─ ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherindäki Kongressiň Kitaphanasy dünýäde iň uly kitaphana hasaplanýar. Kitaphananyň kitaplaryna diňe bir ýüzleý göz gezdirmek üçin size, takmynan 137 ýyl gerek bolar.
─ Google-yň berýän maglumatlaryna görä, dünýä kitaphanalarynda 130 mln-a golaý, has takygy 129 864 880 sany kitap saklanýar.
─ Kitap okamak göwnüçökgünlikden gutulmagyň ygtybarly çeşmesidir. Şeýle netijä britaniýaly alymlar gelýär. Sasseks uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, göwnüçökgünligiň derejesini peseldýän serişdeleriň iň gowy usuly kitap okamak ¬ 68%, saz diňlemek – 61%, bir bulgur çaý ýa-da kofe – 54%, gezelenç etmek – 42%.
─ Leonardo da Winçiniň “Lester kodeksi” kitaby dünýäde iň gymmat kitap hasaplanýar. Bu kitaby Bill Geýts 24 million dollara satyn alýar.

Täzelikler, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir