“Hindi kinosynyň atasy”, režissýor, kinoartist Raj Kapur 1924-nji ýylda Peşawarda (häzirki Päkistan) teatr we kino sungatynda tanalýan Prithiwiraja Kapuryň maşgalasynda dünýä inýär. Raj Kapur entek 11 ýaşyndaka “Rewolýusiýa” atly filmde özüniň ilkinji keşbini ýerine ýetirýär. 1947-nji ýyldan başlap, ol iri çeper filmlerde surata düşüp başlaýar. Ol eýýäm 1948-nji ýylda özüniň “Raj Kapur Film” studiýasynyň düýbüni tutýar. Raj Kapur “Ýagyşlaryň möwsümi” atly çeper filmde hindi kino sungatynda meşhur zenan Nargis bilen ilkinji gezek surata düşýär. Bu iki zehinli artistiň bilelikdäki döredijiligi hindi kino sungatynda birnäçe özboluşly çeper filmleriň döremegine getirýär. Bu iki jübüt çeper filmlerde gyzgyn söýginiň dabaralanyşyny wasp edip, kino muşdaklarynyň ýürekleriniň töründe baky orun almagy başardylar.

1951-nji ýylda surata düşürilen “Sergezdan” atly çeper film bolsa Raj Kapura uly meşhurlyk getirýär. Bu film bilen birlikde “Jenap 420” atly çeper film 1953-nji ýylda Fransiýanyň Kann şäherinde geçirilýän Halkara kinofestiwalyna gatnaşdyrylýar.

Raj Kapura ýönelige “Hindistanyň Çarli Çaplini” diýilmeýär. Ol 1970-nji ýylda önümçilige goýberilen “Meniň adym masgarabaz” atly filmde eli nikaply şadyýan hem gamgyn masagarabazyň keşbinde “Çarli Çapliniň hindi nusgasyny” döretmegi başardy. Dünýäniň tomaşaçylaryny özüne bendi eden bu çeper filmiň düşürilişi tegelek alty ýyla çekipdir.

Üç dostuň arasyndaky maşgala gatnaşyklary barada düşürilen meşhur “Sangam” atly çeper filmi bolsa ol 40 ýaşyndaka surata düşürýär.

Ýazyjy dosty Hoja Ahmet Abbasyň ýazan eseri esasynda 1970-nji ýylda surata düşürilen “Bobbi” atly çeper filmi Raj Kapura ýene-de nobatdaky üstünlikleri getirýär. Dinleriň, kastalaryň arasyndaky gapma-garşylyklary ýazgarýan bu film hindi kino muşdaklary tarapyndan has gyzgyn garşylanýar. 1985-nji ýyllarda Raj Kapuryň režissýorlyk etmeginde “R. К. Films” studiýasy “Ganga seniň suwuň bulandy” atly çeper filmi öz tomaşaçylaryna hödürleýär. Ganga atly oba gyzynyň durmuşyndan söhbet açýan bu filmde ahlak temasy ör boýuna galýar.

Sungatyň sahnasynda doglan ussat kino we teatr artisti Raj Kapur 1988-nji ýylyň 2-nji iýunynda agyr dem gysma zerarly baýrak gowşurylyş dabarasynda sahnada aradan çykýar.

Kapurlaryň sungat maşgalasy

Raj Kapuryň doganlary, şeýle hem onuň ogullary Randhir, Rişi, Rajiw Şaşi we Şammi Kapurlar hem Hindistanyň kino sungatynda özboluşly yz goýan artistler hasaplanylýar. Olaryň arasynda iň köp keşpleri döreden artist bolsa Rişi Kapurdyr. Häzirkizaman hindi kinosynyň tanymal artistleri Karişma we Karina hem Randhir Kapuryň gyzlarydyr. 2008-nji ýyldan başlap bolsa, hindi kino sungatynda Rişi Kapuryň ogly Ranbir Kapur peýda boldy. Ata-babalarynyň ýollaryny üznüksiz dowam etdirýän Karişmanyň, Karinanyň we Ranbiriň kino äleminde döreden keşpleri onlarçadyr. Olar eýýäm Bolliwudyň super ýyldyzlary bolmagy başardylar. Raj Kapuryň ýene-de bir agtygy Arman Jaýn bolsa ýaňy-ýakynda kino sungatynda ilkinji ädimleri bilen çykyp başlady.

Raj Kapuryň ýerine ýetiren meşhur aýdymlaryndan

“Mera juta hai japani”

Mera juta hai japani yeh patlun engliştani
Sar pe laal topi rusi phir bhi dil hai Hindustani
Mera juta…
Nikal pade hai khulli sadak par apna sina taane
Manzil kahan, kahan rukna hai, uparwala jaane
Badte jaayen hum sailani, jaise ek dariya tufani

Sar pe laal topi rusi phir bhi dil hai Hindustani
Mera juta…
Upar-neeçe neeçe-upar leher çale jiwan ki
Nadaan hai jo baith kinare, puçe raah watan ki
Çalna jiwan ki kahaani, rukna maut ki nişaani
Sar pe laal topi rusi phir bhi dil hai Hindustani
Mera juta…

Honge raaje rajkanwar hum bigde dil şehzade
Hum singhasan par ja baithen jab jab karen iraade
Surat hai jaani pehçani duniya walon ko haýrani
Sar pe laal topi rusi phir bhi dil hai Hindustani

Rusça terjimesi:

Мои ботинки японские, штаны английские,
На голове красная русская шляпа, но мое сердце индийское.

Я иду по открытой дороге бесстрашно (распрямив грудь).
Где моя цель (место назначения)?
Где мне остановиться?

Один Бог (тот, кто наверху) знает.
Наступаем (идем вперед) мы странники (туристы),
Как морской шторм.

Припев

Вверх и вниз, вниз и вверх,
Текут волны жизни.
Глупы (несведущи) те, кто сидит скраю.
Разве мы спросим (у них) про путь нашей Родины?
Идти – это история жизни,
Стоять – подобно смерти.

Припев

Я буду раджой и царевичем,
Принцем избалованным (испорченным).
Я сижу на троне
Когда только захочу.
«Его лицо знакомо»
Люди (говорят) в удивлении.

Terjime eden Baýramgeldi Çaryýew

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir