Uçup barýan durnalar barada birnäçe goşgyny okan bolsaňyz gerek. Hatar gurap barýan göçegçi guşlar gadym eýýamlardan bäri köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Adatça guşlar güýzüne günorta, ýazyna günbatara, baýyrlyklaryň üsti bilen belent daglara ýa-da materigiň jümmüşinden deňiz ýakalaryna göçýärler. Ýaşaýan ýerini täzeleýän guşlaryň dürli görnüşi bolup, olaryň köpüsi hemişe ýyly ýerde ýaşaýandygy sebäpli, gyş paslynyň gelmegi bilen başga sebite göçüp gidýär. Sebäbi guşlaryň aglabasy mör-möjekler ýa-da kiçijik gemirijiler bilen iýmitlenýärler. Gyşyna bolsa, bu jandarlary tapmak aňsat bolmaýar. Guşlaryň özleriniň uzak ýola rowana bolmagynyň wagtynyň gelendigini nädip bilýändigi bilen hem alymlar gyzyklanypdyr. Olar her ýyl şol birwagtda göç edýärler. Eýsem guşlar özleriniň uzak ýola ugramaly pursatlarynyň gelendigini nädip bilýärlerkä? Alymlar olaryň göçmeli wagtynyň gelendigini günüň uzaklygynyň üýtgändigi arkaly bilýändiklerini çaklaýarlar.

Guşlaryň göçmeginiň olaryň tomus paslynda köpelýändigi bilenem baglydygy aýdylýar. Şonda olar demirgazyga uçmagyň wagty gelendigini aňýarlar. Şeýlelikde, günüň dowamlylygynyň üýtgemegi we iýmit ýetmezçiligi guşlara has ýyly ýerlere göçmäge wagtyň bolandygyny duýdurýar.

Her ýylda dünýäde 50 milliard guşuň göçýändigi çaklanylýar. Olaryň 5 milliardy Ýewropa bilen Afrikanyň aralygynda gatnaýarlar. Olaryň arasynda kiçijek kolibri guşlar hem, äpet bürgütler hem bar. Guşlar adatça her ýylda iki gezek Demirgazyk we Günorta ýarymşaryň aralygynda göçýärler. Gyş paslynyň golaýlamagy bilen iýmit tapmak kynlaşyp başlansoň, Demirgazyk ýarymşardan Günorta ýarymşara tarap göçýärler. Bu döwürde Günorta ýarymşar olaryň gyşlamalary we iýmit tapmaklary üçin oňyn şert döredýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen olar yzyna gaýdýar. Olar ýaz, tomus we güýz pasyllaryny bu ýerde geçirýärler. Diňe gyş paslynda tropiki ýerlerde ýaşaýarlar.
Garlawajyň bir görnüşi her ýyl ýaz paslynda Braziliýadan we Argentinadan Labradora we Alýaska tarap ýola çykyp, 4350 kilometr uçýarlar. Demirgazyk Amerikanyň tokaýlarynda ýaşaýan bilbiller her ýylyň güýz paslynda gyşlamak üçin Atlantika ummanynyň ýakasyna we Günorta Amerika göçýärler. Olaryň agramy bary-ýogy 9-10 gram bolýar. Olar sagatda bir gezek düşleýärler we bu wagtyň dowamynda 1500 kilometr ýol geçýärler. Guşlaryň aglabasy gelen ýoly bilenyzyna gaýdýar.

Kiçi guşlar uzak ýola çykmazdan ozal, has köp iýmitlenip, bedenlerinde köp mukdarda ýag ýygnaýarlar. Ýyrtyjy guşlar, leglekler, durnalar we gotanlar Günüň topragy we howany gyzdyrmagy netijesinde ýokary galýan yssy howa akymyndan peýdalanýarlar. Şeýlelikde, olar has az güýç sarp edýär. Guşlaryň käbir görnüşi gündizine, käsi gijesine göçýär.

By: Arslan Alaýew

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir