IR SÄHERIŇ ARZUWLARY

Adamlar arzuw edýärler. Eger şol arzuwlaryň mazmunyny ýeke söze salmaly bolsa,
onda aňsat göze iler ýaly edip, «SAGLYK» diýlip ýazylar. Saglyk baradaky arzuwlar he-
mişe ýürekde bolany üçinmi, köp aýdylýar. Tomas Edisonyň: «Indiki geljegiň lukman-
lary derman-däri ýazyp bermezler. Oňa derek olar müşderisine bedenine, şeýle hem
näsaglygyň döremeginiň sebäplerine we mümkinçiliklerine aň etmelidigini düşündi-
rer» diýip aýdany, edil häzirki gün hakynda aýdylan ýaly. Ýaşaýşyň derejesiniň has-da
ýokarlanmagy, elbetde, hemişe sagdyn durmuşyň kepillendirilendigini aňlatmaýar,
«sagdyn ýaşaýyş» diýilýän düşünje ähli döwürlerde hem adamlaryň öz saglygy bara-
da aňly-düşünjeli pikirlenmekleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Sagdyn
durmuş endiklerini kemala getirmek, näsaglamagyň öňüni almak häzirki döwürde
ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň ösüşleriniň esasy özenini düzýär. Adamlaryň öz sagly-
gy barada aladalanmaklary, ruhubelent ýaşaýyş gurşawyny kemala getirmekleri üçin
amatly şertler döredilen. Şonuň üçinem biz — häzirki zaman adamlary hassalygyň
bizden daşda bolmagynyň gamyny iýýäris. Munuň üçin müňläp kitaplar ýazylan. Olar-
da-da ýaşaýşyň her dürli usullary hakynda söz açylýar. Bu ugurdan bilimli adamlaryň
agalygyna garamazdan, sagdyn ýaşamagyň syrlaryna düşünmek üçin köp kelle agyrt-
maly bolýar. Sebäbem, Edisonyň şol aýdany ýaly, «aň etmek» kyn. Özüňe, öz bedeniňe,
öz ruhy dünýäňe nämäniň gerekdigini aýyl-saýyl edip bilmek kyn. Durmuşda köp kitap
okan ýa-da iňňän köp zat bilýän, durşuna hazyna ýaly, il-günüň derdine ýarap ýören
adamlaryň sagdyn ýaşamagyň usullaryny ele almaga gezek gelende biagyrylyk edýän,
özüne bigeleň bolýan ýagdaýlarynda, olara nebsiň agyrmakdan ýüregiň sanjyp gidýär.
Ýöne diňe bilmeýän adama öwredip bolýar ahbetin! Käteler hiç hili dert zowal etmejek
adamlaryňam hemişe gowuşgynsyz bolup, özüni ýadaw duýýan halatlary hem bolýar.
Ýogsam, durmuşda ähli zat gülala-güllük, näzik göwnüň gurluş tebigatyna welin
akyl ýetirmek şeýle kyndyr! «Göwün» tebigatyna gadymy danalar, akyldar Magtymguly,
Gahryman Prezidentimiz, meşhur ýazyjylar, alymlar eserlerinde iňňän çuň aralaşýarlar.
Özi üçin sagdyn gurşawy döretmäge gurbaty çatmadyk adam öz göwün diýenini
amal etmekdenem lezzet alyp bilmeýär.
Lukmanyň bu näsaglygyň anyk kesgitlemesi hakynda aýdanyny özümizçe «nerwi-
den» diýip umumy söz bilen düşündirýäris. Munuň ylmy tarapyny, goý, hünärmenler
aýtsynlar, türkmençilikde ol «kakyn, kakyn-silkin» diýlip, sada dilde düşündirilýär. Ýöne
«kakyn, kakyn-silkin» diýlen kesgitleme hem ahyrynda sagdyn bolmagyň şertiniň gö-
dek bozulmasy ahyryn! Onda daş-töweregi özi barada alada bilen gurşalan adamyň
göwnündäkini amal etmegine näme päsgel berýärkä?! Käteler ýüregiň jümmüşinde
ýaşaýan sagdyn ýaşamak hakyndaky niýetiň hem ýerine ýetmegi, şeýle çylşyrymlyly-
ga öwrülýär. Adamyň wagtynyň esli bölegini öwrenmäge sarp etmegi bilen sagdyn
bolup, doly güýjünde işlemegem hemme adama eýgerdip durmaýar. Ýöne ymtylma
welin asla ýok diýip bolmaz.
* * *
Onuň ykjam geýnişi, tämizlige endikliligi göz öňüňden gider ýaly däl. Işine, öýüne,
özüne gezek gelende-de gaty çus diýilýän adamlardandy. Şonuň üçinem ol hemişe
nämedir bir zatlara alňasaýana meňzeýärdi. Wagty mana öwrüp bilýän adamlardandy.
Şeýle adamlaryň öz häsiýeti bilen maksadyňa ýetmegiň ugruny salgy berýändigini
welin, inkär edip bolmaz.
...Onuň ömrüniň has irki döwürlerinden habarly adamlar şeýle diýýärler: «Ýetimlik
bilen görgüden gözi açylmady. Gaýratly ekeni. Durmuşyň kynçylygyna ýan bermedi.
Ählisini ýeňdi, indem nähili ýaşamalydygyny biz ondan öwrenýäris».
Şol adamam gojalanyndan soň Söhbete duşdy. Söhbetiňem şol wagtlar sagalaryn
umydam öçüpdi. Goja şonda onuň eline bir hat tutdurdy. Onda sagdyn bolmagyň
syrlary ýazylypdyr.
...Ahyrynam ol muny illere şeýle gürrüň berdi.


Birinji syr
AKYL-PAÝ­HA­SYŇ GÜÝ­JI

Ýaş ýigidiň elindäki hatda başda Aýşöhle diýen aýalyň ady durdy. Ol kollejden gelşi-
ne, ilki şoňa jaň etdi. Özi barada aýala aýdyşdyrdy, aýalyň her sözi oňa täsir etdi. Ikisem
bile oturyp gepleşmäge göwünjeň boldy. Ertesi gün öýlänlere duşuşmagy gepleşdiler.
Ertir irden Söhbet tolgunyp başlady, ýüzbe-ýüz bolanda, ol aýal bilen nähili gep-
leşjegini bilenokdy. Aýşöhle ony birmahallar okadan mugallymy ekeni. Ol maşgala
guranyndan soň, hassahanada psiholog bolup işe giripdir. Söhbetiň öz näsaglygyna
psihologyň nähili em etjegine akyly çatanokdy. Psihologiýa jähetde kemçiliginiň ýok-
dugyna aňy ýetmän duranokdy.
— Saglyk hakykatynyň kanunlaryny öwrenesiň gelýärmi?
Aýşöhle oňa ýüzlendi. Söhbet geňirgendi:
— O nähili kanun?
— Şeýle kanun adamzat döräli bäri bar. Tutuş tebigata düşünmäge kömek edýän
kanun hem bar — diýip, Aýşöhle gürrüň bermäge başlady. — Saglyk hakykatynyň ka-
nunyny bilsek, näsaglyk biziň golaýymyza-da gelmeýär. Janyň şeýle bir sagdyn bolar,
olar ýaly saglygy, şähdaçyklygy häzir diňe arzuw edýänsiň.
Saglygyň köp jähetleri bar, şolaryň biri hem akyl-paýhasdyr. Meniň durmu-
şyma şol köp täsir etdi. Käbir adamlar diňe ruhy saglyk akyl-paýhasa baglydyr
öýdýärler. Aslynda welin, ruhy saglyk ýaly beden saglygynyň köki hem adamyň
beýnisinden başlanýar.
— Akyl-paýhasa beýle uly üns berilmegi nämedenkä?!
Aýşöhle mylaýym ýylgyrdy-da, ýene-de gürrüň bermegini dowam etdi.
— Sebäbi adamyň bedenini akyl-paýhasy dolandyrýar. Onuň nähili uly güýjüniň
bardygyny her günem görýänsiňiz. Sähel gaharlanan adamyň ýüzi gyzarýar, gorksa
— agarýar, halys kakynjyrap başladygy, aýaň derleýändir, aýagyň titreýändir. Bu käbir
mysallar, akyl-paýhasymyz bedene erk edýändir.
— Häzir size, eger garşy bolmasaňyz, bir zat görkezeýin — Aýal gyzykdyrdy.
— Gözüňizi ýumuň, hyýalyňyzda limony janlandyryň!
Söhbet gözüni ýumdy-da, oturgyja arkasyny diredi.
— Hawa, göz öňüme getirdim — diýdi.
— Indem siz ondan çalaja gädip dişläň!
Söhbetiň maňlaýynda gasyn peýda boldy, seňrigi ýygryldy.
Aýşöhle oňa:
— Indi siz akyl-paýhasyň güýjüniň nähilidigine göz ýetirdiňizmi? Siz diňe limon
iýýändigiňizi göz öňüňize getirdiňiz. Akyl-paýhasyňam oňa özüniň täsirini görkezdi.
Akyl-paýhasyň güýji adamyň pikirlerine gözegçilik edýär, pikirlerem öz gezeginde be-
dende bolýan zatlara gözegçilik edýärler. Aýdaly, adam ýuwdunýar, immun ulgamyna
ýuwdunmany bes etmegi akyl-paýhas duýdurmaly. Edil şular ýaly usul bilen akyl-paýhas
bedeniň sagalmagyna hökümini ýetirýär. Menem şu zatlary ilkibada eşidenimde, nähili
ynanjagymy bilmedim. Soň erbet ýaramadym, hiç çykalgam galmady diýip ýörkämem,
bir goja gabat geldim. «Derdini beren Taňry dermanynam berermiş» diýleni boldy.
... Söhbetiň endamy tikenekläp gitdi. Ol akyl-paýhasyň güýjüniň özüne täsir eden-
digine düşündi.
Aýal bolsa gürrüň bermegini dowam etdirdi.
— Men kitaphanada otyrdym. Kitaphanaça kömek edýärdim. Ol meniň ýanyma
geldi-de, akyl-paýhasyň hemem göz öňüne getirmegiň bejeriş güýji hakynda kitap
tapyp bermegimi haýyş etdi. Meniň oturan ýerimde olar ýaly kitap ýokdy, ony sar-
gap getirtmelidi. Adatça onuň üçin bir hepde çemesi garaşmaly bolýardy. Şol gezek
welin, sargalan kitaby ertesi gün irden elimize aldyk. Meni onuň ady özüne çekdimi,
okasym geldi. Ony ýazanam lukman ekeni. Ol özüne ýüz tutan näsaglaryň akyl-paý-
hasyň güýjüne ynanyp, sagalyp gidendiklerini gürrüň berýärdi. Soň menem şolaryň
birini öwreneýin diýdim.
— Näme etdiňiz onsoň? — diýip, Söhbet gyzyklandy.
— Men ilki bilen göz öňüne getirip, dürli zatlary aňyňda döretmegi özümde sy-
nap gördüm. Şonda hyýalyňda em ediji keşpleri çekmeli. Kellämde çiş bar diýipdiler,
menem ony iýýän kiçijik akulalary hyýalymda döretdim. Her gün 15 minutlap ýumşak
oturgyjyma çökýän-de, şony göz öňüme getirýän. Ýaňky çiş kiçelýär, ony akulalar iý-
ýärler. Ahyrynda men ýeňledim. Haýran galarsyňyz!
— Dogrudanam?! — Söhbet ony agzyny açyp diňleýärdi.
— Hawa-la, özüňizem edip görüň! Gözüňizi ýumuň, birnäçe gezek uludan
demiňizi alyň! Hawa. Indem nämeden ejir çekýän bolsaňyz, şony göz öňüne
getiriň! Soňam şonuň nähili edip, eräp, ýok bolup gidýänini göz öňüňize geti-
riň! Munuň üçin bir keşp döredäýmeli. Meselem, Görogly atyny säpjedip gelýär,
bar aladaňy dyr-pytrak edýär. Ýa-da ullakan döw gelýär-de, seniň öňüňdäki ähli böwetleri aýyrýar. Biriniň içiniň sanjysy aýrylmandyr. Ol hem bedeniniň şol
sanjaýan ýerinde ýer gurçujyklarny göz öňüne getiripdir. Ömür daýhançylyk
edenligi üçin, oňa ýer gurçugynyň topragy süzgüçden geçiren ýaly edýändigi-
ni göz öňüne getirmegem aňsat. Gurçujyklar şeýle bir işläpdir. Onuň sanjaýan
ýerindäki ähli mörjewleri ýom-ýok edipdirler. Ol soň ýuwaş-ýuwaşdan agyry-
synyň köşeşýändigini duýupdyr.
Nähili keşp döretjegiňiz, siziň öz hyýal edişiňize bagly. Özüňiz näçe gowy keşp
döredip bilseňiz, aladaňyzyň ýeňleýändigini duýarsyňyz. Aladaňyz gar adamy ýaly,
Günüň aşagynda erär-de gidäýer. Haýsy gahrymanyň keşbi kelläňize gelse, şony hem
janlandyryberiň.
Söhbetiň top oklary hyýalyna geldi. Olar gümpüldäp, onuň bedeniniň ýara düşen
ýerini artykmaç närselerden arassalaýarlar, derdini alyp gidýärler. Ol özüni sagdyn, ähli
dertden halas edip göz öňüne getirdi.
— Siz indi özüňizi nähili duýýarsyňyz?
Aýşöhle oňa sowal berdi.
Ol ýylgyrdy-da:
— Ynansaňyzam, ynanmasaňyzam, indi gowy. Biraz özüme gelen ýaly boldum
— diýdi.
Aýşöhle:
— Örän gowy, indi siz 15-20 minutlap şuny her gün iki ýa-da üç gezek gaýtalaýa-
nyňyzy hem göz öňüňize getiriň — diýdi.
— Men indi siziň näme aýtmakçy bolýandygyňyza düşündim.
— Akyl-paýhasyň güýjüni ulanmagyň ýene-de bir geň-taň usuly bardyr. Men-ä
oňa bejergiň tassyk edilmesi diýäýýän, oňa afrmasiýa hem diýilýär.
Söhbet gözüni tegeläp, hanyma seretdi.
— «Bejergiň tassyk edilmesi» diýdiňizmi?
— Hawa, afrmasiýa ýönekeý aňlatmalaryň jemi. Ol pikirleriň endik edinilen here-
ketiniň özüň hakyndaky täze göz öňüne getirmeler bilen üýtgedilmegi. Siz ony eşitdirip
ýa-da içiňizden aýtmaly. Eger daşyňyzdan aýtsaňyz, has peýdaly bolar.
— Örän geň! Bu nähili ýagdaýda bolup geçýärkä?
— Aýdaly, siz haýsydyr bir zady has köp aýdýan bolsaňyz, ol hökman beýniňizde
hem möhürlenýändir. Eger-de siz agzy halparyp duran, suwdan hem hiç gandyryp
bolmaýan gara düýäni göz öňüne getirseňiz, beýniňizde nämäniň suraty çekiler öýd-
ýärsiňiz?
Söhbet gözüni giňden açdy.
— Hä-ä, indi men has gowy düşündim. Ömür ýaramok diýip alada edip ýörün-dä.
Eger şony ýadyma düşürmesem, özümi sagdyn adam diýip göz öňüne getirsem, dog-
rudanam, başgaça bolar.
— Dogry — Aýşöhle ony makullady. — Bejeriji tassyk etme, bu beýnä buý-
rulan hemem hemişe gaýtalap ýörseň beýnide galýan surat. Siz muňa başda
üns bermeseňizem, ol içiňizdedir. Soň beýniňizde galar-da, bedeniňiziň bir
bölegine öwrüler. Şonuň üçinem näçe köp ykrar etme bolsa, ol size şonça hem
öz täsirini ýetirer.
Bejeriji affirmasiýany ilkinji bolup, geçen asyrda Emil Kui atly lukman açyp-
dyr. Ol gözegçilik edýän näsaglaryna irden, günortan, agşam umyt beriji sözleri
aýtdyrypdyr.
— Tabym gün-günden gowulaşýar...
Aýşöhle Söhbete başyny atdy.
— Hawa, şu sözleri aýdyberiň! Göz öňüne getirme, soň çyn bolýar we tassyk edil-
ýär. Gurluş çyzgysyna indi düşündiňizmi?
— Soň doly sagaldyňyz, şeýle dälmi?! Gürrüň berseňizläň!
— Hawa, men köp zat etdim. Öz durmuşymy doly üýtgetdim. Iýip-içiş tertibimi
täzeledim, maşk edip başladym, köpräk hereket etdim. Ynanmarsyňyz, gülemde-de
çynym bilen şatlanmagy, ýürekden gülmegi öwrendim. Şol hem maňa kömek edýär.
Siziň özüňiz öwrenip başlasaňyz, mendenem köp zat bilersiňiz. Ýöne esasan akyl-
paýhasyň güýjüni ulanyp, haýyr tapdym. Soň mende hiç kesel galmady, soň başga
adamlara kömek etmäge başladym. Bir günem kolleje geldim. Şeýdibem psihologiýa
ulaşyp gitdim.
Adamlar nirede säwlik goýbersinler ýa-da haýyr iş etsinler, hemmesi akyl-paýha-
syň işidir.
Soň hanym Aýşöhle oduň üstünden aýakýalaň geçýän adamlar hakyndaky şekil-
leri Söhbete görkezdi.
— Asyl agyry duýýan däldirler.
— Be-e, şunuňam aňyrsynda ýaňky öwrenen usulymyz ýatyrmydy?! — Söhbet esli
salym gözüni monitordan aýyrmady.
— Ejizdigiňi duýsaň, ynamyň gaçýar, süňňüň gowşaýar. Şol ýagdaýa gelmejek
bolmaly.
Söhbet aýala sowally ýüzlendi:
— Meni siziň ýanyňyza iberen goja kim? Siz ony soň görmediňizmi? Ol gaýdyp
kitap almaga gelmedimi?
Aýşöhle mylaýym ýylgyrdy, onuň gözleri şonda has-da nurlandy.
— Ýok, ol kitabam gaýdyp idemedi. Meniň ondan alan bir esasy sapagym bar...
— Haýsy sapak?
— Men ony iki sözde şeýle teswirlemekçi: akyl-paýhasymyzy dolandyryp bilýän
özümizden güýçli hiç zadam ýok. Diňe özünde pisint etmezlik, ynanmazlyk bolanlar
haýyr tapmaýarlar. Sagalmagyň köküniň öz beýniňdedigiňe ynanmaly. Tomas Emer-
sonyň bir sözi bardyr. Ol: «Diňe ynanan adam ýeňiş gazanyp biler» diýýär.
Soňra Aýşöhle özüniň çaý içýän käsesini galdyryp, onuň böwrüne ýazylgy şol haty
görkezdi.
Agşam düşdi. Söhbet özüniň depderçesine şulary ýazyp uklap galdy.
*Akyl-paýhasyň güýji bilen islendik sökelligi bejerip bolar, şonda adama hakyky
saglygy gaýdyp geler.
*Göz öňüne getirme (bejeriş hakdaky hyýaly kelläňe salyp, her gün 15-20 minutlap,
üç gezek — irden, günortan, agşam göz öňüňe getirmeli).
*Bejeriji afrmasiýa (bejeriji tassyk etme hem irden, günortan, agşam gaýtalan-
maly).
Söhbet özüni düýpgöter başgaça duýup başlady. Ol öň çaga bolup, indi özüni
ulalan ýaly duýdy. Taby hem gowulaşdy.
«Şükürler edýärin. Men täze dünýä gaýdyp geldim».
...Bu onuň depderiniň jemlemesi.
Ýöne entäk öňde ikinji, üçünji, dördünji..., onunjy syr hem bar...


Bägül ANNABAÝEWA
Ir säheriň arzuwlary
DURMUŞ
SAPAKLARY

(Dowamy bar)
www.alem.su

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir