ÖZÜŇ BILÝÄŇ

Özüň bilýäň, gitseň goýup gaýgyda,
Gursakda ýüregmiň çat açjagyny.
Bu ömrümde seniň deýin ýigide
Aýdyp bilmen ýene sataşjagymy.

Özüň bilýäň, kejir ykbalyň emri,
Bizi aýry ugra etdi ýolagçy.
Ele alan bolsam bir tokga demri,
Heýkel ýasap, bordum täsin ýonagçy.

Özüň bilýäň, gursakdaky ýükümiň,
Götererden agramy kän heýwere.
Diýýäň: «Kabul etgin, yşkyň hökümin,
Eýsem, senden başga, aýt kim eýgerer?!»

Özüň bilýäň, bilmejegim syndyryp,
Bu ýollarda maňa bolan ynamyň.
Diňe sensiň gaýgylamdan dyndyryp,
Höwes berýän ýazmaga gök galamym.

Özüň bilýäň, ýalan bolsa söýgüde,
Irde-giçde gözleň gamaşjagyny.
Owal-ahyr aýtsam, sen deý ýigide,
Aýdyp bilmen asla sataşjagymy...

Aýnabat Ataýewa

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir