Dördünji syr
Dogry iýmitlenmegiň güýji

Söhbet gojanyň salgy beren adamlarynyň indi dördünjisi bilen duşuşmalydy. Ol
şäheriň çet künjündäki restoranyň çolaja çüňkünde oňa garaşyp otyrdy. Ol «Lezzet
berýän tagamlar» restoranynyň müdiri bilen duşuşmalydy.
Toýly agany şäherde köp adam tanaýardy, onuň sylagy ýetikdi. Ol segsen ýaşan hem
bolsa, erjeldi, ýaýdanmasy ýokdy. Häzire deňeç hem onuň aşpezlik boýunça geçýän ders-
lerine gatnamaga isleg birldirýänleriň yzy üzülenokdy. Ol adamlara sagdyn iýmitlenmegi
öwredýärdii. Ýönekeýje usullar bilen peýdaly tagamlaryň taýýarlanyşyny görkezýärdi.
— Siz jaň edeniňizde, bir zat ýadyma düşdi — diýip, ol söze başlady.
— Şol wagt 55 ýaş töweregindedirin, ondan bäri hem otuz ýyl çemesi wagt geçipdir...
Söhbet:
— Siz meniň bilen oýun edýäňiz öýdýän, näme, şu mahal segsen ýaşadym diýjek
bolýaňyzmy? — diýip mölterildi.
— Hawa, dagy näme?!
Goja gülümsiredi.
— Size häzir bir zat görkezeýin!
Söhbet henizem aňalyp, edil düýşde ýalydy. Goja oňa ak-gara düşürilen suraty
uzatdy.
— Kim bu?
Söhbet surata çiňerilip seretdi.
— Kimdigini seniň özüň aýt-da.
— Bilmedim. Şuňa-da sagdyn ýaşamagyň syrlaryny öwretmelidigi-hä belli.
Suratdaky gözüniň aşagy garalyp duran, ýüzi çym ak, orta ýaşlaryndaky semiz
adamdy. Onuň saglygynyň gowy däldigini aýtmak üçin lukman bolmagam gerek däldi.
— Men-dä şol — diýip, gojanyň ahyry özi aýtdy. Söhbet:
— Siz çynyňyzy aýdaňzok, bu siz däl! — diýip, ynanyp bilmedi.
— Men öň şular ýalydym. Zordan öz sulbamy süýreýärdim.
— Soň näme boldy?
Söhbet henizem suratdan gözüni aýranokdy.
— Hiç zat. Şol wagtlar süýji keselim bardy.
— Hä-ä, biziňem bir goňşymyz süýji zerarly ejir baryny çekipdi...
Söhbet muny aýdanyna birbada müýnürgedi. Goja oňa ähmiýet bermän, sözüni
dowam etdi:
— Menem ilkibadalar: «Heý, bu dert menden aýrylmazmyka?!» diýip, baý,
alada etdim-ä.
Söhbetiň öňki duşuşan adamlary ýadyna düşdi. Olaryň sagdyn ýaşamagyň syrla-
ryny açyşlary göz öňüne geldi. Şondan soň ähli dertler dep boldy.
— Gan basyşyndan, işdäsizlikdenem kösendim. Lukmanyň ýazyp beren dermany-
nam juda seresap içmeli eken. Soň böwrek, bagyr zerarly kösenendirin, iýenim siňmän,
bilim çydamaz ýaly derejede agyrýardy. Men halys ugrumy ýitirdim. Näme etjegimi
bilmän ýörkämem, şu goja duşdum. Ony maňa hut Allanyň özi ugradandyr diýýän.
Söhbet onuň sözüni böldi:
— Ol ýaşula menem ömür bergilidirin...
— Şol wagtlar işim gaty gowy gidýärdi. Iş ýerimden bir sekuntam butnap bilemok-
dym. Işimiň gabat garşysyndaky garbanyşhanadan bir zatlar iýip oňňut edýärdim. Bir
günem ýaňy bir öňüme odur-budur alyp oturdym welin, ýaňky adam ýanyma geldi.
«Ýanyňyzda oturaýaýyn?!» diýdi. Menem başymy atdym. Ol özüne işdäaçar bilen kar-
toşkadan edilen köke alnypdyr. Alçak adam ekeni. Ony-muny gepleşdik. Ol meniň
öňümdäki tarelka geňirgenip seretdi-de: «Janyňdan irdiňmi? Hemişe-de şular ýaly
tertipde iýip-içýärmiň?» diýdi. Men oňa elimi salgap goýberdim, oýundan diýýärmikä
diýýän. Ol: «Aşgazanyňa zyýan berer. Adamyň synasyny ulagyň şaýy ýaly edip, aňsat
täzeläp bolýan-a däldir» diýdi. Meniň ýüregim sarsyp gitdi.
— Näme üçin? Birdenmi?
— Birdenem diýseň bolýar. Neme-dä, men aşgazanym zerarly kösenýärdim, gor-
kup ýördüm. Ýöne wagt tapmadyk bolup, pisint edemokdym.
— Bä-ä, şol wagtam bilýän ekeniňiz-dä.
— Hawa-la. Soň ýaşula: «Ýene nirämiň agyrýandygyny aýt» diýip, oýunlyga salyp so-
wal berdim. Ynanmarsyňyz, ol meniň ýüzüme serdip, ähli zady bolşy ýaly edip aýtdy. Şol
golaýda lukmanlaryň barlagyndan geçipdim. Şolaryň aýdanyny ýaşulam maňa birin-birin
aýdyp otyr. Soň oňa: «Hawa, hemme aýdanyňyz dogry. Eger bu iýýän zatlarym maňa zy-
ýanly bolsa, men başga näme iýeýin?! Berhizlik diýilýän nahar bilenem oňmaýaryn. Ony
iýsem, hemişe aç ýaly bolýan» diýdim. Ýaşuly tebigatyň öz kada-kanunynyň bardygyny
aýtdy. «Ilki şoňa eýermeli» diýdi. Sagdyn ýaşamagyň on sany syrynyň bardygynam şonda
bildim. «Doly derejeli iýip-içmek, ýagny haçan we nähili edip iýip-içmek gerek?» diýdi.
Soň men ýaşulynyň salgy beren adamlary bilen duşuşdym, iýip-içmegimi aýratyn tertibe
saldym. Birnäçe hepdeden soň: «Holesteriniň peselipdir» diýdiler. Aşgazanymam azar
bermegini bes etdi. Sarym gaýnamasam galdy. Iň geň ýerem süýjülikdenem dynaýdym.
— Dogrudanam?!
— Hawa, birbada özümem geň galdym. Ýöne, näçe okandygymy bir bilsediňiz?!
Ylmy barlaglarda süýji keseli bilen näsaglanlaryň ýetmiş bäş göteriminiň ýokumy pes,
tiz özleşýän iýmitleri iýip, sagalandygyny ýazypdyrlar.
Sagdynlygy tebigy usulda gazanmagyň güýjüne ynanýardym. Şonda-da dogry
iýmitlenmegiň usullaryny doly öwrenmegi ýüregime düwdüm. Olary alty sany ýöne-
keýje kadanyň mysalynda düşündirip bolýar.
Söhbet sesini çykarman, depderine ýazyp gümrady.
Sagdyn iýip-içmegiň birinji kadasy — tebigy taýdan doly derejeli önüm, ter, rafi-
nirlenmedik önümi saýlap bilmek. Jaý salýan diýip göz öňüňize getiriň, gurluşyk üçin
gerekli önümleriň hili gowy bolsa, şarňyldap duran gowy jaý taýýardyr.
Söhbet başyny atyp otursa-da, rafinirlenen hemem rafinirlenmedik önüm diýilýä-
niniň nämedigine gowy düşünip bilmeýärdi.
— Rafinirlenen önüm içindäki peýdaly ýokumlary kemeldilen önüm, meselem ak
çörek, ak gant, ertirlik üçin arassalanan süle hemem bugdaý şoňa girýär. Witaminlerdir
minerallaryň paýy esli kemelýär, düzüminde köp mukdarda gant bilen krahmal galýar.
— Hemişe-de daşy gaplyja çörek alýan, süläniň hem daşy gaplananyny alýan. Onda «wi-
taminleşdirilen, minerallaşdyrylan önüm» diýlip ýazylanyny okap arkaýyn bolaýýan men-ä.
— Hawa, ýöne emeli zat bilen tebigy zadyň tapawudy bar ahyry. Men-ä ol önüm-
lere «baýlaşdyrylan önüm» diýerdim. Tebigy önümleri köpräk iýmeli.
Söhbet geňirgendi.
— Krahmal, şeker ysgyna getirýär, güýç berýär ahyryn. Olar hem belli bir mukdar-
da hökmany gerek zat.
— Dagy näme, dogry aýdýarsyň, ýöne şonuň bilen birlikde adam bedeni kalsiý, sink,
demir ýaly maddalary, her dürli witaminleri hem talap edýär. Ýöne önüm rafinirlenende,
ondaky şol gerekli maddalara zeper ýetýär, netijede adam bedeni olary öz-özünden
almaly bolýar. Onsoň, meselem, süňkdäki kalsiýler ýa-da beýleki gerekli önümler ke-
melmek bilen bolýar. Bedeni iýmitlendiriji ätiýaçlyk gory azalyp, ol horugýar.
— Hany, onda aýdyň, siz nähili usuldan peýdalanmagy dogry hasap edýärsiňiz?
— Ter önümler, işlenilmedik tüwi we beýleki däneli önümler, meselem, gara tüwi,
gara çörek, arpa, süle, bugdaý. Nohut-noýba önümleri, hoz, çigit önümleri hem bede-
ne örän gereklidir. Biziň ata-babalarymyz bagdan ýa-da peldäki önümlerden bişenini
özüň ýygyp almagyň lezzetine düşünipdirler. Türkmençilikde şony aňlatmak üçin «elin önüm» diýilýär. Olarda, şol elin önümlerde tebigatyň biziň üçin eçilen ähli zatlary —
proteinler, uglewodorodlar, witaminler, minerallar, ýag sirkesi bar. Şonuň üçinem ýag-
daý boldugyndan aşhanaňyzda elin ýetişdirilen, tebigy taýdan arassa önümler bolsun!
— Elin ýetişdirilen diýip köp aýdýaňyz welin, himiki dökünleriň peýdasyndan doly
ýüz öwürmek barada aýdýan dälsiňiz-ä?!
— Bu zatlary, elbetde, agronom, ekolog alymlar has gowy bilýändirler. Ýöne men
oňarsaň diňe organiki dökünler bilen oňňut etmegiň tarapdary.
Indi sagdyn iýmitlenmegiň ikinji kadasyny hem aýdaýyn. Onuň üçin siz ilki bilen
özüňiziň iýmit siňdirişiňize seresap çemeleşiň! Gep — diňe näme iýýänligiňde däl,
nähili iýýänligiňde hem.
Söhbetiň:
— Men aýdýanyňyza düşünmejek bolýaryn — diýmegi Toýly aganyň pikirini böldi.
Toýly aga başyny atdy, mylakatly ýylgyrdy.
— Ýokumly önümleri iýeniň haýry näme, adamyň bedeni olary gowy özleşdirip
bilmese?! Şonuň üçinem kesgitli wagtda, kesgitli usulda iýip-içmegi endik edinmeli.
Iýip-içmegiň tertibi ýumruk ýalylygymyzdan biziň gulagymyza guýulýar. Ýöne şony
dogry ýerine ýetirmek aňsat däl. Bir ýere gyssanyp käte harsal iýip-içýärsiň, ýöne onuň
zyýany hakynda pikirem edilmeýär. Bedene hem şeýle ýagdaýda iýmiti özleşdirmek
kyndyr. Käteler ullakan et bölekleri şol durşuna iýilýär. Howlukman çeýnemeli. Iýip-
içeniňde-de sabyrlylyk gerek. Belli bir wagtda iýmek has-da wajyp.
Söhbet:
— Ajyganyňda iýseň, haýsy wagt iýlende-de bolar-da — diýip pikirini aýtdy.
— Dünýäniň özüniň wagty, sagady bar. Tebigat şol sagat boýunça ýöreýär. Agşam
düşdügi, towuklar öz ketegine girerler, özleri-de susdur. Irdenem olar şol sagat bilen
tebigatyň ukudan oýanandygyny gygyryp habar bererler. Irden Günüň dogmagy,
gülüň gunçasynyň açylyşy şol sagada boýun egýär. Adam bedeni hem şol sagada la-
ýyk gurlandyr. Onuň hem yza süýşürip bolmaýan, iň takyk sagatlary, öz içki sagatlary
bardyr. Şoňa görä, iýip-içmegiň wagtyna hem ünsli bolunmagy gerekdir.
Meselem, bedeniňizdäki metabolizmiň tizligi, ýagny iýmitiň energiýa öwürýän
wagty irdendäkiden agşam pes bolýar. Bu kaloriýany aýyrmagyň kynlygyny aňladýar.
Şonuň üçinem: «Ertirligiňi dostuň bilen, öýlänligiňi özüň, agşamlygyňy duşmanyň bilen
iý» diýilýändir. Gijesine aşa köp iýip, ertir irden özüňi oňaýsyz duýulýan halatlaram bol-
ýar. Sebäbi gije ähli beden agzalary dynç almaly, şol sanda iýmit siňdiriş ulgamy hem.
— Başga hemme wagt arkaýyn iýibermelimi?
Söhbetiň degişme äheňdäki sowalyna Toýly aga ilkibada başyny atdy. Soňundanam:
— Gaty ýadaw, alňyraňňy wagtlaryňda hem ilki bilen özüňi ele aljak bolmaly. Si-
ziň aladalylygyňyz beden agzalarynyň doly we saz ýagdaýda işlemegine täsir edýär.
— Ýene-de haýsy zatlara üns bermeli?
Toýly aga Söhbetiň sowalyna äwmän, haýaljakdan gepläp jogap bermäge başlady.
— Dogry iýip-içmegiň üçünji bir berk tutulmaly kadasy, çeni bilen iýip-içmekdedir.
Başarsaň, nahar näçe lezzetli hem bolsa, artykmaç iýmejek bolmaly. Gaty doýman na-
hardan çekileniň kem däl. Aşgazan sagdyn bolanda bir ýumrugyň ululygyndarakdyr.
Eger-de ol süýnen bolsa, diýmek uly ölçege laýyk işjeňlik hem gerek. Onsoňam artyk-
maç ýokumlar ýaga öwrülýär, ýag hem ýüregiň işlemegine peýdaly däl. Azyrak iýýän
adamlaryň aglaba bölegi uzak ýaşaýanlardyr. «Kelläňi salkynda, aşgazanyňy açlykda,
aýagyňam ýyly sakla, ýüz ýyl ýaşarsyň» diýip, gadymy pähimde aýdylýar.
Dogry iýmitlenmegiň dördünji kadasy şundan ybarat: siziň iýýän önümiňiziň ýet-
miş göterimi suwly, ýagny gök önümler, miweler, ýetişen däneli we kösükli ösümlikler bolsun. Galan otuz göterimi krahmaldan, proteinlerden we ýaglardan durýar. Ýöne syn
edip görseňiz, köp ýerde gurak iýlip-içilýär. Gök önümleri, miweleri köp iýesi gelmeýän
adamlaram bar. Iýip-içmegiň suw bilen bagly bolmagynyň düýpli sebäbini açaýyn. Adam
bedeniniň, Ýer togalagynyň hem aglaba bölegi, ýetmiş göterimi suwdan ybarat. Şunuň
özem adam bedeniniň iýmitiniň hem ýetmiş göteriminiň suw bolmalydygyny aňladýar.
Söhbetiň:
— Ýöne suwuň özüni içseň nähili bolar? — diýen sowalyna Toýly aga has höwesli
jogap gaýtardy.
— Birden bedeniň içki agzalaryny suwa aldyrmagyň mümkin — diýdi.
— Ajyganyňda iýmeli, suwsanyňda suw içmeli. Berhiz tutulanda hem bedeni
arassalaýan suwuk önümler iýilse, gowy. Beden hem iýmitlendirilmeli, hem arassala-
nylmaly. Bedendäki suwuklygyň ýetmezçiligi ganyň goýalmagy bilenem ýüze çykýar.
Söhbet başyny galdyrman otyrdy. Ol uzak günüň dowamynda ýöne dury suw iç-
meýän diýen ýalydy. Käteler gazly suw içmegi endik edinipdi. Nahar iýende-de ýagly,
etli, gowrulan önümleri iýmegi gowy görýärdi.
Toýly aga şol bir äheňinde, pessaý gepleýärdi.
— Öýjüklere zeper edijilerden goran, sagdyn iýip-içmegiň bu bäşinji kadasy.
— Zeper ediji diýip näme aýdylýar?
Söhbet geňirgendi.
— Olar beden öýjüklerine zeper ýetirýän önümler. Meselem, şekeriň alty çaý çemçe möç-
beri bakteriýalara garşy göreşýän gan öýjüklerini ýigrimi bäş göterimine zeper ýetirýär. Şeker
şokoladlaryň, suwlaryň, kökeleriň dürli görnüşleriniň we beýleki önümleriň hem düzüminde
bar. Şeýle hem et önümleriniň artykmaç mukdary bedene peýda bermeýär. Meýdan otuny iýip,
tebigy gurşawda, sagdyn ýagdaýda saklanan dowarlaryň eti, elbetde, peýdalydyr. Howluda sak-
lanylyp, örä çykmaýan, kesele garşy sanjym edilýän dowarlardan, mallardan olaryň tapawudy
uludyr. Edil şolar ýaly tebigy usulda, hiç hili himiki dökün ulanylman ýetişdirilen gök önüm bilen
ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilen önümiň gymmaty hem, peýdalylygy hem tapawutlydyr.
— Adam uzak hassalykdan soňam, özüni tutar ýaly et iýmegi maslahat berilýär.
Diýmek, onuň zyýanly tarapy bar-da?!
— Energiýa berýän zat uglewodlar. Etiň düzüminde uglewodam bar, ýöne ýag bi-
len belok has köp. Proteinleriň köp bolmagy bilenem nitratlar toplanýar, şondanam
ýadawlyk döreýär.
— Süňküň berkemegi üçin köp et iýmeli diýilmeýärmi?!
— Beýle däl bolaýmasyn?! Sebäbi etde köp aşgar bar. Men bu pikire düýbünden garşy.
Toýly aga janygdy.
— Et iýmeseň demir ýetmezçiligi bolýandyr diýip pikir edýänlerem bar. Demir
ter gök önümlerde, däneli ösümliklerde hem bar. Goýun etindäki mukdaryndan ys-
manakdaky, brokkolidäki demir köpdür. Bir käse arassa tüwüde iki kilogram çemesi
gamburgdakydan köp mukdarda demir bardyr.
— Balyk has peýdalymy?
— Hawa, ýöne onuň üçinem suw howdanlarynyň tebigy arassalygy gerek. Onda
Omega-3 ýag turşulyklary bolup, ol gan-damar sökelliklerinde örän peýdalydyr. Ýöne
soňraky lukmançylyk barlaglarynda bu ýag turşulyklarynyň ösümliklerde hem bardygy
anyklanyldy. Men-ä ösümlikden taýýarlanan önümlere has ähmiýet berýärin.
Adamyň ýaradylyşy hakyndaky iň irki rowaýatlar onuň bugdaý dänesini, alma iýmek küý-
segi bilen bagly wakalarda beýan edilýär. Şundan çen tutsaň hem, adamzadyň azyga bolan
islegi ösümlikler bilen kanagatlandyrylmaly. Ýöne soň ýaşaýşyň şertleri hem özgerýär. Belkem,
muny häzirki wagtda üzül-kesil kesgitlemegiň zerurlygam ýokdur. Adamyň beden agzalarynyň gurluşyndan çen tutsaň, ol ösümlik esasly iýmitler bilen oňňut etmeli ýaly. Meselem,
dişiň önümi bölüp almak we çeýnemek işi, adamyň äňiniň iki gapdala hemem ýokaryk, aşak
hereket etmegi ösümlikleriň özleşdirilmegine laýyk diýlip kesgitlenilýär. Antropologlar şuny
we beýleki sebäpleri nazara almak bilen, adam ilki başda diňe miweler bilen oňňut edendir
diýen netijä gelýärler. Onsoňam adam bedenine gerekli bolan ähli iýmit maddalary ösüm-
liklerden taýýarlanylan iýmit önümlerinde bardyr. Diňe ösümlikden taýýarlanylan önümler
bilen çäklenýän adamlar öň geň görülýärdi. Žurnalistler hem olaryň üstüne sowal baryny
ýagdyrýardylar. Häzir ösen eýýam, sagdyn ýaşamagyň hem her kim öz göwnüne jaýlap,
oýlanyp-ölçerip gerekli usulyndan peýdalanyp bilýär. Bular barada her kim öz bilýänlerini
paýlaşýar, tejribede synag edip görendigi üçinem ýüregi suwly bolýar. Ýöne bir zada aýratyn
üns bermeli, taryha ser salyp görsek, dünýä belli akyldarlaryň durmuşyndan hem öwrenip
bolýar. Gadymy Gresiýadan Sokratdan, Platondan we Pifagordan başlap, Leonardo da Winçi,
Isaak Nýuton, Albert Eýnşteýn, Benjamin Franklin, Bernard Şou, Lew Tolstoý, Gerbert Uells,
Mark Twen, Wolter, Gandi dagy hem iýip-içgide ösümliklere aýratyn orun beripdirler.
— Meniň üçin et, ýag önümlerini az iýsemem aç galaýjak ýaly!
Toýly aga-da Söhbetiň gülküsine goşuldy. Ol:
— Hawa, birbada köp adamlar şeýle pikirde bolýarlar.
Toýly aga pessaýja gepledi, otagyň içine ýene-de rahatlyk aralaşdy.
— Onsoňam süýt içip, gaýmak ýalap ýörmegiň hem gowy däl.
Söhbet oňa ýene geňirgenip seretdi.
— Hawa, adam çaga wagty ene süýdi bilen ulalýar. Soňam gölejikleriň, owlajykla-
ryň, köşejikleriň rysgalyndan alyp ýörmeli däl.
— Ähli zady «peýdaly-zyýanly» diýip ýörseň, towşanjyklar ýaly diňe käşir çeýnäý-
mesek, näme iýmeli?! Ýa ysmanak kerçäp oňaýmalymy?!
— Ýok-la, edil beýle hem däl.
— Onda näme, süýt hem adam bedeni üçin özleşmesi agyr önüm bolýar-da?
— Hawa
Toýly aga mylakatly gepledi.
— Onda kalsiýni nämeden almaly?!
— Siz süýt önümlerini köp iýeniň bilen, bedene gerekli kalsiýniň mukdary ýeterlik
bolýandyr diýip pikir edýärsiňizmi?! Ýok, men şuňa bir mysal getireýin. Dünýäde iň köp
süýt önümlerini iýýän halk norwegiýalylar hasap edilýär. Ýöne olarda süňkagyrylar has
köp duş gelýär. Afrikadaky Bantuyň ýaşaýjylary asla süýt önümini iýmeýär diýen ýaly.
Ýöne olaryň süňkleri döwülmeýär, dişlerem abat. Sebäbi olaryň iýip-içýän zatlarynda
belogyň az mukdary bolandygy üçin, olaryň bedenindäki kalsiý saklanýar.
Süýdüň düzümindäki kalsiýniň kadaly siňmegi kyn. Pikir edip görüň, sygyr diňe
ösümlik bilen iýmitlenýär, ýöne kalsiýli önüm öndürýär. Adam bedeni hem ösümlik-
lerden kalsiýniň gerekli mukdaryny alýar. Meselem, brokkol keleminiň bir käsesindäki
kalsiý şolar ýaly gapdaky süýtdäki mukdaryndan köpdür.
Depderçesine gümra bolup oturyşyna, Söhbet Toýly aga sowally ýüzlendi.
— Bary şular dälmi?! Ýene nämeleri bilmek hökman?
— Ýok, ýene-de möhüm zatlar bar. Sen berkje belle! Duzly zady hem köp iýseň,
onuň zyýany şol wagt duýulmasa-da, bedeniňe agram berýändir. Hawa, adam bede-
nine natriý gerek.
— Natriý duz dälmi? Nahara tagam bermek üçin gerek?! Şeýle dälmi?!
Söhbet bu sowaly berenine özi hem hezil edinip güldi. Onuň sowaly Toýly aganyň
hem içine düşdi. Onuň sesi hem gülki gatyşykly çykdy.
— Natriý adam bedenine gerekli suwuklygyň, gandaky turşulygyň deňagramly lygynyň saklanmagyna ýardam edýär, et myşsalaryna güýç berýär, nerw ulgamyny
berkidýär. Natriý pomidor, petruşka, ysmanak, käşir ýaly gök önümlerde, ir-iýmişlerde
hem bar. Natriýniň artykmaç mukdary bolsa, bedene zyýanlydyr.
Adam bedeni bir günde 300 milligram çemesi natriýni harçlaýar, dogry, bu adamyň
durmuşdaky meşgul bolýan işleri bilenem baglanyşykly köp ýa az mukdarda bolup biler. Bir
nahar çemçe duzda 2000 milligram natriý saklanýar. Gereginden bäş esse artyk mukdarda
aşhanada duzly önümlerden peýdalanýan adamlar bar. Arassalanmadyk duzda minerallar
köp bolýar. Biziň ýurdumyzda ýodlaşdyrylan duz öndürilýär. Bu sagdyn ýaşaýyş hakyndaky
ýurt derejesindäki aladanyň diňe bir netijesidir. Ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän
önümleriň ornuna öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, şol sanda azyk önümleriniň
bolçulygyny döretmek saglyk syýasatynyň hem maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde
uly orun eýeleýär. Bedendäki artykmaç natriý kisloroduň beden öýjüklerine aralaşmagyny
bökdeýär, gan basyşynyň ýokarlanmagyna hem getirip biler. Bagyr, böwrek ugrunda nä-
sazlyk bolsa, lukmanlar natriýniň az mukdary bolan önümleri iýmegi maslahat berýärler.
Beden öýjüklerine zeper edýän bäşinji bir zat bolsa, dürli alkogolly içgiler. Kofäni
hem yzly-yzyna içmek peýda bermeýär. Her bir zady çaky bilen içseň gowy. Kofäniň
holesteriniň mukdaryny artdyrmak, bedende toplanan B witamininiň ätiýaçlyklaryna
zyýanly häsiýeti bar.
— Diňe kelem iýip ýörenim göz öňüme gelýär. Meniň şojagaz iýmit bilen oňňut
edip, çydajak gümanym barmy?!
— Söhbet oýun gatyşykly zeýrenjiremäge başlady. Toýly aga «köşeş» diýýän terzde
onuň arkasyna elini goýdy, soň geplemesini dowam etdi.
— Ýok, hakyky tebigy önümiň tagamyna taý geljek nygmat dünýäde ýokdur. Geliň,
men size aşhanamdaky tagamlary görkezeýin.
Söhbet Toýly aganyň yzyna düşüp, uly tama girip gitdi.
Ullakan stollaryň birinde iki dürli, brokkoli hem kartoşkaly çorba bardy. Ýanynda
hem bäş dürli çörek goýlupdyr. Söhbet entek gara çöregem iýip görmändi. Künjüli tü-
wi, batyrmasy grek hozundan edilen süýji kartoşka, süýji hem turşy miweler, dürli gök
önümler, bularyň bary terje bolandygy üçin, burk urýan ysy işdäňi tamşandyrýardy.
Hemişe gamburger iýmegi gowy görýän oglan Toýly aga bilen stoluň başyna çökdi.
Işdämen tamşanmaga başlady.
Söhbet soň ýene-de öňküsi ýaly, berk ýadynda saklamaly kadalaryny depderine belledi.
Hakyky sagdynlygy gazanmagyň dördünji syry — dogry iýmitlenmegiň güýji
Sagdynlyk üçin doly derejeli iýip-içmek gerek. Bu bolsa, nämäni we nähili ýagdaý-
da iýip-içýändigiňe baglydyr.
Doly derejeli iýip-içmegiň bäş sany kadasy
*Iýip-içmäge nämedir bir zady gurmak üçin zerur önümi gözleýän ýaly serediň.
Hemişe ter, sagdyn, tebigy önüm iýmäge çalşyň!
*Gowy iýip-içeriň ýaly, ilki iýmit siňdiriş ulgamyň sagdynlygy gerek. Şonuň üçin
iýip-içýärkäňiz alahasyrdy bolup oturman, arkaýynlyk wagtyny peýläň! Gyssanyp ýa-
rym-ýalta iýip-içmäň, howlukman belli bir wagtda oturyň!
*Köp bolanyndan az bolany gowudyr. Aşa doýmakdan saklanyň!
*Iýip-içýän önümiňiziň ýetmiş göterimi suw bolmaly.
*Beden öýjüklerine zeper ýetirýän önümlerden eliňizi çekiň!

Bägül An­na­ba­ýe­wa
(Dowamy bar)

www.alem.su

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir