Pul gazanmagyň iň beýik syry: Me­niň si­ze ýü­re­gi­mi dö­ke­sim gel­ýär

Başlangyjy. Baý­ly­ga elt­ýän iň be­ýik giz­lin ga­py 


Jo Witale Me­niň si­ze ýü­re­gi­mi dö­ke­sim gel­ýär Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW


   Ýeri, bolýar-da, men size ýüregimi dökeýin.

   Eger pul bersem, yzyna pul alyp biljekdigime ynanmak meniň üçin çetindi. Bu kezzaplyk ýaly eşidilýärdi, adamlar menden pul aljak bolýan ýaly görünýärdi.

   Men bu zerarly erbet yza duýýardym.

   Men pul bermän, oňa derek kitap ber-meli diýen karara geldim.

  Hawa-hawa. Kitap. Mende kitap juda köpdi. Şol döwür men köp ýyllap «New Age»-de žurnalist hem kitap synçysy bolup işläpdim, kitaplaryň uly kolleksiýasyny toplapdym. Kitaplarym geregindenem kändi. Näme üçin olaryň belli bir bölegini paýlamaly dälmişin?!

  Beýle netijä nähili ýagdaýda gelendigim ýadyma düşýär. Şol wagtky ýaşaýan ýerim bolan Hýustonda krowatymda ýatan ýerimden nädip baýamalydygy barada oýlanýardym.

   Pikirim hem ýadymda: kitaplary çalyşmak arkaly, men Amerikada iň bir baý adam bolup bilerin.

   Hut şol ýerde hem şol pursat men eçilip bilmek ýörelgesini kitaplarda synap görmek kararyna geldim.

   Birnäçe günden soň dostlarymy öýe çagyrdym-da, özleri üçin kitap saýlamaklaryna rugsat berdim. Elbetde, men olara kitaplarymyň ählisini hödürlemedim. Ep-esli daňyny çykardym-da, dost laryma näme isleseler, alyp biljekdiklerini aýtdym.

   Ondan soň hem birnäçe aýyň dowamynda leksiýa bilen çykyş eden ýerlerimiň hemmesinde kitap paýlamagymy dowam etdirdim. Munuň adamlaryň ünsüni jemlenen halda saklamak babatda juda täsirli usuldygyny hem ýüze çykardym. Kimdir biriniň ünsi bölünip başlan badyna, indiki sowaly beren kişini mugt kitap bilen sylaglajakdygymy yglan edýärdim. Zal derrew jana gelýärdi.

   Häzir hem ýaşaýan ýerim bolan obadaky mülküme göçenimde, garažda 25 guty töwerek kitap üýşürdim. Soňra täze ýurda göçüp gelmegim mynasybetli dabara gurnadym, örän köp myhman geldi. Öýlerine gaýtmankalar hemme kişiniň şol gutulara göz aýlap, islän kitabyny alyp gitmäge hakynyň bardygyny aýtdym. Myhmanlar şeýle hem etdiler. Bir adam şeýle bir köp alypdyr welin, kitaplary ulagyna çenli eltmek üçin galtak hem gerek boldy.

   Meniň bu bimöçber uly derejedäki kitap paýlaýşymyň netijesi nähili bolduka?

   Kitap almak üçin, Hýustonda kitap paýlamak kararyna gelen hut şol günümden bäri kitaplarymyň sany bahym köpelip başlady.

   Häzir marketing boýunça dünýäde iň baý kitap kolleksiýalarynyň biri mende.

   Metafizika boýunça kitaplarymyň kolleksiýasy hem şonçarak bardyr.

   Ýanyma gelip, munça mukdardaky kitaplary gören adamlary birgeňsi howatyr basmarlaýar.

   Ine, olaryň akyl ýetirip bilmeýän zady: hemişe kitap paýlaýandygym sebäpli, kitaplaryň elmydama maňa dolanyp gelmegi. Kitaplaryň kömegi bilen, men bermegiň-almagyň beýik kadasyny herekete getirdim.

   Bu gün men pul almak üçin, pul bermegi başarýaryn. Munuň netijesindede, Hýustonda ýaşan wagtymdaka garanyňda, has köp pulum bar.

   Puly ýitirmekden gorkýan hem-de diňe toplamak isleýän şol döwürlerimde welin, meniň paýlamaga dözüp bilýän zadym kitaplardy.

   Netijede, maňa kitap bary dolanyp gelýärdi.

   Diňläň hem sapak ediniň: nämäni almak isleýän bolsaňyz, şony hem beriň. 

   Biz görjek peýdamyzyň geläýmegi mümkin bolan ýollary arassalajak bolup, çytraşmaga borçly däldiris. Berýän zadyňyz hut şol beren kişiňiz arkaly dolanyp geler diýip pikir etmäge hiç hili esas ýokdur.

Çarlz Fillmor «Gülläp ösüş».

______________________________________

30 mil­lion dol­lar paý­lan be­ýik yn­san

   Ýap-ýaňy meşhur hem görnükli adam, amerikaly täsin haýyr-yhsançy adamyň ýogalandygy barada habar aldym.

   Men elmydama onuň «Aýy diläň hemde ony alyň: dilemegi başarmagyň kömegi bilen isleýän zadyňy almagyň syry» diýen kitabyny gowy görýärdim.

   Oňa Persi Ross diýýärdiler. Belki, siz ol barada eşidensiňiz. Ross dürli haýyr-yhsan edaralaryna we guramalaryna, çak bilen, 30 million dollar paýlady.

   Şeýle-de 17 ýylyň dowamynda ol milli  möçberdäki 800 töweregi gazetde «Milliona minnetdar» diýen karz beriş sütünini ýöretdi. Ol sütünde sada adamlaryň Rossa ýazan hatlary çap edilýärdi.

   Olar özleriniň durmuşlary barada gürrüň berip, kömek edilmegini haýyş edýärdiler. Bu akylyňy haýran ediji derejede täsirlidi.

   Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi Ross adaty adamlaryň kalbyndakyny görüp bilýärdi. Olaryň hatlaryny okanynda, tüýs ýürekden ýazylanmy, ýaltalyk sebäplimi ýa-da adamlar ýöne bir dilegçilik edýärmi, bada-bat duýup bilýärdi. Ol  hemişe danalyga ýugrulan sözler bilen, käte bolsa çek arkaly jogap gaýtarýardy.

   Ol hepdede 120 gezek çekleri doldurýardy. Şunlukda, 17 ýylda ol, çen bilen, 30 million dollar paýlady.

   Gürrüň Rossuň bu işe 2 million dollar bilen başlanlygynda.

   Başlangyç maýa hökmünde Rossda 2 million dollar bar eken. Siziň munça puluňyz bolman biler, onuň durmuşy bilen bagly bu gürrüňler welin, gyly gyrylmadyk hakykat.

   17 ýylyň içinde Ross 30 million dollar paýlapdyr!

   Ýene-de gaýtalap aýdýarys: bermegi
başarmak almaga ýetirýär.
   Oýlanyp görüň, siz şeýleräk bir ýagdaýa düşüp gördüňizmi? Aýdaly, size haýsydyr bir kärhana haýyr-yhsan üçin pul kömegini bermegi haýyş edýärler. Siz bolsa öňdenem ýabygorly bolan bank hasabyňyza nazar aýlap, bermelidigi ýa bermeli däldigi barada netijä gelip bilmän ýaýdanýarsyňyz. Köp kişi maňa şeýleräk ýagdaýa düşüşleri bilen bagly gürrüň beripdiler. Soňuna çenli gitmeli diýen netijä gelip, sadaka berip bilen adamlaryň munuň netijesinde bolup geçen zatlara juda haýran galanlary köp.
  Olara bütinleý bil baglamaýan çeşmelerinden, garaşylmadyk ýagdaýda belli bir mukdardaky pul gelip, haýyr-yhsan üçin eden çykdajylarynyň öwezini dolupdyr.
   Eger puluňyza çyr-çytyr ýapyşyp ýatan bolsaňyz, hakykat siziň gizlinlik bilen toplaýanyňyzyň hemmesini ýitirmäge töwekgellik edýändigiňizden ybaratdyr. Beýleki bir tarapdan, puluny gysylman harçlap bilýän kişilere rysgal-berekediň gelýänligine ynanýan bolsaňyz, onda siziň talaplaryňyzy ýeterlik derejede ödär ýaly derejede toplan goruňyz hemişede bolar. Munuň subutnamasy — Persi Ross. Ol özüniň haýyr-sahawat işini 2 million dollar bilen başlan, soňra bolsa 17 ýylyň dowamynda 30 million dollary sadaka hökmünde paýlapdyr.
   Maňa Persi Ross ýetenok.
  Ýöne indi siz onuň ornuny tutup
bilersiňiz.


Indiki sanymyzda:
Ak ýürekden eçilip bilmek näme?

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir