Bir gün Ependi Teýmirleňiň ýanynda otyrka, bir mes esgeri alyp gelipdirler. Teý-
mirleň oňa üç ýüz taýak urmagy buýrupdyr. Ependi bu hökümi eşiden badyna batly
gülüp goýberipdir. Teýmirleň oňa gaharlanyp:
– Ýene iki ýüz taýak urmaly – diýip höküm edipdir. Ependi öňküden hem gaty
gülüpdir. Muňa Teýmirleň has hem ot alypdyr.
– Oňa sekiz müň taýak urmaly – diýip gygyrypdyr. Gülkiden ýaňa damarlary
taýak ýaly gatan Ependi iki eli bilen içini tutup, ikiýana urunýarmyş.
Teýmirleň gaharyna bäs gelebilmän:
– Eý, kapyr, başyňda degirmen ýaly selläň bar, ýene sen meniň şerigat boýunça
berjek jezamyň üstünden gülýärsiň. Onda-da dünýäni sarsdyran beýik hökümdaryň
gözüniň alnynda ýaňsylap gülýärsiň. Eger sen ýene-de gülkiňi dowam etdirseň,
menden oňlulyk tamasyny etme! – diýip, haýbat atypdyr.
Ependi bolsa oňa şeýle jogap beripdir:
– Tagsyr, elbetde, sen hakly. Derejäň uludygyna, mertebäň beýikdigine düşünýän.
Ýöne, men saňa haýran galýan. Ýa-ha hiç san bileňok, ýa-da sen biz ýaly et bilen
süňkden ýasalan adam däl. Belki, seniň bedeniň hem öz adyň ýaly Teýmirleňdir. Sen
garaýan şerigatyň hakynda hiç zat bileňok, ýa bilseňem bilmezlige salýarsyň. Eýsem,
şerigatyň buýurýan segsen taýagy bilen seniň höküm eden sekiz müň taýagyň ýer
bilen gök ýaly dälmi? Höküm etmek aňsat, emma iş şeýle jezany çekmekde.
Çykarýan hökümiňi ýerine ýetirip boljakmy ýa bolmajakmy, adamyň bedeni muňa
çydajakmy, sen öňünden şu barada az-kem oýlan ahyryn! Ody özüňe bas, ötmese-
kesekä – diýipdir.

Çeşme: www.Alem.su

21.10.2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir