BIR SÖÝGÜNIÑ TARYHY

BA Din,
hy­taý ýa­zy­jy­sy


   Gülküli bir wa­ka­ny gür­rüň ber­mek ge­ze­gi ahyr­so­ňy Ýu­an Žun­şe­ne-de ýet­di. Ýi­gi­diň ga­ra de­mir çar­çu­wa­ly äý­ne­gi­niň aňyrsyn­da­ky gy­ýak­dan şo­wa göz­le­r bir­den ulalyp git­di. Otu­ran­lar onuň ma­za­ly ýag çal­nyp, sag tara­pa da­ra­lan sa­çy­ny, sar­gylt öwüs­ýän ýü­zü­ni, be­je­ri­len mur­tu­ny iç­gin syn­la­dy­lar. Ýu­an Žun­ şen bir aýa­gy­ny beý­le­ki aýa­gy­nyň üs­tü­ne atyp, or­na­şyk­ly otur­dy-da, çep eli­ni dy­zy­nyň üs­tün­de go­ýup, söh­be­de ünsi çekmek isläp, sag eli­ni ýoka­ry gal­dyr­dy. Onuň gep ur­şy beý­le­ki­le­riň­ki­den üýt­ge­şik bol­dy:

— Men gül­kü­li kys­sa­la­ryň aşy­gy däl. Go­wu­sy, men si­ze ha­ky­kat­da­nam bo­lup ge­çen bir wa­ka­ny gür­rüň be­re­ýin. Ýö­ne, ha­ýyş ed­ýän, ma­ňa: «Bu-ýa çyp­dyr­ýar-ow» diý­mäň. Bu hut me­niň öz ba­şymdan ge­çen wa­ka… Ge­çen däl-de, on­dan öň­ki ýyl, Pariž uni­wer­si­te­tin­de ede­bi­ýat­dan dok­tor­lyk de­re­jesi­ni ala­nym­dan soň, beý­ni­miň ha­lys ýa­dan­dy­gy­ny bil­dim. Luk­man ma­ňa Fran­si­ýa­nyň gü­nor­ta et­rapla­ry­nyň bi­rin­de dynç al­ma­gy mas­la­hat ber­di. Men asu­da bir gö­zel şä­he­ri saý­lap, ba­ýyr­ly­gyň üs­tün­de ýer­leş­ýän öý­le­riň bi­rin­de or­naş­dym.  Bu öý da­şyndan or­ta asyr­lar­da gur­lan köş­gi ýa­dy­ňa sal­ýar­dy. Men tu­tuş ikin­ji ga­ty ki­reý­ne al­dym. Bu öý ma­ňa diý­seň ýa­ra­dy.

   Öýüň eýe­si alt­myş ýaş­la­ryn­da­ky gar­ta­şan aýal bo­lup, onuň kyrk ýa­şan ýe­ke­je gy­zy bar­dy.

  Ene­li-gyz ma­ňa diý­seň go­wy se­red­ýär­di. Men ola­ryň hiç ha­çan bol­ma­dyk ogul­la­ry­nyň de­re­gini tut­ýar­dym diý­se­ňem bol­jak­dy. Olar ýaş, gaý­ry ýurt­ly bir ýi­gi­de ýat ýer­de ýe­ke ba­şy­na kyn bolýan­dy­gy­na dü­şü­nip, men­den hoş söz­le­ri­ni gysgan­man göw­nü­mi aw­la­ýar­dy­lar. Ma­ňa äh­li za­da do­ly öw­re­niş­mek üçin iki aý wagt ýe­ter­lik bol­dy. Men özü­mi edil öýü­miz­de ýa­ly duý­ýar­dym. Il­kiba­da men bär­de bir-bir ýa­rym ýyl bo­lup, sag­lygy­my do­ly di­kel­de­nim­den soň, öz ili­me do­la­naryn di­ýip çak ed­ýär­dim. Ýö­ne yk­bal yn­san ba­la­sy bi­len oýun eden­de, on­da-da ök­de­lik bi­len oýun eden­de baş­ga­ça bol­ýar eken. Ikin­ji aýyň ahy­rynda bo­lup ge­çen bir wa­ka tas­da­nam me­ni ruh­dan dü­şü­rip­di. Ine, bir gün öý­län sa­gat bäş­ler­de myhman­çy­ly­ga gi­den ýe­rim­den do­la­nyp gel­dim. Ýa­ňy bo­sa­ga­dan ät­lä­ni­mem şol­dy we­lin, öý bi­ke­le­rim iki sa­ny myh­ma­ny ug­rat­ma­ga çy­kan eken. Olar me­ni myh­man­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Bu ga­ra­şylma­dyk du­şu­şyk­da gür­lä­re zat tap­man, bir­ki sa­ny ýa­kym­ly söz aý­dan bo­lup, bol­ýan ýe­ri­me ta­rap ýö­nel­dim.

  Ge­len­le­riň bi­ri kyrk ýaş­la­ryn­da­ky aýal­dy, beý­le­ki­si bol­sa ýa­şa­jyk­dan owa­dan­ja gyz­dy. Ýaş gyz gül­gü­ne köý­ne­gi­niň üs­tün­den ak ýa­ka­ly ga­ra palto ge­ýip­dir. Kel­le­sin­de bol­sa açyk gök reňk­li baş­ga­by bar­dy. Onuň süý­rü­räk ýü­zi, ça­la­ja jaý­ta­ryp du­ran bur­ny, ma­wy göz­le­ri bar­dy. Ter ül­jä­ni ýatla­dyp du­ran do­dak­la­ry reňk gö­re­ne meň­zä­nok­dy.

   Men o gy­zy syn­lap, sä­hel­çe sa­ly­myň için­de aşyk bo­la­ny­my duý­man ga­lyp­dy­ryn. Fran­si­ýada bo­lan dört ýy­ly­myň için­de bir ba­kyş­da özü­ne ma­ýyl et­me­gi ba­şa­ran gyz di­ňe şol­dy.

   Myh­man­lar gi­den­soň, bi­ke­le­ri­miň bar gür­rü­ňi şol gyz ha­kyn­da bol­dy. Men ola­ryň gür­rüň­le­ri­niň üs­ti bi­len ol ba­ra­da äh­li za­dy — on ýe­di ýa­şyn­dady­gy­ny, gyz­lar mek­de­bin­de okan­dy­gy­ny, eje­si­niň ir ara­dan çy­kan­dy­gy­ny, ka­ka­sy­nyň Pa­riž­de söwda-sa­tyk bi­len meş­gul­lan­ýan­dy­gy­ny, ça­ga­lyk­dan ka­ka­sy­nyň do­ga­ny­nyň elin­de ter­bi­ýe­le­nen­di­gi­ni bil­dim. Bir der­de sa­ta­şan­soň, gel­ne­je­si ony paýtag­ta be­jert­mä­ge äki­dip­dir. In­di bol­sa ol do­ly gu­tu­lyp, şä­he­re do­la­nyp ge­len eken. Ýe­ne bi­kele­rim ge­len myh­man­la­ryň öz daş­gyn­rak ga­ryn-da­şy­dyk­la­ry­ny aý­dyp, gy­zyň ta­ry­py­ny ýe­tir­di­ler. Bu gy­zyň bi­ke­le­ri­me ýa­ra­ýan­dy­gy­ny ola­ryň sözle­rin­den aň­mak kyn däl­di. Gyz ha­kyn­da aý­dy­lan her bir söz ýü­re­gi­me jüňk bo­lup, oňa ga­ýy­ba­na aşyk bo­lup­dym.

   «Söý­gi akyl-huş­dan aýyr­ýar» di­ýil­ýän gep gürrüň­siz ha­ky­kat. Ine, me­ni my­sal alyp gö­re­liň. Men Ma­ri­ni ba­ry-ýo­gy bir­je ge­zek gör­düm (Bi­ke­le­rim gy­zyň ady­nyň Ma­ri­di­gi­ni aý­dyp­dy­lar). Ýe­ke­je ýola gö­rüp, bir­ki söz aý­dy­şa­nym­dan söý­düm otu­ryber­dim. Siz he­zil edip üs­tüm­den gü­lüp bi­ler­si­ňiz, ýö­ne äh­li zat me­niň aý­dy­şym ýa­ly bol­dy. Şol günden baş­lap, men ne ki­tap okap bil­dim, ne-de baş­ga iş­ler bi­len meş­gul­la­nyp. Dog­ru­sy­ny aýt­sam, bu ýag­daý on­çak­ly bir howp­ly däl­di. Ýe­ri, bar kitap okal­man­my­şam-da, aý­da­ly, beý­le­ki iş­le­rem edil­män eken-dä… Gep mun­da däl. Be­laň kö­rü­gi Ma­ri ha­kyn­da dy­nuw­syz pi­kir­len­ýän­li­gim­de. Şol pi­kir­le­rem me­ni gü­nü­me go­ýa­nok­dy. Men şol gi­je uzak wagt­lap uk­lap bil­me­dim, şo­nuň üçi­nem erte­si giç oýan­dym.

   Bu wa­ka­dan bir gün ge­çen­den soň, bi­ke­le­rim ola­ry gaý­ta­dan myh­man­çy­ly­ga ça­gyr­dy. Olar gü­nor­tan sa­gat iki­le­re gel­di­ler. Men öz ota­gym­da ki­tap okap otyr­dym. Ýö­ne bu hä­kibir wagt ge­çir­mek­di. Oka­ýan zat­la­ry­myň bi­rem kel­lä­me gire­nok­dy, myh­man­la­ry gör­mä­ge how­lug­ýar­dym.

   Em­ma ga­py­nyň ja­ňy jyň­ňyr­da­dy we­lin, ýü­re­gim çalt-çalt­dan urup, bu du­şu­şyk­dan he­der edip ugra­dym. Meň aşak, myh­man­la­ryň ýa­ny­na dü­şe­sim gel­ýär­di, ýö­ne gaý­ra­tym ça­ta­nok­dy. Soň­ra içi­mi oka­ýan ýa­ly, bi­kä­miň gy­zy ge­lip, aşak düş­me­gimi ha­ýyş et­di. Men il­ki «Çet ýurt­ly bir ada­myň myh­man­la­ry oňaý­syz ýag­da­ýa sal­ma­gy müm­kin» di­ýen ýa­ly ba­ha­na­lar ta­pyp, ola­ryň ýa­ny­na barma­jak bol­dum, ýö­ne suw me­ýil­li gur­ba­ga bo­lanym üçin, yryl­dym otu­ry­ber­dim.

   Myh­man ja­ýa ba­ra­nym­da, gar­ry bi­käm myhman­lar bi­len me­sa­wy gür­rüň edip otu­ran eken.

   Olar me­ni gü­ler ýüz bi­len gar­şy­la­dy­lar. Gi­rel­gäň go­la­ýyn­da otu­ran Ma­ri bu gün ha­sam gö­zel gö­rün­ýär­di. Onuň ýa­nyn­da öň­ki ge­zek­ki gö­ren zena­nym bi­len or­ta ýa­şan bir er­kek ki­şem bar­dy.

   Bi­käm bu ada­myň ady­ny aý­dyp, bi­zi ta­nyş­dyr­dy.

   Ol Ma­ri­niň aga­sy bo­lup çyk­dy. Soň­ra gy­zyň go­la­ ýyn­dan ýer gör­ke­zip, otur­ma­gy mü­re­het et­di­ler. 

   Bi­kä­miň gy­zy ýyl­gy­ryp: «Je­nap Ýu­an ga­ty çekin­jeň ýi­git. Ma­ňa onuň elin­den tu­tup ge­tir­mekden baş­ga alaç gal­ma­dy» diý­di. Mu­ňa hem­me­ler gü­lüş­di. Men şon­da Ma­ri­niň tä­sin gül­kü­si­niň bardy­gy­ny gör­düm. Gy­za­ryp dur­şu­ma, ola­ra päs­gel be­re­si­miň gel­män­di­gi­ni aýt­dym. Ma­ri­niň aga­sy:

— Goý­sa­ňyz­laň! Da­şa­ry ýurt­lu­lar Fran­si­ýada-da özü­ni edil öýün­de ýa­ly duý­ma­lydyr. Bi­ziň üçin — fran­suz bol­sun ýa çet ýurt­ly bol­sun — hem­me­si bir adam. Ýe­ne-de bir aýt­jak za­dym, siz — hy­taý­ly­lar ga­ty edep­li adam­lar! Eger gar­şy bol­ma­sa­ňyz, biz si­zi myh­man­çy­ly­ga ça­gyr­mak­çy.

   Gel­se­ňiz, ho­şal bo­lar­dyk. Me­niň ki­tap­ha­nam­danam peý­da­la­nyp bi­ler­di­ňiz — diý­di.

— Ha­wa, ha­wa, je­nap Ýua­ny özü­miz­de myhman­çy­lyk­da gör­sek, diý­seň şat bo­lar­dyk! — di­ýip, aý­dy­lan­la­ryň üs­tü­ni ýe­ti­ren Ma­ri sa­dap ýa­ly ak­ja diş­le­ri­ni ýal­dy­ra­dyp ýyl­gyr­dy.

   Bi­ke­le­ri­miň myh­man­lar bi­len gür­rü­ňi gy­zyş­dy. Men bol­sa Ma­ri­ni gür­rüň bi­len güý­mäp ug­radym. Baş­da ol di­ňe me­niň be­ren so­wal­la­ry­ma jogap ber­ýär­di, ýö­ne soň özem so­rag berip baş­la­dy.

   Onuň he­re­ket­le­rin­de, ýüz keş­bin­de gün­do­gar zenan­la­ry­nyň­ka mah­sus bo­lan ýum­şak­lyk, nä­zik­lik bar­dy. Ge­pi­mi­ziň al­şan­dy­gy­ny gö­ren bi­ke­le­rim bi­zi bi­ma­za edip dur­man, beý­le­ki­ler bi­len bol­dular. Olar haý­sy­dyr bir köý­nek­lik ma­ta­nyň gür­rü­ňi­ni ed­ýär­di­ler. Biz Ma­ri bi­len py­şyr­da­şyp di­ýen ýa­ly gür­leş­ýär­dik. Biz bir ta­rap­dan gür­rü­ňi­mi­ziň eşi­dil­mez­li­gi­ni is­le­sek, beý­le­ki ta­rap­dan ola­ra päs­gel ber­me­jek bol­ýar­dyk.

   Ma­ňa Ma­ri­niň gül­kü­si diý­seň ýa­ra­ýar­dy, şo­nuň üçi­nem onuň keý­pi­ni gö­ter­mä­ge ça­lyş­ýar­dym. Ol her sa­par gü­len­de ýa­ňa­gy al-el­wan öw­süp, gyrmy­zy do­dak­la­ry ak diş­le­ri­ni has-da be­ze­ýär­di.

   Bu ge­zek Ma­ri ak gül­li, be­new­şe reňk­li köý­nek ge­ýip ge­len eken. Ly­bas onuň gel­şik­li­je egin­le­rini, al­tyn zyn­jyr da­ky­lan nä­zi­jek boý­nu­ny has-da owa­dan gör­kez­ýär­di.

   Sa­gat dört­ler­de bi­kä­miň gy­zy myh­man­la­ry­ny üs­ti dür­li-dü­men goý­lan sa­ça­ga, çaý ba­şy­na çagyr­dy. Biz sa­çak ba­şy­na geç­dik, men Ma­ri­niň ga­bat gar­şy­syn­da otur­ma­ly bol­dum. Biz bir sa­gatlap çaý­la­şyp otur­sa­gam, Ma­ri wag­ty­nyň kö­pü­si­ni gep­le­män ge­çir­di. Ol di­ňe so­ra­lan za­da ýyl­gy­ryp jo­gap ber­ýär­di. Gür­rü­ňe meçew ber­ýän gar­ry bi­käm bi­len Ma­ri­niň aga­sy­dy. Men ola­ry diň­le­mä­ge ça­lyş­sa­mam, sak­la­nyp bil­män wag­tal-wag­tal Ma­rä se­red­ýär­dim. Nä­me üçin­dir, olam ma­ňa og­ryn­ça ga­ra­ýar­dy, şon­da na­zar­la­rymyz bi­ri-bi­ri bi­len kak­ly­şyp, ýü­re­gi­miň gür­süldi­si güýç­le­ner­di, ýa­ňak­la­rym bol­sa lap-lap gyzar­dy. Men ýyl­gyr­ma­ga ça­lyş­ýar­dym. Ma­ri hem men­den gö­zü­ni aý­ra­nok­dy, onu­ňam ýa­ňak­la­ry gy­za­ryp durdy. Ar­man­ly ýe­ri, men su­rat­keş däl, ýog­sa onuň aja­ýyp je­ma­ly­ny, ja­dy­laý­jy göz­le­ri­ni bol­şy ýa­ly su­ra­ta ge­çi­rer­dim.

   Sa­gat bäş tö­we­re­gi, aga­sy­dyr gel­ne­je­si bilen Ma­ri öý­le­ri­ne gaýt­dy. Men bol­sa öz ota­gy­ma gal­dym. Bir­den süň­ňü­me üşüt­me ara la­şyp, erbet ýü­re­gim gys­dy. Men özü­mi gö­ýä tä­sin düýş gö­rüp, baş­ga bir dün­ýä­den yzy­ma do­la­nan ýa­ly duý­dum. Ýö­ne ota­gym­da yns-jyns ýok­dy, ýal­ňyz özüm­dim...

   Şeý­dip tu­kat­ly­ga özü­mi al­dy­ryp, bäş gü­nü­mi ge­çir­dim. Al­tyn­jy gün diý­len­de, bi­ze Ma­ri­niň gel­ne­je­si gel­di. Git­me­zin­den ozal, ol me­niň bike­le­ri­mi ag­şa­ma­ra myh­man­çy­ly­ga ça­gyr­dy. Olar bi­len me­ni­ňem gel­me­gi­mi ha­ýyş et­di. Men ça­kyly­gy hö­wes bi­len ka­bul et­dim. Ag­şam­lyk na­hardan soň, keý­pi­çag hal­da bi­ke­le­rim bi­len Ma­ri­le­re myh­man­çy­ly­ga ug­ra­dym.

   Ol gün ýa­gyş ýag­ýar­dy. Ba­ra­ny­myz­da Ma­rä gö­züm düş­me­di. Mu­ňa ga­ty gy­nan­dym. Ýa­gyş ýag­ýan­ly­gy se­bäp­li, mek­dep­de eg­le­nen­dir di­ýip pi­kir et­dim. Bag­ty­ma, gar­ry bi­käm ol hak­da so­raý­dy.

   Ma­ri­niň gel­ne­je­si onuň süýt sa­tyn al­ma­ga gi­dendi­gi­ni, ba­hym gel­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Bu söz­le­ri eşidip, zym uçan şat­ly­gym des­si­ne gaý­dyp gel­di. Biz otu­ryp-otur­man­kak, gül meň­zi­ni ýyl­gyr­dyp, Mari­de gel­di. Me­niň bi­len el­le­şip gö­rüş­di. Ol eli­mi gat-a gys­ma­dy, ýö­ne ju­da bir gow­şa­gam däl­di. Biz sa­çak ba­şy­na geç­dik. Çy­ra­nyň ýag­ty­sy onuň gö­ zel­li­gi­ne üýt­ge­şik öwüş­gin çaý­ýan ýa­ly­dy.

   Adat­ça bol­şy ýa­ly, aýal­la­ryň ag­zy dek du­ranok­dy. Aý­ra­ty­nam, gül­mä­ni ha­la­ýan Ma­ri­niň gel­ne­je­si ta­pa­wut­lan­ýar­dy. Ara­syn­da Ma­ri­niň özem gür­rü­ňe go­şul­ýar­dy. Şol ag­şam sa­çak ba­şyn­da he­ri­miz bir ýer­de otu­ran­dy­gy­my­za ga­ramaz­dan, wag­tal-wag­tal ýyl­gy­ryp, bi­ri-bi­ri­mi­ze se­red­ýär­dik. Ol men­den hy­taý­ly­la­ryň däp-dessur­la­ry ba­ra­da so­ra­ýar­dy. Me­nem öz ge­ze­gim­de ony gül­dür­mä­ge çal­şyp, bir zat­lar gür­rüň be­ren bol­ýar­dym.

   Gaý­dy­şyn gar­ry bi­kä­miň bar gür­rü­ňi Ma­ri hakyn­da bol­dy.  

   Şon­dan soň aga­syn­dan ki­tap al­mak üçin, men köp­lenç Ma­ri­le­re bar­ýar­dym. Ola­ra esa­san dynç gün­le­ri ýa-da ag­şam­la­ry­na gi­der­dim. Kä­te Ma­ri bi­len gör­şer­dim. Ýö­ne hä­zir bu ba­ra­da sözlemek is­lä­mok.

   Söý­gi — bu çalt ös­ýän gü­le ça­lym­daş bir zat.

   Dür­te­rip çy­kan ösünt­gi bas­gy­lan­ma­sa bo­la­ny, yzy­ňa ga­rap-ga­ra­man­kaň ýe­ti­şen­dir. Bi­ziň Ma­ri bi­len söý­gi gat­na­şyk­la­ry­my­zam şeý­le bol­dy: aý­gyt­ly pur­sat ga­ty ba­hym gel­di.

   Bir gün dynç gü­nü­niň ag­şa­my Ma­ri bi­len ki­noteatr­dan çyk­dyk. Bo­şap ga­lan kö­çe­ler­de adam-ga­ra ýok di­ýen ýa­ly­dy. Ýo­lu­myz me­niň ýa­şa­ýan öýü­miň üs­tün­den geç­ýär­di. Men oňa öýe so­wulma­gy tek­lip et­dim, ýö­ne Ma­ri wag­tyň giç­di­gini aý­dyp, bo­ýun tow­la­dy. On­soň men kö­çe­le­riň howp­suz däl­di­gi­ni, ony ug­rat­mak is­le­ýän­di­gi­mi aýt­dym. To­ma­şa eden ki­no­fil­mi­miz hak­da söh­bet edip, baý­ryň eň­ňi­din­den aşak inip ug­ra­dyk. Soň­ra onuň özi ha­kyn­da gür­rüň goz­gap, gel­jek­ki me­ýil­le­ri ba­ra­da so­ra­dym. Ma­ri­niň ka­ka­sy gy­zy­nyň Pa­ri­že gi­dip, teatr sun­ga­tyn­dan bi­lim al­ma­gy­ny is­le­ýär eken, ýö­ne gy­zyň düý­bün­den baş­ga arzu­wy bar­dy. Ol özü­ni hiç ki­miň söý­me­ýän­di­gi­ni, nä­me is­le­gi­niň bar­dy­gy bi­len hiç ki­miň gy­zyk­lanma­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, ýan­ýo­da­da­ky kaş­tan aga­jyna sö­ýen­di-de, ham­sy­gyp, ag­la­ma­ga dur­dy.

   Men ozal hiç wagt ze­nan maş­ga­la­nyň göz­ýaş ede­ni­ni gör­män­dim. Eger-de şeý­le ena­ýy­ja, mä­hir­li­je ze­nan maş­ga­la şu­lar ýa­ly ajy göz­ýaş dök­ýär diý­se­ler, teý, ynan­maz­dym. Ony kö­şeş­dirmä­ge ça­lyş­dym. Ýö­ne hiç bir zat kö­mek et­me­di.

   Tol­gu­nyp dur­şu­ma, ýu­waş­lyk bi­len: «Ma­ri, men se­ni söý­ýän! Sa­ňa bo­lan söý­gim me­ni dä­li­re­dip bar­ýar» di­ýip py­şyr­da­dym. Men aşyk­lyk der­di sebäp­li, ot bo­lup low­lap ýan­ýan göz­le­ri­mi on­dan aý­ryp bi­le­mok­dym. Ma­ri se­si­ni çy­kar­ma­dy, ýö­ne ýü­zi ýag­ty­lyp git­di. Onuň göz­le­ri söý­gi­mi köň­li bi­len ka­bul ed­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­dy. Onu­ňam me­ni söý­ýän­di­gi­ni bi­lip, hy­juw­lam gur­sa­gy­ma syg­man ug­ra­dy. Men ga­nat bag­lap, as­man­da uçup ýö­re­ne dön­düm. Äh­li za­dy ýat­dan çy­kar­dym.

   Men ony öý­le­ri­ne çen­li ug­rat­dym. Gaý­dy­şyn keý­pim kök­di. Göw­nü­me bol­ma­sa, dün­ýä­de menden bagt­ly adam ýok ýa­ly­dy. Adam-ga­ra­syz kö­çeden ýe­ke özüm bar­ýan bol­sa­mam, özü­mi ýal­ňyz du­ýa­mok­dym. Öňüm­den çy­kan äh­li zat ma­ňa ýylgy­ryp bak­ýan ýa­ly­dy.

   Şeý­dip, biz aşyk-mag­şuk­la­ra öw­rül­dik ötä­ git­dik. Biz gü­na­şa­dan di­ýen ýa­ly du­şuş­ýar­dyk. 

   Gö­rüş­mek üçin özü­mi­ze amat­ly­ja ýe­ri saý­lap al­ardyk. Se­ýil­ba­gy­nyň ço­la­ja kün­je­gin­dä­ki daş seki­de gür­le­şip­jik otu­rar­dyk. Bi­ziň gür­rüň­le­ri­miz gel­je­gi­miz ba­ra­da­dy: il­ki bi­len, Ma­ri­niň aga­sy bilen gel­ne­je­si­ni ha­bar­ly et­mek, soň­ra ka­ka­sy bi­len dü­şü­niş­mek, on­dan to­ýu­my­za ra­zy­lyk al­mak, toýy nä­hi­li edip ge­çir­mek, Hy­ta­ýa git­mek hem-de Si­hu kö­lü­niň bo­ýun­da öý gur­nup ýa­şa­mak hak­dady. Gün­ler gö­ýä düýş ýa­ly geç­ýär­di.

   Ýö­ne go­wy düýş­ler uzak do­wam et­me­ýär eken.

   Ýaz­gyt­dan ga­çyp gu­tul­ma ýok. Ma­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry­my­zyň bi­rin­de ony bir za­dyň bi­yn­ja­lyk ed­ýän­di­gi­ni aň­dym. Ol me­niň so­wal­la­ry­ma: «Bar zat go­wy» di­ýip jo­gap ber­ýär­di. Ol bu söz­le­ri ýyl­gy-ryp aýd­ýar­dy. Onuň ýyl­gy­ryş­la­ry­nyň ýa­sa­ma­dygy­ny ýü­re­gim bi­len syz­sam-da, se­bä­bi­ne dü­şünme­ýär­dim. Söz­le­rin­de gus­sa­nyň ala­ma­ty bar­dy, göz­le­rin­de ýaş gö­rün­di. Ol bir zat­lar sa­myr­da­dy, ýö­ne dü­şün­me­dim. Gö­räý­mä­ge, onuň göw­ni bir zat­dan yn­jan ýa­ly­dy. Ma­ri men­den özü­ne pe­na göz­le­ýä­ne meň­ze­ýär­di. «Bar zat go­wy» di­ýip nygtap dur­ma­sy­na se­ret­mez­den, men ýa­kym­syz bir za­dyň ýa­kyn­laş­ýan­dy­gy­ny duý­ýar­dym.

   Dog­ru­da­nam, şol gü­nüň er­te­si en­di­ge öw­rü­len du­şu­şyk ýe­ri­miz­den söý­gü­li­mi tap­ma­dym. Gi­jäň ýa­ry­na çen­li ga­raş­dym. «Bir iş bi­len eg­le­nen­dir» di­ýip pi­kir et­dim. Ýö­ne üçü­len­ji gü­nem ga­raş­ mak­dan ne­ti­je bol­ma­dy. Şo­nuň üçi­nem in­di onuň hiç wagt gel­me­jek­di­gi­ne dü­şün­dim. La­py­keç bolup, öýe do­lan­dym. Men nä­me et­je­gi­mi bil­me­ýär­dim. Ýü­re­gim bir aşak düş­se, bir-de ag­zym­dan çy­kaý­jak bol­ýar­dy, kä­te bol­sa, gur­sa­gym­da tow­lan­ýar­dy. Men er­te­si ir­den sa­gat on tö­we­rek­le­ri oýan­dym. El-ýü­zü­mi ýu­wup, aşak düş­düm. Aş­ha­na­da ýaş bi­kä­me sataş­dym. Ol ma­ňa ag­şam sa­gat do­ku­zyň ýa­ryn­da Ma­ri­niň hoş­laş­ma­ga ge­len­di­gi­ni, me­niň bi­len gör­şüp bil­mä­ni üçin sa­lam aý­dyp, ötünç so­rap gi­den­di­gi­ni aýt­dy. Men tis­gi­nip git­dim. «O nä­ hi­li? Ol bir ýe­rik gid­ýär­mi? Ni­rä?» di­ýen so­waly­ma, ki­çi bi­käm gys­san­man, ba­ry­ny bol­şy ýa­ly gür­rüň ber­di. Düýn ir­den Ma­ri­niň ka­ka­sy Pa­riž­dä­ki teatr sunga­ty mek­de­bin­de okat­mak üçin gy­zy­ny äkit­mä­ge ge­lip­dir. As­lyn­da, Ma­ri bu zat­la­ra düý­bün­den gar­şy bo­lup, her ha­tyn­da ka­ka­sy­na öw­rän-öw­rän ýa­zyp­dyr. Ýö­ne yzyn­dan ka­ka­sy­nyň hut özi gelen­soň, gör­gü­li­ji­gi­miň ra­zy­laş­mak­dan baş­ga ala­jy gal­man­dyr. Ol ka­ka­sy bi­len Pa­ri­že ug ra­ýan ot­la, edil me­niň ir­den uku­dan oýa­nan uçur­lam mü­nen eken. Aýt­sa­ňyz­laň, ýa­şa­jyk gyz nä­dip ka­ka­sy­nyň gar­şy­sy­na git­sin?! Ki­çi bi­käm bu­la­ry aý­dyp be­ren ma­ha­ly, göz­le­ri­ne ýaş aý­lan­dy. Men aý­da­ra söz tap­ma­dym. Öz bol­ýan ýe­ri­me bar­dym-da, dün­ýä­ni unu­dyp, özü­mi göw­nü­çök­gün­li­ge ber­dim. Men ýal­ňyz­ly­gyň eji­ri­ni çek­ýär­dim. Ýa­şaý­şyň gy­zy­gy ga­çyp­dy. Soň­ra men ge­çen gün­le­ri­mi, Ma­ri bi­len bo­lan du­şu­şyk­la­ry­my ýat­la­dym. Me­ni yn­jyt­ma­jak bo­lup, git­mez­den öň wa­da­la­şan ýe­ri­mi­ze gel­män, hoş­laş­ma­ga ýö­ri­te öýe ge­len­di­gi­ne in­di dü­şündim. Diý­mek, Ma­ri­niň söý­gü­si öç­män­dir, ol men hak­da ala­da­la­nan bol­ma­ly. Hä­zir ol ga­ty uzak­da, özi hak­da hiç hi­li yz goý­man, meniň dur­mu­şym­dan ýi­ti­rim bol­dy.

   Bi­ziň il­kin­ji du­şu­şy­gy­myz­dan bä­ri dört aýam geç­män­di. Men öň­räk oňa: «Ma­ri, men se­ni söý­ýän! Sa­ňa bo­lan söý­gim me­ni dä­li­re­dip bar­ýar» di­ýip­dim. Men, ha­ky­katda­nam, akyl-hu­şu­my ýi­ti­rip­dim. Bir hep­dä­niň do­wa­myn­da özü­me nä­me bol­ýan­dy­gy na dü­şünme­dim. Se­kiz­len­ji gün bu ur­ga döz ge­lip bil­män ha­lys tap­dan düş­düm. Göw­nü­çök­gün­lik de­pämden ba­syp­dy. Bar zat­dan hö­we­sim ga­çyp, öm­rüm bi­ma­ny gö­rün­ýär­di. Di­ňe güýz pas­ly ge­len­de birne­me ga­ny­mat­laş­dym. Men taryhy ýa dy­gär­lik­le­ri syn­la­mak üçin Ri­me git­me­li, soň­ra-da Şweý­sa­ri­ýa­nyň gö­zel ýer­le­ri­ni görmeli di­ýen ka­ra­ra geldim. Men Şan­ha­ýa ge­çen to­mus gaý­dyp gel­dim.

   Ge­len des­si­me-de, ýo­ka­ry okuw jaý­la­ry­nyň bi­riniň rek­to­ry, ýeg­re dos­tum Wan me­ni uni­wer­si­tete — ta­lyp­la­ra sa­pak ber­mä­ge ça­gyr­dy. Hä­zi­rem şol ýer­de iş­le­ýän…

   Ýu­an Žun­şen gür­rü­ňi­ni soň­la­dy-da, ulu­dandem alyp, özü­ni dür­se­di. Soň­ra bu gür­rüň­ler bar ys­gyn-my­da­ry­ny alan dek, go­wuş­gyn­syz hal­da özü­ni kür­sä goý­ber­di. Ýe­ne-de bir ýo­la ulu­dan demi­ni alyp, söz­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­di:

— Ma­ri ha­kyn­da aýt­sam… Şon­dan soň bi­ze gö­rüş­mek mi­ýes­ser et­me­di.

   Hem­me­ler dym­dy. Ha­wa, söý­gi ada­my­ny ag­lady­bam bil­ýär, gül­dü­ri­bem. Hem­me­le­riň ta­na­ýan Ýu­an Žun­şe­ni şu­lar ýa­ly aja­ýyp söý­gi­ni baş­dan ge­çi­rip­dir diý­se­ler, kim yna­nar.

   Uza­ga çe­ken dy­myş­ly­gy Çen Ýan­hua boz­dy:

— Je­nap Ýu­an, bi­ziň bi­len bo­lup geç­ýän äh­li zat­lar yk­ba­lyň öňün­den kes­git­läp go­ýan ýaz­gy­dydyr. Şo­nuň üçi­nem ge­çen zat­lar üçin has­rat çe­kip otu­ra­sy iş ýok. Si­ziň «Her iş bol­sun — bäh­bit­li­si bol­sun» diý­len na­kyl­dan ha­ba­ry­ňyz bar­dyr-a?..

   Äh­ti­mal, kys­mat si­zi gel­jek­de bagt­ly et­jek­dir. 


Hy­taý di­lin­den ter­ji­me eden

Mäh­ri­ban GE­LE­NO­WA

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir