak ýürekden eçilip bilmek näme?

Başlangyjy: Me­niň si­ze ýü­re­gi­mi dö­ke­sim gel­ýär 

Ak ýürekden eçilip bilmek näme? Jo WitaleTerjime eden: Orazmyrat MYRADOW

   Hut şu pursat men gadyrly dostum, mahabatyň geniýsi, haýyr-yhsançy hem  itleri eý görýän kişi, doktor Pol Hartenien bilen telefon arkaly gürleşdim.

   Men Poldan eçilip bilmek kadasy barada öz pikirini aýtmagyny, bu kadanyň onuň öz durmuşynda we anyk işlerinde nähili bolandygyny gürrüň bermegini haýyş etdim. Onuň beren gürrüňi meni haýran galdyrdy. Ol şeýle diýdi:

— Adamlaryň köpüsi eçilmegi başarmak hadysasyny deňlemä öwürýärler. Olar belli bir mukdardaky puly berýärler-de, onuň on esse bolup gaýdyp gelerine garaşýarlar. Meniň pikirimçe, bu ak ýürekden eçilip bilmek däl. 

   Onuň bu sözleri meni ysmaz düşen ýaly geň bir hala saldy.

— Onda ak ýürekden pul berip bilmek näme bolýar? — diýip, oňa sowal berdim.

— Men ak ýürekden eçilip bilmegiň ony kimiň berýändigi bilinmez dereje amala aşyrylýandygyna ynanýaryn — diýip, Pol düşündirdi. — Eger kimdir biri gurlup gutarylandan soň şol binanyň öz adyny göterjekdigi üçin haýsydyr bir gurluşyga haýyr-sahawat hökmünde million dollar pul geçirýän bolsa, bu eçilip bilmek däl-de, söwda bolýar.

   Pol bir ýagdaýy hakydamda janlandyrdy. Bir ýola kimdir biriniň elektron poçta arkaly beren sowaly ýadyma düşdi.

   Dost-ýarlara pul berjek bolanlarynda, almakdan boýun towlasalar, nähili hereket etmelidigini soraýardylar. «Näme üçin dostlary puluň hut şolardan gelip gowşandygyny bilmelimişinler? Ony kimiň eçilendigini bildirmez ýaly edip bolmaýarmyka?» diýip oýlananym ýadymda.

   Pol pikirini dowam etdirip, has-da tä sirli zatlardan gürrüň açdy:

— Eçilip bilmegiň syry puluň yzyna gelip-gelmejekdigi barada alada galmazlykdan ybarat diýip hasap edýärin. Eger bu barada alada etmeýän bolsaň, sen akymdasyň.

   Hut şeýle!

   Syr, ynha, nämede!

   Dolanyp gelmegine bil baglaman beriň, sizi bu işe ýüregiňiziň iterýändigi üçin beriň, munuň özüňize şatlyk eçilýändigi üçin beriň — ine, hut şonda siz durmuşyň akymynda bolarsyňyz.

— Älemiň özi biziň rahatlygymyzy dolandyrýan bolmaly-da. Ine, meniň aýdyp biljek zadym — diýip, Pol nygtady.

— Durmuşda meni magtan, öwgülän gezekleri köp boldy. Ýöne men munuň üçin pul bermedim. Men barada Älemiň özi aladalanandyr.

   Pol Hartenieniň ähli zady ýerbe-ýer goýup bilşi meniň göwnümden turdy.

   Bu zatlary durmuşda iş ýüzünde köp gören tejribeli adam hökmünde, ol deňagramlylygyň saklanyşyny düşündirdi, pul  paýlamak hadysasyna ýokary derejede düşünýändigini görkezdi.

   Soňra ol gürrüňiniň üstüni ýetirip, ýene şeýle diýdi:

— Pul paýlaýandyklaryny boýun alan adamlar bilen meniň hiç haçan hem aňlaşmaýan zadym bolmandy. Emma egerde siz şöhrat küýsäp ýa-da yzyna gaýdyp geljek puluň onlarça esse artmagyna bil baglap, berýän bolsaňyz, bu siziň eçilip  berdigiňiz däldir, bu siziň hasap-hesip ýöredýändigiňiziň alamatydyr.

   Pol aýdyp geçen ýörelgelerine laýyklykda ýaşaýar. 2002-nji ýyldy öýdýän,

   Roždestwonyň öň ýanynda ol maňa elektron hat ugradypdy. Hatynda meniň nähilidir bir ruhy mazmunly kitabymyň bardygyny-ýokdugyny sorapdyr. Ol muny özüniň maglumat býulleteniniň okyjylaryna iberip çykmak isleýär eken. Pol  hemişe olara nädip pul gazanmalydygy  barada mahabatlary we maslahatlary iberýändigini aýdypdyr. Indi olara nähilidir bir ruhy aýratynlyga dahylly zat ýollasy gelýän eken.

   Men oňa öz muşdaklaryna «Ruhy marketing» atly №1 belgili bestsellerimiň elektron nusgasyny ugratmagy teklip etdim. Elektron nusgasyny şu salgydan tapyp biljekdigini hem duýdurdym:

www.mrfire.com/spirit.

  Pol bu salgyny okyjylara habar beripdir. Bu onuň eden örän sogaply işidi. Ol  meniň kitabymdan on sent hem haýyr görjek bolmady, hiç haçan hem beýle etmez. Ol eçilip berdi.

   Häzir bolsa iň aýgytlaýjy pursat. Gürrüň şol döwürlerde Poluň 76 müň töweregi okyjysynyň bolanlygynda. Bu onuň (şol sanda meniň hem) peşgeşiniň adamlaryň örän köp sanlysynyň durmuşyna aralaşanlygyny aňladýar. Pol ak ýürekden berdi. Men ak ýürekden berdim. Munuň bize nähili dolanyp geljegini hiç kim bilenok, belki-de, bu diňe Äleme aýandyr.

  Siz berýärsiňizmi?

   Ilkinji ädimi eçilip bilmekden ybarat bo­lan gül­läp ösüş ka­nu­ny bar­ly­gyň kal­byna şeý­le bir je­bis ara­laş­ýar we­lin, bizsanla­ryň­dyr ha­sap­la­ma­la­ryň kö­me­gi bi­len, onuň ag­ra­my­ny öl­çäp we de­ňag­ram­lylykda sak­lap bi­le­ris di­ýip umyt hem et­me­li däl­di­ris… Biz do­la­nyp gel­je­gi­ne bil bag­laman, ber­me­li­di­ris. 

Ernest S.Uilson, «Beýik fizik» 

______________________________________

 

Maňa pul görkez! 

   Eýsem-de bolsa, men «Jerri MakGir» filmini hakyky bolmalysy ýaly derejede gören ýeke-täk kişimikäm? 

   Tom Kruzuň gatnaşmagynda kinoprokatyň islegli filmleriniň birine öwrülen ol kinoda «Maňa pul görkez!» diýip, meşhur bolan jümle zol-zol gaýtalanýar.

   Ekranlara çykanyndan soň hem bir ýyllap diýen ýaly men ol filmi görmedim, sebäbi ol bütinleý husytlyga bagyşlanandyr öýdýärdim. Filmi görenleriň hemmesi ýylgyryşyp, milli derejedäki teýeneli jümle ýaly bir hadysa öwrülen «Maňa pul görkez!» diýen jümläni gaýtalap başlaýançalar men onuň bilen gyzyklanmadym.

   Bir gezek Nerissa bilen telewizorda bir zatlar görmekçi bolduk. Hamana diýersiň, nähilidir bir göze görünmeýän güýçden delalat ýeten ýaly boldy — edil  şol wagt «Jerri MakGir» filmi başlady.

   Telewizoryň öňünde oturdyk-da, tomaşa edip başladyk.

   Haýran galdym. Film asla husytlyk barada däl eken. Dogry, Jerri açgözlüge meýilli bolan gurşawda terbiýelenýär.

   Ýöne basym beýle pikir ýöredişiň özüne bap gelmeýändigini bilýär.

   Husytlyk asla bolmaly däl.

   Husytlyk çykalgasyz petige diremek bolýar.

   Husytlyk ruhy gedaýlyga eltýär.

   Muňa derek sport dellaly bolan Jerrä öňde hyjuwdyr yhlasyň güýji bilen tanyşmaklyk garaşýar. Özüniň müşderisi barada ak ýürekden alada edip, wekilçilik edýän oýunçysynyň ýüreginiň duýgur tarlaryny tapyp, oňa täsirini ýetirip başlanda (oýunçy hem oňa şeýle çemeleşýär), oňa çyn üstünlik hem hakyky bagtlylyk duýgusy ýar bolýar.

   Elbetde, «Maňa pul görkez!» refreniniň özüne çekijiligi şübhesiz. Ol filme juda şowly salnyp, unudylmajak sahnalarda şeýle bir ýygy-ýygydan gaýtalanýar hem joşgun bilen berilýär welin, ýardamyňyz ýetmese-de, ony ýatda saklaýarsyňyz.

   Ýöne film bu barada däl. Hiç bolmanda, meniň üçin şeýle. Bu film «maňa öz  puluňy görkez» barada däl, «maňa öz ýüregiňi görkez» barada.

   Eçilip bilmek hem şuňa meňzeş.

   Eger siz özüňize puluň zerurlygy üçin berýän bolsaňyz, bu eçildigiňiz däldir, bu siziň söwdalaşýanlygyňyzdan alamatdyr.

   Eger kalbyňyzyň nama aýdyp, muny haýyş edýändigi üçin berýän bolsaňyz, beýle halda siz tüýs ýürekden eçilýänsiňiz.

   «Maňa pul görkez!» bilen «Maňa öz ýüregiňizi görkeziň» arasyndaky tapawut hem, ine, şundan ybarat.

   Dünýägurluş puluňyzyň däl-de, ýüregiňiziň çakylygyna seslenýär. Pul baryýogy nyşandyr (simwoldyr).

   Puly ýüregiňizden beriň.

   Eger şeýle etseňiz, örän tiz wagtdan, özi-de juda täsin ýollar bilen dünýägurluşyň hut özi «Size pul görkezer!».

   Ýöne welin almak üçin bermäň. Dünýägurluş bilen söwda girýän ýaly bolup bermäň.

  Bermek üçin beriň.

  

Indiki sanymyzda:

Paýhasa ýüzlenişiň iň beýik ruhy ýoly

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir