ÝAMANLYK WE ÝAGŞYLYK

ÝAMANLYK

Ýalpyldadyp oragmy
Orup ýörkäm ýorunja,
«Byt-byt» edip, bedene
Galyberdi bir ünjä.

Görsem, edil öňümde
Höwürtge guran eken.
Höwürtgede üç sany
Ýumurtga duran eken.

Bir göwnüm «Orma! — diýdi,
— Öýnüň deňin goý munuň!»
Bir göwnümem «Or! — diýdi,
— Garny doýar goýnuňyň!

Gurunmaga höwürtge
Başga meýdan gytmydy?!
Bozup taşla öýüni,
Etse etsin «byt-bydy».

Bozdum şeýdip bedenäň
Bar umydyn-şatlygyn.
Şonda bildim, ýamanlyk
Etmegiň aňsatlygyn.


ÝAGŞYLYK

Başga bir gün şol ýerden
Orup ýörkäm ýorunja,
Geldi meniň ýanyma
Iki sany garynja.

«Kyn görmeseň, sen bize
Kömek beräý! — diýdiler.
— Geçer ýaly çeşmeden
Köpri guraý! — diýdiler.

— Aňry ýüzden gyş üçin
Daşamakçy däne biz.
Ýöne alaç tapamzok
Çeşmeden geçmäne biz!»

Tapaga-da çybyjak
Goýdum çeşmäň üstüne.
Täsin köpri-paýapyl
Taýyn boldy dessine.

Göz gerekdi görmäge
Garynjalaň şatlygyn.
Şonda bildim, ýagşylyk
Etmegiň aňsatlygyn.


ENÇEME ÝYL GEÇENSOŇ:

Unutdym garynjalaň
Hoşal bolup galyşyn.
Ýöne undup bilemok
Bedenäniň nalyşyn.

Hemra ŞIR

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir