BU GÜN TÜRKMEN DIÝMEK

Türkmen bolmak hiç wagt aňsat bolmandy,
Häzirem aňsat däl mynasyp bolmak.
Türkmen diýmek, bu gün Garaşsyz Watan,
Hemem şol gowlugyň gadyn bilmek.

Türkmen diýmek, bu gün ýaşyl Tuguňa
Guwanmak parladyp, ýüregiň bilen.
Hemem oňa hyzmat etmek söýüpler,
Geçmişiň, şu günüň — deregiň bilen.

Türkmen diýmek, bu gün uly hasapdyr,
Hemem şol hasapda mydam galmakdyr.
Kim nämesin çalsa, goý, çalybersin,
Esasy zat dutaryňy çalmakdyr.

Türkmen diýmek, bu gün Mertebe bolup,
Soňam ony goramany başarmak.
Halkyňy hor etmän, zada zar etmän,
Oň begligni soramany başarmak.

Türkmen diýmek, öwlüýädir mukaddes,
Oňa sütem etmek hatadyr-hatar.
Hasapsyz zat ýokdur Taňryň öňünde,
Bet iş etseň, bir gün garagňy tutar.

Türkmen diýmek, bu gün geçmişi ýatlap,
Göterilmek ýene-de şol belende.
Almajak galasy bolmaz öňünde,
Adamzat oglunyň eli gelende.

Türkmen diýmek, bu gün Bitarap bolup,
Gowulyga — ak arzuwa baş yňmak.
Türkmen diýmek, bu gün Türkmenistanyň
Tutumyna, Yhlasyna düşünmek.

(Türkmenistan Bitaraplyk alan güni
ýazylan goşgy).

•••


GAMÇY
(Ýarym degişme)

Babam çalar eken käte mamamy,
Öznüň dagdan saply gamçysy bilen.
Daýym ony elden aljak bolanda,
Mamam diýer eken: «Aýryl, oglum, sen!

Är-aýalyň arasyna düşmezler,
Düşünşer ýene-de olaryň özi!»
Tärimden sallanyp urlan mamamyň
Düşermiş dabanna gamçynyň yzy.

Babam diýer eken: «Heleýiň käte
Eý görseňem, çaňyn kakyp durmaly.
Ýogsam, onuň göwni gün-günden ersip,
Diýermişin: «Är bolubam görmeli».

...Asylgy dur şol gamçy meň öýümde,
Aýalym kä daşyp, küpürsäberse.
Ýene-de parahat kaddyna gelýär,
Şol, babamdan galan gamçyny görse.

•••

OGULLARYMA

Dünýäň özne meňzäp, syr bolup geziň,
Her hal, ýuka ýerňe ganatyňy ger!
Ýogsam, ejiz ýerňi bilip alsalar,
Aýlap şol ýeriňe çöwüp deperler.

Okaň, paýhas ediň, gözläň ýadaman,
Gowlugy hiç mahal siz şere ertmäň.
Aglaň, aglasyňyz il agysyny,
Ýöne serden geçip, ýakaňyz ýyrtmaň.

Duşman ýogam bolsa, bäsdeşlik bardyr,
Ykbalyň oýnunyň köpdügi hakdyr.
Oňarsaňyz, başyňyzy çaraň siz,
Hiç kimiňem size bergisi ýokdur.

Arkaňyzam hiç kimseden pes däldir,
Ýöne ol göterip bermez goýanyň.
Her hal, mertebede ýaşamak üçin
Çalyşyň siz, dyzyňyza daýanyň.

Ogullarym, ykbalyňyz oň bolsun,
Okuňyz hemişe nyşana degsin.
Gelinleriň söýgüsinde ýaşaň siz,
Bu dünýä sowukdyr, tukatdyr ýogsam.

•••

Menem ýolda, özem esli ýyl bäri,
Köpri gurýan, derýa öňüm kesende.
Birde atly, birde samolýotly men,
Tizligim döwrümiň derejesinde.

Çagalygmyň duralgasy bireýýäm
Yzda galdy, üç-dördünji menzilde.
Çaga bolup, ýola çykanam bolsam,
Goja bolup barýan indi bu ýolda.

Gara şahyr Maryda eňränem bolsa,
Ençe gowulygy men munda gördüm.
Hyrydar boluşyp köp gyzlar bilen,
Ahyram birine ýüregim berdim.

Ýigrimi ýaşymda guş bolup gördüm,
Ak bulutlar bilen gujaklaşdym men.
Ak öýe meňzedip paraşýutymy,
Ykbalmyň üstüne gelip düşdüm men.

Moskwada boldum soňam bir salym,
Ajap bilim öýleriniň birinde.
Görsem, men şol ýyllar ýaşan ekenim,
Ymgyr giden gowulyklaň töründe.


Öz ornuma soňam dolanyp geldim,
Ýetirip ol ýerde ganatym-perim.
Ilki pişik hakda ýazanam bolsam,
Roman, powestlerim aldy soň gerim.

Emedekläp turdum, ýykylsam ýene,
Ýazýan bolsaň, dostam, göribem ýetik.
Ýöne ýalňyşmanma bu gün ynanýan,
Edebiýat ýakasyn ebşitläp tutup.

Şol ýolum yzarlap, çygşyldap barýan,
Yhlasymy, höwesimi gaýtalap.
Ykbal bolsa salgym bolup hol öňde,
Yzyna gözleýär, kä albaý bulap.

2006.

•••

Gitdikçe sowaýar ýene-de howa,
Men dyrmyşyp daga çykyp barýaryn.
Meniň beýgelýänmi görüpleň görüp,
Oda-köze düşýänlerni görýärin.

Gitdigim saýy-da gar hem galňaýar,
Ýöredigim saýy daljygýar demim.
Ýöne meniň daýanmaga wagtym ýok,
Goý, görsünler daga çykanyn kimiň.

Ýetişip bildiginden gar bolsa,
Meniň aýaklarmyň ölçegin alýar.
Hyrman-hyrman daşlaň arasy bilen
Biraz çaýçanaklap yzymdan gelýär.

Olar bir gün görenlerni aýdarlar
Soran bolsa bolar, bir gün haçanam,
Şu dereden Agageldiň yz goýup,
Birsi boldy gar mongalap geçeniň.

Salgy berer yzlam meniň ugrumy,
Beýan edip şu golaýdan ötenmi.
...Watan ony soňra başa göterýär.
Kim başa göteren bolsa Watany.

•••

Hasrat çekip ýörme, durmuşdan nalap,
Diýip: «Ähli zadyň gaýdypdyr işi...»
Kynçylyga duşsaňda sen her mahal,
Ýaşamany oňar, dik tutup başy!

Ynamyňy ýitirmegin sen asla,
Syryň pynhan sakla ýakyn-ýadyňdan.
Bir alajy bolar hemmeje zadyň,
Unutmagyn, Adam-a sen, Adam sen!

Döwür-döwran şol aýlanyp durandyr,
Kimsäň bagty ýatar, kimsäňki getir.
Diňe çydamly hem paýhasly adam,
Öz ýüküni islän menzilne ýetir.

Ýaşaýyşa ynamyňy ýitirip,
Sen ýürege agram salma gursakda.
Başar ýaşamany ýalkap-ýalkanyp,
Her döwürde,
Her ýagdaýda,
Pursatda.

1999.

•••

Arzuwlarym meni günme goýanok
Henizem men öňkim ýaly aldym-gaç.
Ýaşaýyşyň matlabyna baş goşup,
Musulmany boldum,
Köp göterdim haç.

Hor etmejek bolup bala-çagamy,
Namart köprüsinden geçdim men telim.
Käteler ýanyndan gaçyp gutuldym,
Käteler söweşip aldyrdym golum...

Gowular öňümden kän çykdy meniň,
Ömür-baky men şolara döneýin.
Olar köp gezekler çalşyp berdiler,
Duşmanlaň uzadan gara täleýin.

Ýaşadyp ýör meni maksat-matlabym,
Şükür entek kuwwady bar bilegiň.
Ýaşadyp ýör meni kalbymy çoýup,
Ýazyň geljegine bolan ynamym.

1996.

•••

(Taryh hakynda goşgular)

Töweregme aýlap gadym galany,
Otyryn oýlanyp geçmiş barada.
Geçmiş-geljek - olaň hersi bir kenar,
Wagt ummany hallan atýar arada.

Munda ýaşaýyşyň gaýnany belli,
Datly tüsse göterilip asmana...
Gül ýaly gelinler, gül ýaly gyzlar,
Şam bolandyr munda, gör, haýsy hana.

Galaň duşman bilen urşany belli,
Belli däl oň kime boýun egeni.
Höküm hormat, ýyndam atlar, gelinler...
Datly mydam gowy zatlaň tagamy.

Ot ýanyp dur, tüsse demin göterip,
Bir galjak ýatlama ýeňilseň-ýeňseň.
Hawa-da, şeýdipler dymaýmak galýar,
Bazaryňy ötüreňsoň sen deňiňden.

•••

Agzalalyk aňkasyny aşyrdy,
Türki gabap ol taryhy derede.
Dogan doganynyň kellesin aldy,
Nesillerem ýagy boldy ýene-de.

Gazap aklyň jöwherini öçürdi,
Duşmanlara bolsa şoldy geregi.
Ilki onuň birligini böldüler,
Şoldy türküň ýeňişlerniň ýüregi.

Begleri ýyl-ýyldan nadanlaşdylar,
Suwsadylar bir-biregiň ganyna.
Şeýde-şeýde millet barha ownady,
Geldi soňam ol biçäre halyna.

Ili bolup, onuň gadryn bilmedik,
Zady bolup, oňam gadryny bilmez.
«Sen» diýip, nadany öňe salan halk
Hiç mahal baýnamaz, gala hem almaz.

Ýogsam türkler dälmi Taňryny tapan,
Dünýäni dogumna boýun edenler.
Indem türküm gider ýoluny bilmän,
Paýhas sorap aýlanyp ýör ýetenden.

Bilemok, eý Taňrym, syljak sen haçan,
Türke rehmiň inip, gözden ýaşymyz?
Haýsy kaşlyk üçin töleýäs saňa,
Munça asyz, beýle agyr pajy biz.

1989.

•••

HUNLAR BARÝAR

(Gün han ogullary — Hunlar1 hakda oýlanyp)

Hunlar Ýewropany boýlap barýarlar,
Hajraw ýaly bolşup barýarlar bärden.
Beýle gyratlary, merdem begleri,
Ýogsam bu dünýäde taparsyň nirden?

Ýigitleň elinde sary ýaýlary,
Düýrme gylyç her bir Hunuň dessinde.
Olar näme bolsa boluşaýjaklar,
Bu dünýäde, ýaşaýşyň üstünde.

Söweş sowutlary eginlerinde,
Müňläp arabada agaç öýleri.
Olar ykballarny özleri bilen,
Äkidýärler şeýdip gitseler niri.

Atil çekip barýar halkynyň öňün,
Dogumyndan serpaý ýapynan bir är.
Dünýä göwni ýetmän ýören Wizantiýa,
Oň öňünde bu gün sandyraklaýar.
Hunlar barýar, barýar, ýeňmäge barýar,
Ýewropaň süňňüne siňmäge barýar.


(1Hunlar — gadymky türkmeniň ata-babalarynyň biri.)

•••

MUHAMMETGYLYÇ SERDAR¹

Elli ýyllap gaçyp-kowan,
Birde batyp, birde dogan,
Ýurdun gorap, goşun ýygan,
Muhammetgylyç serdar eken.

Agyr ýygnyň öňün çeken,
Buharada gala diken,
Hywaň ganly tugun ýykan,
Muhammetgylyç serdar eken.

Hojabegi at gazanan,
Ýoluna sogap ýazylan,
Şanyna şygyr düzülen,
Muhammetgylyç serdar eken.

«Muhammetgylyç bir gara dagym,
Bolsady ýanymda gyssanan çagym»,
Şol ýat eden begi ol Seýdi dagyň,
Muhammetgylyç, serdar eken.

Maryny ýagy alanda,
Çekilip gitmeli bolanda,
Ýol kesen iliň öňünde,
Muhammetgylyç serdar eken.

Togsan alty - uzak ýaşly,
Sekiz aýal ýanýoldaşly.
Her hal, belent tutan başy,
Muhammetgylyç serdar eken.

(¹Muhammetgylyç serdar — türkmen taryhynda ady galan XIX asyr serkerdeleriniň biri.)


  Awtor: Agageldi Allanazarow

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir