Som balyklary köplenç derýalarda we derýalaryň gözbaşlarynda işbillerden çykýar.Soňra olar gidip ummanlarda ýaşaýarlar. Uzynlygy 130 santimetre we agramy 30 kilograma çenli baryp ýetýän som balyklary birnäçe ýyldan soň ,tohum taşlama wagtlary gelende ähli päsgelçiliklere döz gelip,takmynan 1500 km ýol söküp,şol özleriniň işbilden çykan ýerlerine gelýärler.Hatda olaryň bir bölegi ýolda gelýärkä ýadawlykdan ýaňa ölüp galýar.
* * *
Fransuz bilim adamy Manriji Draç öz "paritenin( jübüt ýaradylmak)" diýen açyşy üçin Nobel baýragyny aldy.Kuranyň Ýasin süresiniň 36-njy aýatynda bolsa,ol açyş 14 asyr öň ,özi-de diýseň aýdyň beýan edilipdir:"Ýeriň ösümliklerinden başlap,tä siziň nebsiňize (görýän,bilýän,we isleýän zatlaryňyza) çenli we başga-da siziň bilmeýän birgiden zatlarňyzyň-da ählisiniň jübütlerini Allah ýaradandyr".
* * *
Balykgulaklaryň gabygynyň daşyndaky burum-burum bolup duran çyzyklar geçiniň şahyndaky we kesilen agajyň kesigindäki burumlar dek onuň ýaşyny kesgitleýär.Hatda häzire çenli 150 ýaşan balykgulaklaryň bardygyny hem anyklapdyrlar.
* * *
10-njy asyrda Bagdat halyfatynyň köşgünde düşelen halylaryň sany 22 müňe ýetipdir.Diwardan asylyp goýlan halylaryň sany bolsa 38 müň bolup,olaryň 12,5 müňi ýüpekden dokalypdyr.
* * *
Bir stakan alkogolly içgi beýnimiziň 1000-2000 sany akyl öýjügini çüýredýär (öldürýär).Ölen akyl öýjükleri bolsa gaýtadan döremeýär.
* * *
Adamyň aşgazany örän täsindir.Muny dünýäde aşgazan bilen baglanşykly bolýan geň-enaýy wakalar hem subut edýär.1927-nji ýylda Kanadanyň Ontario keselhanasynda şeýle hadysa bolup geçdi.Ýagny çala däli hasaplanýan bir aýalyň garny operasiýa edilende onuň garnyndan 2533 sany gaty jisim çykarylypdyr.Şolaryň 947-si egri çüýler ekeni.
* * *
Anyklamalara görä,häzirki wagtda ummanlardan 60 million tonnadan gowrak iýmit alynýar.Alymlar ummanlardan alynýan iýmit zapasyny 2 milliard tonna ýetirip boljakdygyny aýdýarlar.
* * *
Täze doglan bäbegiň 6 aýlap düzüminde demir bar bolan witaminli tagamlary iýip bilmejekdigi üçin onuň organizmine gerek bolan 6 aýlyk demir zapasy öňünden berilipdir.6 aýdan soň çaga çorba we şuňa meňzeş naharlar bilen demir ätiýajynyň üstüni ýetirýär.

Bilim, Waharman tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir