EJEMIŇ HÜWDÜSI

Maňa ylham berýär, maňa güýç berýär,
Ejem janyň aýdyp beren hüwdüsi.
Ertirlere höwes hem hyruç berýär,
Ejem janyň aýdyp beren hüwdüsi.

Ylham alyp, saba ýelleň badyndan,
Aýly gijäň eder has-da aýdyňdan,
Şirindir, şekerdir ähli aýdymdan,
Ejem janyň aýdyp beren hüwdüsi.

Uklasam üstüme mahmal ýapardy,
Gözel düýşlem gyzyl güle batardy,
Düýnlerimi şu gün, ertä atardy,
Ejem janyň aýdyp beren hüwdüsi.

Ýakyn eder daş bolsa-da aralar,
Bir saçaga üýşer ini-agalar,
Ala ýüpli sallançagmy yralar,
Ejem janyň aýdyp beren hüwdüsi.

Hümmetli ol — hazynaly serişde,
Ruhlandyrýar, goltgy bolýar her işde.
Misli çagalykda goran perişde,
Ejem janyň aýdyp beren hüwdüsi.

Ýada salsam ýene süýt kölde ýüzem,
Ylham joşup, täze goşgular düzem,
Gulagymda ýaňlanyp dur henizem,
Ejem janyň aýdyp beren hüwdüsi.

Aýnabat ATAÝEWA

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir