Kakama

Kaka, ýene dogry aýdan ekeniň,
Öňküleň deý bu gezegem sen mamla.
Tekepbirlik asla ýol almaz eken,
Çen boldu-la bu gylygym goýmaga.

Pişe däl-ä zyňyp taşlaýyn diýsem,
Jan bilen çykarmyş gan bilen giren.
Men aslynda ýerin bilip ulandym,
Özdiýenli däl-ä düýrmegim bilen.

Ýalňyşdymmy belent tutup serimi,
Ýalňyşdymmy ýa-da göwnüm peseldip?!
Durmuşam yhlassyz berenok eken,
Ençe sowallaryn goýýar keserdip.

Bular seniň köp gaýtalan öwüdiň,
Mydam olar berjaý bolar, pederim.
Entek öňde ýetilmeli menziller,
Pähmiň bilen men olara ýeterin.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniyet institutynyň
syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Çeşme: http://alem.su/pages/EdebiyatAlemi

Oktýabr. 2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir