Üçünji syr
Beden maşklarynyň güýji

Soň çetdäki obalaryň birinde ýene-de bir geň ýagdaý bolup geçdi. Näsaglyk ta-
pynyp, indi mal-garasyny idetmekden-ä geçen, gaýtam aladadan ýaňa gün-günden
horlanyp, iňňä sapaýmaly bolan Gülsüni şäherdäki uýasy öýüne alyp gidipmiş diýdiler.
Şondan soň ondan habar-hatyr bolmady. Ahyry bir günem oba gelipmiş. Özem ýüz-gözi
nurlanyp, keýpi çag diýýä. Soň bu obanyň adamlary hem Söhbetiň başyndan geçiren-
leri hakyndaky gürrüňleri eşitdiler. Gülsün Söhbetden maslahat alypdyr. Oňa üçünji
syryň has peýda edendigini, Gülsün şondan soň, obadaşlaryna gürrüň beripdir. Maş-
gala lukmany hem oňa: «Em peýda edenokmy, diýmek, özüňde hem bir düşünişmezlik
bardyr» diýip, size köp aýdypdym. Wagtynda üns bermediňiz, uzak bir ýerlere gidibem
eşidip geleniňiz ýene-de meniň aýdanym. Bolýa, esasy zat siziň sagalmagyňyz» diýip,
soň bir gün Gülsünden habar alyp gidipdir hem-de onuň ýagdaýyny görüp ynjalypdyr.
Gülsünem özündenem ilki Söhbetiň başyndan geçirenlerini has gyzykly edip gür-
rüň berdi.
Hawa, Söhbetiň başda iki sany mugallym bilen duşuşandygyny Gülsün iki sözde
aýdyp berdi.
Sagdynlygyň üçünji syry «Herekete — bereket» diýilýänine köp ugurda gabat
gelýär.
...Hawa, üçünji syry öwrenmek üçin Söhbet gojanyň özüne salgy beren mugal-
lymlarynyň ýene-de biri bilen duşuşmalydy. Ol Tehnologiýalar uniwersitetiniň sport
toparynyň tälimçisi bolup işleýän ekeni. Süňňi sagat, şähdaçyk aýaldygy sypatyndan
görnüp dur.
Söhbet ylgaw ýodasynyň gabadynda goýlan oturgyçlarda onuň ýanyna geçip
dyzyny epdi.
— Maňa-da ilkinji ýol görkezen şol adam. Ony birinji gezek görenim, edil şu gün-
ki ýaly ýadyma düşýär. Meniňem alada galmagym ýöne ýere däldi. «Nerw ulgamyňa
zeper ýetipdir» diýip, barlagyň netijesini aýdanlarynda, bar güýjüm gaçdy. Bu erbet
zatdy, nerw ulgamynyň ähli beden agzalaryň işine täsir edýändigini bilmän duramok-
dym. Lukman meni köşeşdirmek üçin näçe töwella etse-de, barybir ýüregim ýerinde
däl ýalydy. Olar maňa biderek ýere göwünlik berýärdiler. «Ýeri, şu wagt maňa bejerip
bolmaýan keseliň ýokdugyny aýtmak näme gerek?!» diýip, gaýtam men kejigýärdim.
Seýilgähiň içinde, çolarak künjegine geçdim-de, şumjarmaga oturdym. Birdenem
kellämi galdyrsam, ýanymda bir ýaşuly adam otyr, edil Hydyr ata ýaly, nurana adam.
Onuň özi birinji söz açdy, soň nädip gürrüňimiziň gyzyşyp gideninem bilemok. Sagdyn
ýaşamagyň syrlary, sagdyn bolmagyň kada-kanunlary diýip, ol maňa gürrüň bermäge
başlady. Adaty däl lukmançylyk ugrundan öňem käbir zatlary okapdym. Ýöne bu ada-
myň ýüzüniň nuranalygy, paýhasly garaýşy, mylakatlylyk bilen gepleýşi meni özüne
çekdimikä diýýärin. Adamlara şolar ýaly wagt diňe ýürekdeşlik hemem söýgi gerek,
ýönekeý söýgi, adama bolan söýgi-dä! Menem ýogsam maşgalada eziz görülýärmikäm
diýýärdim. Ýöne şol paýhasly gojanyň mähremligi ýüregimi köşeşdirdi. Öz ýanymdan:
«Ol ýöne adam däldir» diýdim. Tebigy sagdynlyk, sagdynlygyň kada-kanunlary hakyn-
daky pikirler kelläme geldi. Ol adam soň elime bir žurnal tutdurdy. Şondaky makalanyň
maňa kömeginiň ýetjekdigini aýtdy. Soňam: «Şu adamlar bilen duşuş, olar saňa sag-
dyn bolmagyň syrlaryny öwrederler» diýdi. Menem elime tutduran kagyzyny aldym,
ünsüm welin, žurnaldady. Ondaky makala meni haýran galdyrdy. Onda meniňki ýaly
nerw ulgamynyň sökelliginden ejir çeken adamlaryň öňküleri sagdyn durmuşa gaý-
dyp gelmekleriniň onlarça mysallary getirilýärdi. Şolary görüp birneme göwrümim
giňedi. Göwrümimiň giňeýşi ýaly hem boldy. Men doly sagaldym. Şol wagt bejerişe
başlamagyň edil wagty ekeni. Yraň-dyraňam bolsa, garaz, ýöreýärdim.
— Birden nädip sagalyp bolar?! Nerw ulgamy oýun edilýän zat däl — diýip, Söhbet
şonda ünjüli sowal berdi.
— Sagalmagyň birnäçe ýoly bar, şol sanda berhiz saklamak, aňyňy sagalmaga
taýýarlamak, beden maşklary.
Söhbet şol wagt eýýäm berhizli ýaşamaga, aňyny hem sagdyn durmuşa taýýarla-
maga girişipdi. Ol soň aerobika bilen hem meşgullanyp başlady.
— Siz aerobika nähili garaýarsyňyz? — diýip, Söhbet mugallymyň jogabyna ga-
raşdy.
— Islendik maşk hem öýkeniň işini ýeňilleşdirýär. «Aerobika» sözme söz alnanda,
«howa arkaly maşklar» diýen manyny berýär. Suwda ýüzmek, tiz ýöremek, ylgaw, we-
losiped sürmek — aerobikanyň iň giňden ýaýran ugurlarydyr. Men ilkibaşda suwda
ýüzmek hemem tiz ýöremek sporty bilen meşgullanyp başladym. Asyl synymdan bir
zat asylgy ýaly gymyldasym gelmeýän wagtlaram bolýardy. Özüme zor salyp, ýuwaş-
ýuwaşdan öwrenişdim. Diňe birnäçe aýdan soň öwrenişdim, ýagdaýym hem gowu-
laşmaga başlady. Seýilgähiň içi bilen ylgaýan halatlarymam bolýardy.
Ylgaw ýodasynda soňabaka her gün sekiz öwrüm etdim. Ýöne şeýlebir ýadaýardym,
dokuzynjy gezege ysgynym galmaýardy. Bir gezegem durman dokuzynjy aýlawam geç-
megi ýüregime düwdüm. Ýöne aýagym kül bolup barýardy, ýaramaýan wagtymdaky
ýaly, essim aýylyp başlady. «Iň gowusy oňaýyn-la, janyma agram berip nä görgim?!»
diýip, yzyma gitmekçi boldumam welin, yzymdan ses eşidildi:
— Gaýrat et, oglum, sen tüweleme, başarmajak zadyň ýok! Ylga, oglum, ylga!
Bu kimdir öýdýärsiňiz?! Şo-ol ýaşuly-da. Ol ýylgyryp maňa:
— Ylga, durma ahyryn, häzir ýetýärsiň — diýýär.
Onuň sözleri maňa ýaňadan güýç berdi. Men ýene ylgadym, ýaşuly gapdalymdan
aýrylanok. Men dokuzynjynam geçdim, özüm özüme haýran galdym. Gara der bolup
barşyma, soňky döwürler hijem derläp görmändigim hakydama geldi. Men öňkimde-
nem beter ylgamaga başladym, ýel ýaly bolup atyldym. Şol meniň sagalmagymdaky
iň möhüm pursat diýip hasap edýärin. Soň men ömürylla yza seretmedim.
— Be-e, beden maşklarynyň beýle uly peýdasynyň bardygyny men-ä pikirem etmän-
dirin. Ýogsa-da, çagakak her gün irden maşk etdirýärdiler. Ýöne men onuň janyňa olar ýaly
hözirli zatdygyny bilmändirin — diýip, Söhbet depderine bir zatlar ýazyşdyrdy. Diana oňa:
— Onda-da nähili uly peýdasy bar — diýdi.
— Men bar güýjümi jemlemeli boldum, özüme agram berdim. Siz ýöne adaty ae-
robika bilen meşgullansaňyzam bolýar.
Şol wagt orta ýaşlaryndaky bir adam ýanymyzdan ylgap geçdi. Ol:
— Saglykmy, Diana? — diýip, tälimçä habar gatdy.
— Ganymat. Öz ýagdaýyň nähili? Bu gün biraz öwrenişýärmiň?
— Hezillik. Gül ýaly — diýip, ol ylgap barşyna jogap gaýtardy.
— Şu adamam öň ýüregagyrylydy. Geçen ýyldan bäri türgenleşýär — diýip, Diana
Söhbedi onuň bilen tanyşdyrdy.
— Haýran galaýmaly!
— Hawa, ol köp maşk etdi. Aerobika, ýagny ylgaw, suwda ýüzmek, tiz ýöremek,
welosiped sürmek adamyň gan basyşyny peseldýär, ganyň düzümindäki holesteriniň
mukdaryny azaldýar. Şonuň üçinem ýürek-damar ulgamy üçin peýdaly.
Söhbet ony ünsli diňleýärdi, arasynda depderine belleşdirýärdi.
— Serediň, hol ýaşyl köýnekçeli ylgap barýany görýäňizmi? Şol aýal hem ilki gelen-
de, aýagagyry zerarly zordan ýöreýärdi. Ýuwaş-ýuwaşdan maşk edip açylyşdy. Häzir:
«Şu aýalyň öň guragyrysy bardy» diýseň ynanar ýaly däl. Beden maşklary damarlardaky
suwuklygyň aýlanyşyna täsir edýär. Maşk etmek bedendäki süňklere-de peýdaly. He-
reketsizlikden süňkdäki kalsiý azalýar, netijede süňk döwlegen bolýar.
Maşk etmek beden üçin şeýle bir gerek, bedeniň hereketliligi sähel gowşadygy, nä-
saglyk başlanýar. Bedeniň işjeňligine hem endik edinilmegi gerek. Adam hereket bilen
öz-özüni taplamaly. Şu hem tebigy taýdan sagdynlygy gazanmagyň üçünji kanuny.
Söhbet beden maşklarynyň peýdalydygyny bilmän duranokdy, ýöne edil şeýle
möhümdir öýtmeýärdi. Ýogsa-da ol soňky döwürler köp hereket etmeýärdi. Sähel
gymyldasa-da özüni öler ýaly ýadaw duýýardy. Ol:
— Haýsy maşk has peýdalyka? Meselem, maşk etmek üçin günde näçe wagtyňy
sarp etmeli? — diýip, Diana seretdi.
— Islän maşkyňyzy ediň, özüňiz höwes edip ýerine ýetirseňiz, soňundanam gowy
derleseňiz, dem alşyňyza täsir eder. Ýöremek, suwda ýüzmek, welosiped sürmek, tans
etmek hemmesem gowy maşklar. Ilkibada azajykdan ýerine ýetirersiňiz, ýuwaş-ýuwaş-
danam köpeldiberiň! Şol hem bedeniňize taplanmaga mümkinçilik berer. Bolmasa-da:
«Baldyryma zyýan ýetäýmesin, damarym süýnäýmesin» diýip gorkar ýörersiňiz.
— Ähli myşsalaryňy birbada herekete getirmek üçin näme etmeli?
Diana ýene söze başlady.
— Adam özüniň her bir synasyny, myşsalaryny birnäçe sekuntlap duýup bilmeli.
Arasynda beden agzalaryňyzy gan damarlaryňyz dartylar ýaly hereketlendiriň! Her bir
agza hem iki-ikidendir. Olary gezekli-gezegine hereketlendiriň!
Onsoňam birden özüňize agram beriji bolaýmaň! Özüne birbada köp agram berip,
soňundanam bir ýerini döwdürip, kösenip ýörenlerem bar.
— Günde näçeräk wagt maşk etmeli bolarka?
Diana Söhbetiň şu sowaly bererine garaşyp oturan ýaly, höwesli gepledi.
— Her gün ýarym sagat, bir sagat çemesi wagtyňy maşk etmäge harçlamaly. On
günden netijesini duýarsyňyz.
— Onda menem şu günden başlaýyn.
— Şowly bolsun!
Diana ýylgyrdy hem-de başyny atdy.
— Sag boluň! Size dokuzynjy aýlawy ylganyňyzdan soň, gojanyň näme diýenini
bilesim gelýär. Size ol näme diýdi? Sizi öwdümi?
— Bilmedim. Men ylgap gelenimden soň, ony görjek boldum. Ýöne tapmadym, ol eýýäm
bir ýerlere ýitirim bolupdyr. Ýöne ol soňky dokuzynjy öwrümi doly geçenimi görendir-le.
— Nädip bilýäň?
— Bilmez ýalymy? Siz ýaly adamlary ýanyma şol ugratmasa, kim ugratsyn?!
Söhbet aýal bilen hoşlaşyp gyra çekildi. Ol hem maşka güýmenmäge başlady.
Söhbet bir özi seýilgähiň içi bilen ýöräp barşyna, yzyna gözüni aýlady. Jany ýaraman,
ejir çekdi diýilýän zenanyň ýel ýaly atylyp ylgaýşyna haýran galdy. Onuň hereketem
çalasyndy, sazlaşykly hem owadandy.
Söhbetiň ýüregi giňäp gitdi, şähdi açyldy. Ol özüniň näsagylyga ýan bermejekdigini duýdy.
Tebigy taýdan sagdynlygy gazanmagyň üçünji syry — bedeniň işjeňligi güýjüňe
güýç goşýar.
Yzygiderli beden maşklary:
*bedeniň gan aýlanyşyny gowulandyrýar,
*öýkeni we ýüregi berkidýär,
*beden sökelliklerini we göwniçökgünligi aýyrýar,
şeýle-de
*tebigy taýdan sagdynlygy gazanmak üçin şular möhüm.
öz göwnüňize laýyk, höwes edýän maşklaryňyzy ýerine ýetiriň, şeýle-de:
*derleýänçäňiz maşk ediň,
*ýüregiňiziň urşy çaltlanýança maşk ediň,
*şeýlelikde, öýkeniňiziň işjeňligi has ýokarlanar.
Maşk etmäge başlamazyňyzdan öňinçä, birneme hereket ediň-de, bedeniňizi öw-
renişdiriň! Mazaly gyzyşanyňyzdan soň, maşk etmäge girişiň! Bu size birden özüňize
agram salmazlygyňyz üçin gerek.
Maşk etmäge günde iň bolmanda ýarym sagat wagtyňyzy sarp ediň!

Bägül An­na­ba­ýe­wa

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir