URŞA GIDEN DAÝYMA

Il diýse-de: «Pahyr boldy neresse»,
Nädeli biz umyt kalpda ýer etse,
Saňa gül ýygardyk ençeme desse,
Ýeňiş güni ýoluna kän bakdyran,
Esger daýym gel!

«Uruş diýip gidişi ümdüzüne...»
Ýatlap, ýaş aýlardy mamam gözüne,
Menem dyngy berip diýýän sözüme,
«Ýeňiş üçin ak daňlary atdyran,
Indi bir çen boldy, esger daýym gel!»

Bakardyk sandykda üçburç hatyňa —
Gözýaş siňen onuň her bir gatyna,
Ogryn bakar eken münseň atyňa,
Gözel gyza yşk oduny ýakdyran,
Esger daýym gel!

Hat ýazypsyň, dänesi deý injiriň,
Diýipsiň: «Bejerýän tankyň zynjyryn,
Uýam men çekeýin urşuň ejirin,
Ýeňeris, bizlikdir ýeňiş» diýip hat ýazan,
Esger daýym gel!

Ýigrim bäş ýyly kem, bir asyr indi,
Ýalňyz uýaň munda kän aglap diňdi,
Mamamyň gapysy açyk dur şindem,
Il toýunda dor bedewin çapdyran,
Esger daýym gel!

Sen nirede, ýegenlerni görmedik,
Ýat ülkede at çapýaňmy derledip,
Kän gözledik, ençe tokaý sermedik,
Suratyny Dneprden akdyran,
Esger daýym gel!

Şükür, bagtly döwür, agzybir illi,
Ýurduň raýaty biz bagtyýar günli,
Henizem garaşýas, gujak ter gülli,
Deňi-duşy bilen ýeňşe ýetiren,
Esger daýym gel!

Aýnabat ATAÝEWA

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir