KÄBÄM DIÝDI

Meni gujagyna gysdy-da mäkäm,
Bir gezek düýşümde şeý diýdi käbäm:

«Bagymda açylan, solmaýan gülsüň,
Iller ýyldyz gözlär, sen tümde Günsüň,
Käte oýa batyp, otursam ümsüm,
Bilbilgöýä bolup saýran gyzymsyň.

Şana alyp gulpagyňy daranym,
Arzuwlanym, umyt ýüpün saranym,
Ugradansoň, kän ýoluňa garanym,
Şygyr dünýäsine seýran gyzymsyň.

Ara daş wagty-da, ýakyn ýüreklim,
Bu jahanda owal-ahyr gereklim,
Şabram şelpe kakyşlaryn derekleň,
Diňläp owazyna haýran gyzymsyň.

Gyzbukja däl onda bolmasa aýna,
Çeken keşdäň bolsun kalplara gaýma,
Eý, meň gül meňizlim, gaşlary gyýma,
Munda öz ýoluny saýlan gyzymsyň».

Meni gujagyna gysdy-da mäkäm,
Şol gezek düýşümde şeý diýdi käbäm...

Aýnabat ATAÝEWA

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir