16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.




Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini hem-de degişli sanawy makullap, bu ugurda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň karz berýän edaralary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gündelik sarp edilýän harytlary satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, kiçi möçberli karzlar üçin “Owerdraft karty” atly täze bank kartyny işe girizmek teklip edilýär.

Bu hyzmat nagt däl hasaplaşyklarda müşderiniň hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda müşderiniň hasabyny kesgitlenen çäklerde karzlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döreýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň döwlet we paýdarlar we täjirçilik banklary tarapyndan çykarylmagy meýilleşdirilýän bu kartyň nusgalary hödürlenildi. Şu taslamalar taýýarlanylanda milli öwüşginde we döwrebap görnüşde beýan edilen şekiller göz öňünde tutuldy.

Täzelikler, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir