Dünýäniň iň ýörgünli sporty bolan futbol,özüniň ilkinji ýyllarynda "jentilmenleriň"sportudy.Şol sebäplem duşuşyklarda şu günlerdäki ýaly gödeklikler bolmazdy.Ýöne futbolyň bütin dünýä ýaýramagy we basdaşlygyň artmagy bilen duşuşyklarda gödekliklere ýol berilip başlandy.1881-1882-nji ýylda irlandiýaly derwezeçi William Mak-Krumyň maslahaty bilen futbol federasiýasy jerime meýdançasynyň içinde oýnuň düzgünini bozmagyň 11 metrlik jerime urgusy-"penalti" bilen jezalandyrmagy kadalaşdyrdy.Şol eagt futbola ýene bir täzelik girizildi:Mundan soň duşuşyklara biriniň eminlik etmegidir.Şol wagta çenli duşuşygyň dowamynda ýüze çykýan meseleler iki toparyň kapitanlarynyň maslahaty esasynda çözülýärdi.Ilkinji 11 metrlik jerime urgusy 1891-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-üne Irlandiýanyň ligasynda ýerine ýetirildi.Şol ýyllar bu täsirli urgy "ölüm urgusy" ("the kick of death") diýilip atlandyrylýardy.
11 metrlik jerime urgulary duşuşyk deňlik bilen tamamlanandan soň ilkinji gezek 1970-nji ýylda FA Kubogynyň finalynda ("Hull Siti"-"Man. Ýun.") ýerine ýetirildi.Şonda Jorj Best (MÝ) şol urgyny şeýle ýagdaýda ýerine ýetiren ilkinji oýunçy bolan bolsa,topardaşy Dennis Law ilkinji gezek 11 metrlik urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Sport, Waharman tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir