Hindistan her ýyldaky surata
düşürýän filmleriniň sany
boýunça dünýäde iň öňdäki
orunlarda. Ýurduň çäginde dürli
dillerde filmleri surata düşürýän birnäçe
kinostudiýalar hereket edýär. Şolaryň iň
esasylarynyň biri hem «Bolliwuddyr».
Aslynda hindi kino sungatynyň
taryhy 1899-njy ýylda «Bolliwud»
kinostudiýasynyň işe girişmeginden
başlanýar. Bombeý şäherinden
başlanan iş belli bir döwürde diňe
öz içinde tanalmak bilen çäklenipdir.
Bolliwudyň taryhynda Kapurlaryň
eýeleýän orny örän uly. Hindi filmleriniň
atasy hasaplanýan Raj Kapuryň dürli
keşpleri janlandyryp başlamagy bilen
«Bolliwud» kinostudiýasyny dünýä
tanaýar.
Raj Kapur 1924-nji ýylyň 14-nji
dekabrynda Deli şäherinde dünýä
inýär. Kakasy Prithwiraj Kapur belli teatr
işgäri, doganlary hem hindi filmleriniň
ýyldyzlary. Sungat hyzmatyndaky
maşgalada kemala gelen Raj Kapur
zehinli artist bolup ýetişýär. 1947-nji
ýylda gujurly ýaş artist üçin ykbal
özgerdiji sene bolýar. Ol arzuwlan käri
kinorežissýorçylyk dünýäsine ilkinji
ädimini ädýär. Ol heniz 23 ýaşyndaka
film surata düşürmäge başlaýar.
Döreden filmleriň şowly çykmalary
1948-nji ýylda onuň ady bilen baglap,
«R.K. Films» studiýasy açylýar, şol
ýyldan başlap, öz döreden filmlerinde
özi baş keşpleri janlandyrýar.
Raj Kapur 1946-njy ýylda daşgynrak
garyndaşy Krişna Kapur bilen
durmuş gurýar. Olaryň üç ogly, iki
gyzy bar. Onuň ilkinji ýerine ýetiren
filmi «Ýagmyrly möwsüm» (1948
ý). Raj Kapuryň iň köp bile surata
düşen aktrisasy Nargiz Dat. Raj diňe
bir filmde baş keşp janlandyrman,
eýsem filmiň öndürjiligini, sazçylygyny,
awtorçylygyny, režissýorçylygyny hem
ýerine ýetirýär. Sungata berlen adam
öz döwrüniň iň ýaş zehinli we şöhratly
artisti bolup ýetişýär. Onuň baş keşpde
janlandyran filmleri 41 sanydyr, surata
düşüren filmleri bolsa, takmynan
78-e barabardyr. Döwrüniň iň meşhur
filmleriniň biri-de «Sergezdan» (1951
ý) filmi bolup, ol örän geçüwli filmleriň
biri bolup, öz döwründe başga ýurtlarda
hem terjime edilip, oňa 63,7 million
adam tomaşa edipdir.
Zehinli sungat ussady, teatr we
kino artisti, kinorežissýor, dramaturg,
SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň Döwlet baýraklarynyň eýesi Alty
Garlyýew 1955-nji ýyllarda Hindistana
syýahat bilen baran mahaly Raj
Kapur bilen duşuşýar. Ol ýerde ony
myhmansöýerligiň nyşany bolan
gülli halkany boýnundan asyp, garşy
alypdyrlar. Sungat dünýäsine bagyş
edilen ýürekler ussat režissýorlary
baglaýar.
Türkmenistanyň hindi film söýüjileri
Raj Kapuryň ogullary Rişi, Randhir,
Radjif we gyz agtyklary Karina, Karişma,
ogul agtygy, Ranbir Kapurlary tanaýan
bolsalar gerek. Olar hem dünýä belli
sungat ýyldyzlarydyr.
Olaryň filmleri, esasan, durmuş,
maşgala, ogul bilen atanyň mysalynda, nesilleriň gatnaşygy, azat söýgi baradadyr.
Raj Kapur 1959, 1960, 1964, 1970,
1982, 1985-nji ýyllarda «Filmfare
Awards» baýragynyň, 1955, 1960, 1964, 1967, 1971-nji ýyllarda iň zehinli artist baýragynyň, 1971, 1987-nji
ýyllarda hökümet tarapyndan hormat
hatlaryň, medallaryň, 1957-nji ýylyň
döwlet festiwalynda bolsa, halkara
«Hrustal Globusunyň» eýesi bolýar.
Raj Kapur ömrüniň ahyryna çenli
sungat bilen meşgullanypdyr. Onuň
ýazyp giden birnäçe filmleri barada
ýörite agzap geçmezlik mümkin däl.
Hindi ilinde onuň eserleri, goşgulary
ýygnalyp, köpçülikleýin çap edildi. Oňa bagyşlanan köpsanly ýygyndylar neşir
edilýär.
Häzirki wagtda Raj Kapuryň ýazan
birnäçe ýazgylaryny, filmlerini, sazlaryny
indi onuň agtyklary durmuşa geçirýär.
Dünýä halklarynyň ýüreginde öçmejek
yz goýan Raj Kapuryň maşgalasynda
kino sungatyny nesilden-nesle geçirip,
dowam etdirmek däbe öwrülendir.


Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».
Çeşme: http://alem.su

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir