Ependi we dähri

Teýmirleň Akşäherde bolanda, şähere bir dähri gelipdir. Ol:
– Meniň birnäçe soragym bar. Welaýatyňyzda güýçli alymlaryňyz bolsa, ýygna-
nyşsaňyz, bäsleşip görsek – diýipdir. Teýmirleň şäheriň tanymal alymlaryny ýygnap:
– Bize köpbilmiş alym gelipdir. Tebigat we hasap ugurlary boýunça siziň bilen
ýaryşmak isleýär. Ol gezende alym, bütin ýer ýüzüne gezelenje çykypdyr. Eger siz
onuň bilen bäsleşip biljek ähli ylymdan başy çykýan bir adam tapaýmasaňyz, ol bizi
uly ile masgara eder – diýipdir.
Şäheriň ýaşululary maslahat edipdirler. Olar özlerinde okuwly alymyň ýokdugyny
tas boýun alan ekenler. Ýene-de:
– Ýok, bu bolup biljek zat däl. Hökman bir çykalga tapmak gerek – diýen netijä
gelipdirler. Emma muňa hem örän köp wagt gerek, onsoňam alym tapaýsagam,
jemagatyň öňünde öz abraýymyz döküler – diýipdirler.
Ahyrda «„Däliden dogry habar», geliň, öz alymymyz Ependiniň pikirini soralyň.
Belki, şol bir maslahat tapyp, bu diledüşmez gelmişekden üstün çykar» diýen masla-
hata gelipdirler. Bu teklibi ähli kişi goldapdyr. Olar Ependini çagyryp, ýagdaýy dü-
şündiripdirler. Ependi:
– Bolubilýär, çagyryň ony. Eger men onuň sowallaryny çöp döwen ýaly edip, ho-
wuny basaýsam-a, oňa ýetesi zat ýok. Eger, başarman ýöwselläbersem, «Bu bir entäp
ýören diwana, mejlise-de özi gelip giräýipdir» diýip, meni turzup goýbererseňiz-de,
başga bir alymy getirersiňiz – diýipdir. Birden oňuna bolup, ýeňäýsem, onda
sylagymy ýetirersiňiz. Patyşanyň serpaýy muňa girmeýär – diýipdir.
Ýaşulular:
– Onuň gürrüňini etme. Şu beladan sypdyrsaň bolýar, serpaýyň bireýýäm taýyn
edilip goýuldy – diýipdirler.
Bellenen güni şäheriň uly meýdanynda çadyrlar gurlupdyr. Teýmirleň hem özüniň
altyn-zer çaýylan geýminde, wezir-wekilleri we hyzmatkärleri bilen gelip oturypdyr.
Şundan soň gezende alym hem gelip, Teýmirleňe tagzym edip, şanyň ýanynda otu-
rypdyr. Her kim ýerli-ýerine geçensoň, Ependä garaşypdyrlar. Ahyrda başy äpet sel-
leli Ependi hem gelipdir. Onuň egninde holparyp duran çäkmeni hem bar eken.
Yzynda bolsa Imat hebeşi bilen talyplary bar eken. Ependini patyşanyň sag tarapynda
oturdypdyrlar. Bäsdeşler şerbet içip, demlerini dürsäpdirler. Soňra ol gezende orta
çykypdyr-da, ulumsylyk bilen tegelek çyzyk çyzypdyr-da, Ependiden jogap talap
edip, onuň ýüzüne seredipdir. Ependi hem ýerinden turupdyr-da, dähriniň çyzan
çyzygynyň ortasyndan dogry çyzyk çekip, tegelegi deň ikä bölüpdir-de, dähriniň
ýüzüne çiňňerilipdir. Soňra bolsa, beýleligine-de bir çyzyk geçirip, tegelegi dörde
bölüpdir. «Üç bölegi meniňki» diýýän ýaly edip taýagy üç gezek özüne tarap
galgadypdyr. Galan bir böleginiň üstüne bolsa taýagyny dürtüp, gezendä tarap
itiberýän ýaly edipdir-de, onuň ýüzüne çiňňerilipdir.
Gezende Ependiniň bu meseläni çözüşinden kem tapman, yşarat bilen özüniň ra-
zylygyny duýdurypdyr.
Şondan soň syýahatçy barmaklaryny dürterip çykan çigillem ýaly edip,
çugdamlap, iki elini biri-birine golaýlaşdyrypdyr. Soňra bolsa barmaklaryny birnäçe
gezek ýokary galdyrypdyr. Emma munuň tersine, Ependi eliniň aýalaryny aşak tutup,
barmaklaryny sallapdyr. Dähri ýene ylalaşypdyr. Iň ahyrda gezende barmaklary bilen
haýwan ýörişini şekillendirip, garnynyň üstünden ýöredipdir. Ependi bolsa, jübüsin-
den ýumurtga çykarypdyr. Ony görkezip howada galgadypdyr-da, uçmak alamatyny
edipdir.
Gezende baş atyp, bu jogaby-da makullapdyr. Ol ýerinden turup, Ependä hormat
bilen tagzym edipdir. Onuň elinden öpüpdir. Patyşany hem onuň derejeli adamlaryny
bu şäherde «zamananyň tanymal adamsynyň» ýaşaýandygy bilen gutlapdyr.
Mejlise gatnaşan adamlar bu beladan sypanlaryna gaty şatlanypdyrlar. Bu mas-
garaçylykdan dyndaran Ependini uly şowhun bilen gutlapdyrlar. Ähli kişi ätiýaç üçin
ýanlaryna göteren pullaryny oňa bagyş edipdirler. Teýmirleň bolsa oňa şahana serpaý
ýapypdyr.
Hemmeler dargan badyna patyşa hem onuň ýakyn adamlary gezendäni gyra çekip,
dilmaç arkaly şeýle diýipdirler:
– Siziň yşaratyňyzyň we ümüňiziň ýekejesine-de düşünip bilmedik. Siz oňa näme
sorag berdiňiz? Ependiniň jogaby näme boldy? Siz ony makulladyňyzmy?
Gezende:
– Dünýäniň ýaradylyşy barada ýunan alymlary bilen ýehudy alymlarynyň arasyn-
da çapraz pikirler bar. Bu barada siziň musulman illeriňiziň pikiri maňa mälim däldi.
Şonuň üçin hakykaty bilesim geldi-de, ýeriň şar şekillidigini çyzyp görkezdim.
Ependi muny tassyklamakdan daşary öz ilkinji çyzan çyzygy bilen ýeri demirgazyk
hem günorta ýarym şarlaryna bölüp berdi. Şondan soň ol ýene-de dikligine bir çyzyk
geçirmek arkaly ýer togalagyny dörde böldi, üç bölegini öz tarapyna alyp, ýer şa-
rynyň dörtden üç böleginiň suwdugyny tassyklady. Maňa tarap bir bölegini iteriberip bolsa, onuň dörtden bir böleginiň gury ýerdigini aýtmak isledi. Şeýlelik bilen, ýer
üstüniň howa ýagdaýyny hem syzdyryp goýberdi. Şundan soň men ýeriň gurluşyny
we ýaşaýşyň syrlaryny anyklamak üçin ösümlikleri, çeşmeleri, magdanlary göz
öňünde tutup, barmaklarymy ýokaryk galdyrdym. Munuň tersine Ependi
barmaklaryny aşak sallady. Şeýdibem, alymlaryň soňky derňewlerine görä, bu
ýagdaýlaryň hemmesiniň Gün ýagtylygynyň hem-de başga bir gudratlaryň täsir
etmegi arkaly asmandan ýagýan ýagşyň keramaty bilen bolýandygyny dogry düşün-
dirip, ýaşaýşyň syrlaryny doly aňlatdy. Iň soňky gezek men özümi görkezdim. Bar-
maklarym bilen haýwanlaryň ýöreýşini görkezip, garnymyň üstünden ýöredip: «„Biz,
yns-jynslar neneňsi köpelýärler?» – diýip soradym. Elbetde men janly-jemendäniň
ýaşaýşy barada aýdyň aýdan däldirin-dä, ol has açyk hem-de düşnükli „gürrüň etdi.
Ol jübüsinden ýumurtga çykaryp galgatdy. Şeýdibem, perrendeleriň mysalynda adam
we haýwanlaryň döreýşiniň örän syrlydygyny aňlatdy. Eýsem, guşuň ýa-da ýumurt-
ganyň haýsysynyň öň dörändigini kim bilýär? Diýmek, bu jedel henizem gidip otyr.
Şunlukda men siziň alymlaryňyzyň ýer we asmanyň gurluşy baradaky ylmy
babatda welilik derejesine ýetendigini aňladym. Siz tebigat ylymlarynyň şeýle
tanymal adamsy bilen ýurtdaş bolandygyňyza guwanyp bilersiňiz – diýipdir.
Dährini hormat we sylaglar bilen ýola salypdyrlar. Ähli jemende Ependiniň daşy-
na egrilipdir. Dährä beren soraglaryny oňa-da gaýtalapdyrlar.
Ependi:
– Päheý, aýdyp-aýtmaz ýaly bu ýerde hiç zat ýok-la. Onyňyz bir keselbent hem
açgöz adam eken. Açlykdan ýaňa ölüp ataýypdyr şu taýa. Siz ony alym diýen bolup,
meni gury azara goýupsyňyz. Görşüňiz ýaly, men gelen badyma ol: «„Ah, şu wagt
şunuň ýaly bir tegelek gutap bolsady» diýip, tegelek çyzdy. Men bolsam adamçylyk
bilen gutaby „ikä böldüm. Görsem, ol öýkeli görünýär. Onsoň men ony dörde
böldüm. Üç bölegini özüme alyp, bir bölegini oňa goýdum. Onsundan hem dynyp
barýan ýaly duýup: «Bolýa-da, maňa şu-da besdir» diýip, kaýyllyk bilen başyny atdy.
Şondan soň ol: „«Hä, palawam beräýseler, biz ony ine şeýdip, bileje iýerdik» diýip,
eli bilen düşündirdi. Men bolsam: „«Hawa, üstüne duzjagaz seperdik, pissejik,
kişmişjagaz goşardyk» – diýip, pikirini tassykladym. Şeýlelik bilen, biz bu meseläni
hem çözdük. Şondan soň ol garnyny görkezip, uzakdan gelendigini hem-de köp
wagtdan bäri süýji tagam iýip görmändigini aňlatdy. Men bolsam, özümiň ondan hem
bäşbeter açdygymy, açlykdan „guşuň ýelegindenem beter ýeňländigimi aýtdym. Men
ertir bilen turamda aýalym maňa ýumurtga berdi. Şony iýip ýetişmänkäm, siz
çagyrdyňyz. Şonuň üçinem «ony jübime saldym» – diýip, çykaryp görkezdim. Ine,
bar bolany şu, wessalam – diýipdir. Oturanlar:
– Men näme diýýän, dutarym näme diýýär edipsiziň-ow, Ependi! – diýipdirler.
[Dähri – tebigatyň kada-kanunlaryna akyl ýetirmäge synanyşýan gezende alym.b]

Çeşme: www.Alem.su

21.10.2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir