YŞK

Bu ynsanlar meniň dözer-dözmezim,
Söýdüm artyklygyn, söýdüm kemligin.
Men olardan diňe gowluk gözledim,
Seljermedim olaň asla kimdigin.

Söýdüm geçmişimi, şanly taryhym,
Sarpalap merhumy, dirisi bilen.
Söýdüm bu dünýäni, ýazdym tarypyn,
Ownuk meselesi, irisi bilen.

Söýdüm tebigatyň ähli paslyny,
Sowuk gyşy, tomsy, ýaz, güýzi bilen.
Bu illere kökerilen aslymy—
Sährasyny söýdüm, gök düzi bilen.

Söýdüm.
Söýýän.
Söýerin bu ýaşaýşy,
Munda uly iliň biridirin men,
Şygyrlamda galar söýgä garaýşym,
Çünki şolar bilen diridirin men.

Aýnabat ATAÝEWA

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir