ÜÇ DUŞUŞYK: ŞOL BIR HASAP

Is­pa­ni­ýa­nyň la li­ga­syn­da çem­pion-
lyk üçin gö­reş­de esa­sy da­laş­gär-
ler ha­sap­la­nyl­ýan «Re­al» hem-de
«Bar­se­lo­na» to­par­la­ry 6-njy tap-
gyr­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­du­lar. Il-
ki bi­len Zi­da­nyň tä­lim ber­ýän «Re­al»-y
öz öýün­de li­ga­nyň deb­ýu­tan­ty «Ka­dis»
to­pa­ry­ny ka­bul edip, 0-1 ha­sa­byn­da as-
gyn gel­di. Oý­nuň yk­ba­ly­ny myh­man­la-
ryň dü­zü­min­de çy­kyş ed­ýän Lo­sa­no­nyň
16-njy mi­nut­da ge­çi­ren dürs ur­gu­sy çöz-
di. «Re­al» bir ge­zek oýun­dan da­şar­da­ky
ýag­daý­dan, bir ge­zek bol­sa oý­nuň düz-
gü­ni­ni boz­mak esa­syn­da myh­man­la­ryň
der­we­ze­si­ne top ýer­le­di, em­ma ol gol-
lar emin ta­ra­pyn­dan ha­sa­ba alyn­ma­dy.
Düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän oýun ar­ka­ly gol
ur­mak bol­sa şol gün «Re­al»-a ba­şart­ma-
dy. Şeý­le­lik­de, myh­man­çy­lyk­da ýeň­şi­ni
baý­ram eden «Ka­dis» utuk­la­ry­nyň ha-
sa­by­ny 10-a ýe­tir­di we bu ba­bat­da hem
«Re­al»-yň yzyn­dan ýet­di.
Özü­niň esa­sy gar­şy-
da­şy­nyň yzy­sü­re «Bar-
se­lo­na»-da edil dil­le­şen
ýa­ly, edil şol ha­sap­da
ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.
Öz öýün­de «Bar­se­lo-
na»-ny ka­bul edip, Haý­
me Ma­ta­nyň 56-njy mi-
nut­da 11 metrlik jerime
urgusyndan uran go­ly
bi­len ýe­ňiş ga­za­nan
«He­ta­fe» hem tap­gyr­da
soň­ra 10 utuk bi­len tur-
nir tab­li­sa­sy­nyň bi­rin­ji
bas­gan­ça­gy­na şä­rik­lik ed­ýär. Şeý­le hem
«Bar­se­lo­na»-nyň üs­tün­den ga­za­ny­lan
bu ýe­ňiş «He­ta­fe» üçin ka­ta­lo­ni­ýa­ly­la-
ra gar­şy ge­çi­ri­len oýun­lar­da soň­ky 9 ýy-
lyň için­de ga­za­ny­lan il­kin­ji üs­tün­lik­dir.
In­di­ki hep­de bol­jak «El-Klas­si­ko»-nyň
öňün­den iki to­pa­ryň hem ga­ra­şyl­ma­dyk
ýeň­li­şi köp­le­ri haý­ran gal­dyr­dy.
Şeý­le-de şol gün «Gra­na­da»-nyň myh-
ma­ny bo­lan «Se­wil­ýa» hem 1-0 ha­sa­byn-
da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Du­şu­şyk­da ýer
eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren to­py 82-nji mi-
nut­da Er­re­ra derw­ezä sal­dy.

Taýýarlan: Maksat ORAZOW,
TDBGI-niň Talyplar sport
klubynyň başlygy.

Biznes Reklama. 19.10.2020

Çeşme: https://alem.su

Oktýabr. 2020.

Sport, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir