ÝAŞARDYM HUT DIRI ÝALY

Gursagma sygmady ýürek,
Zyñaslarym geldi sogrup.
Başarmandyr ejem meni,
Dogranda ýüreksiz dogrup.

Eger şeýdip dogran bolsa,
Ýürekden ýanmazdy janym.
Duşmanyma dost bolmazdym,
Bolardym zalyma zalym.

Gaýgy bilen gaýnatmazdym,
Durmuşyñ gamly gazanyn.
Ýa,ejirin çekermidim!?
Özge bihaýa a:zanyñ.

Menem başda doglan bolsam,
Edil köpleñ biri ýaly,
Günde müñ gez ölüp ýörmän,
Ýaşardym hut diri ýaly.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir