IÑ ÝAKYN DOSTUMA


Bu gije nämüçin ýatyp bilemok,
Oýlanyp geçirýän uzak gijäni.
Syrly garaýşyňam maňa düşnüksiz,
Ýa galdyran bolaýmaýyn bijämi?

Daş çykýaryn haraý isläp asmandan,
Şemal alyp gidýär gursakdan gamy.
Eşidilýär gulagyma ýeriň üstünden,
Uzakda ýaňlanýan dostlaň aýdymy.

Näçe diňleseň-de bu adamlary,
Seň syrly garaýşyň çykanok ýatdan.
Gursagyňda gor hem bolsa,ezizim.
Guý gujagyma, heder etme hiç zatdan!

Guý gujagyma, juwan göwün syrdaşym,
Düşün ahyr, geçip barýar ömrümiz.
Ýürekde syr gizläp birek-birekden,
Unudýarys ajaýyp ýaşamany biz.

Şoň üçin gijeler ýatyp bilemok,
Jahanda bar zatdan basylýar sussum.
Kyn bolýar ýaşamak ýagty dünýäde,
Senden syr gizlese iň ýakyn dostuň.

NÄME ÜÇIN?

Ol kimden nägile? Alyp bukjasyn
Ýazdy epinlerin toý köýnegiň.
Başyn aşak salyp, gamlandy birden,
Diýdi: ―Sen nirede, ýaşlygym meniň?

Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol,
Ýatlapdy gyz juwanlygynyň geljegin.
Akyl goýalmandy. Şonda-da päkdi,
Kim bilýär geljeginiň näme boljagyn?

Solupdy ýürekde güllän söýgüsi,
Rehimsizlik bilen taşlanypdy ol.
Kalbyndaky söýgi zäherlense-de,
Duýgular diýdiler gyz: ―Belent bol!

Başarypdy giň hem belent bolmagy,
Gynasa-da solan söýgüsi ony.
Ne gözel gijeler geçenin ýatlap,
Az däldi ahmyrly geçiren güni.
Öldi söýgi. Ýandy söýgi, kül boldy,
Ýatlamalar ýaşaýar ol ýürekde.
Hawa, şol gözel gyz garrady bu gün,
Ahmyrly, şol köýen söýgüsi hakda.

Belki, ol ömründe köp şatlyk görüp,
Başarandyr ýene-de bir söýmäni.
Bilemok onçasyn, bilýärin şuny:
Ilkinji söýgi üçin köp çekdi gamy.

Käte şeýle bolýar. Ilçilik ahyr.
Ýöne diýmäň muňa: ―Pelek gerdişi.
Aýdyň siz, nämüçin ol gözel gyzyň
Toý köýnegin ýazyp, aglap oturşyn?

ADAMLAR ÖLMEÝÄRLER


Ýyldyzlaň emeli giňeýär birden,
Bu meniň düýşümmi ýa-da hyýalym.
Adamlaň ýüregem giňeýärmikän?
Kimden sorasamkam düşünmeýän dilim.

Adam gussa çekýär, daralýar dünýä,
Bulutlaň içinde Aý tutýar ýasy.
Bu şahyranalyk ýerliklimikän,
Niçikkä adamlaň içki dünýäsi.

Her kimiň özüniň aladasy bar,
Kim öňe ymtylýar, kim bolsa yza.
Adam kalbyndaky sansyz ýyldyzlar,
Gizlin dogup ýaşýar, görünmän göze.

Niçik çalşyrymly, uzak bu ýollar,
Ýollara maksatsyz ugramak bormy?
Adam aglamasa adam derdine,
Tebigat biz üçin çekermi gamy?

NÄBELLI MAZARLAR

Ýatyr ol gijeleň sustlugyn diňläp,
Ýatlaýarlar gündizler nesillerini.
Eşretiň, durmuşyň aşygy bolup,
Baky gujaklapdyr ene ýerini.

Biziň planetada ýalňyz mazarlar,
Petir deýin örtüpdirler ýerleri.
Seçilýär üstüne älemgoşar dek,
Altyn pasyllaryň elwan zerleri.

Säginýän bir sellem ýeňsämi gaşap,
Soň baş egýän bu näbelli mazara.
Baş egýän jesediň adamlygy üçin,
Hawa, şeýle edýäris biz şu gün ara.

Nesilleň aýdymyn, ädimin diňläp,
Olar üçin baky ýatmak gylykdyr.
Näbelli mazaryň barlygy bolsa,
Diriler siz üçin masgaralykdyr.

ENEMIÑ OÝLANMASY

Penjreden Gün gyzaryp göründi,
Meň enem gorkuly tisgindi ýene.
Uzakdan gelýärdi awtomat sesi,
Urulýan dek taýly gezek maňlaýna.

Dymýar enem häzir, edil şu pursat,
Uzak ýollaň kültemini çözleýär.
Kowalanan jeren ýaly daljygyp,
Bagtymyzyň aýnasyny gözleýär.

Bagtymyzyň aýnasyny gözleýär.
Yraň atýar sallançagyň hallany.
Başyn ýaýkap, ýakasyna tüýkürdi,
Ol henizem ýatlap otyr Allany.

Basgylaýar, gahar bilen zäheri,
Datmalymy ajy bilen süýjüni!
Enemiň biz üçin, hawa biz üçin,
Ol köp ýerde synap gördi güýjüni.

Ol biz üçin sarp edipdi güýjüni,
Barmaklary bolsa ýaryk-ýarykdy.
Şol barmaklar bilen sypapdy ýeri,
Ýygyrtlaň ýüzünden deri syrykdy.

Otyr enem ýatlamalar içinde,
Ýatlaýar gijäni-gijä ulaşyp,
Ol ýyllar...
Şol ýyllar...
Gazaply ýyllar...
Agyr daşy aýlap arpa üweşin.
Ajyndan surnugan çagajyklaryna,
Şu gara gazanda gaýmak bulaşyn.

SENIÑ SURATYÑ


''Goşgy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda äri wepat bolan aýalyň dilinden ýazyldy...''


Demli çaýy agdarýaryn goýýaryn,
Göreçlem küýseýär seniň syratyň,
Gözüň gaýa bakyp, gaşlaň ýaýylyp,
Diwarymdan asylgy dur suratyň.

Uludan dem alyp, birden-de dymýan,
Göýä meň kükregim ýelleň mekany.
Diwarymdan asylgy dur suratyň,
Seniň keşbiň aýlaň, ýyllaň mekany.
Demli çaýy agdarýaryn men ýene,
Ýürek derdin dökýän ýaly hamala.
Birden kalbym gurşap sansyz arzuwlar,
Birden bolsa gaýyp gidýär şemala.
Demli çaýy agdarýaryn men ýene,
Göreçlerim küýseýär seniň suratyň.
Howandar çagymda, howandar maňa,
Indi ýigirmi ýyldyr jansyz suratyň.
Gundagdaky oglanjygyň ulaldy,
Aýak bitdi. ―''Kaka!'' diýip dil açdy.
Gapymyzda ekip giden erigiň,
Boýun alyp, her baharda gül açdy.
Şuwlaýar şemala eken erigiň,
Nirde sen söýgülim, nirde geregim,
Nirede eý gören gözlerim meniň?
Demli çaýy agdarýarym men ýene,
Gözlerim küýseýär gara gözleriň,
Gürsüldäp ýüregime urulýan ýaly,
Her äden ädimiň , aýak yzlaryň.
Diwarymdan asylgy dur suratyň.
Giň maňlaýyňda ýaýlypdyr gaşlaryň.
Sen diýip agyrdy meniň başlarym,
Gulaçlap sypalan gara saçlarym.

PERZENT

''Oglum Ýagmyra bagyşlaýaryn...''


Owadan-la bu jaý!
Gözel-le bu jaý!
Bu jaý hormat bilen
Söýgüden doly
Munda ogul bolýar,
Gyz dünýä inýär.
Bu jaý geljek nesliň
Simwoly ýaly,
Akuşerka daýza,
Meniň çagamy
Getirsene bäri,
Göremok häli.
Getirdiňmi?
Sag bol,
Mähriban daýza.
Hany, meniň gujagyma bersene!
Tolgunýar ýüregim,
Joşýar ýüregim,
Oň gürsüldäp uruşyny bir görsene!

Salam!
Dünýä inen ýaşajyk çaga!
Enelik orjuny bagyş etdiň maňa.
Ýagşy küýseýşi dek
Ene topragyň
Küýsäpdim,
Şonuň üçinem
Ýagmyr diýen ady dakýaryn saňa.
Enelik borjuny ederin berjaý—
Ýelden, ykdan gorap saklaryn seni,
Göwsümde ulalyp kemala gelseň.
Jahyl çykyp, begendirseň sen meni,
Şonda-da ýatlaryn bu gözel jaýy,
Seni söýüşim dek söýerin muny.
Açyk bolsun baky,
Ýaşasyn baky
Çagalaryň dünýä inýän mesgeni?

***

Söýemok men bu jahanda,
Ýaranjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden,
Öz ajalma jan bermäni.

Niçik bolar şemal ýaly,
Çar tarapa öwsüp dursam?
Ýan bermeli bolar onda,
Garşymda gaý tupan görsem.

Dönmerin öz pikirimden,
Atslarda ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek.
―Ynsan diýlen belent ada!


GARŞYLAÑ GYZLARY

Owadan siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleň eýesi, guşlaň eýesi.
Hüşermäň oglanlar, göriplik etmäň,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.

Görýäs biz olary uly ýollarda,
Görýäris zawodlaň gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlaň her günde.

Gyzlar baş darýarlar aýnaň öňünde.
Gün äpet göwresin salanda ýere.
Goý olar beslensin, goý beslenmesin.
Deňemäň görklerin göwhere – zere .

Gün gizlenýär äpet gomlaň teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlaň üstümi, köprüleň gerşi,
Parhy ýok, oglanlar garşylaň gülüp.

Garşylaň siz syr saklamaň ýürekde.
Boluň siz näzijek gyzlaň eýesi.
Düşüniň, oglanlar, aýaň gyzlary,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.

* * *

''Yşk derdin assalar gögüñ boýnundan,
Gök titreýip çeke bilmez bu derdi''.
(Magtymguly)



Agaçlara gyraw sepip gijeler,
Şuwlaýar daşarda ýanwar şemaly.
Ümmüleň içinde mawy ýyldyzlar,
Görünýär meň tukat ýüregim ýaly.

Men bu tukat gijä, bu ümsümlige,
Aslynda näm üçin boldum hyrydar?
Kalbynda gyş deýin doňan söýgüniň,
Barlygyna, bilmedim , kim günäkär?

Kim günäkär? Şol söýülen gözlermi?
Ýok, ol gözler maňa gülüp bakmandy.
Lälezar baharda golumdan tutup,
Ýigit meniň bilen seýle çykmandy.

Söýdüm men şonda-da, Gaýbana söýdüm.
Söýdüm ol oglanyň görmek-görküni.
Wah, dagy nädeýin, gussa çeksem-de,
Bir şoňa baglapdyr ýürek örküni.

Näçe wagt geçdi ony söýenme,
Näçe ýagyş ýagdy, näçe gar ýagdy,
Bu ajap dünýäden ýüzüni gizläp,
Söýgi gursagymda Gün bolup dogdy.

Men duýdum söýgimi, syzdym söýgimi,
Syzdym oňa ajaýyp gazaldygyny.
Şygyrlaň lezzeti şirin bolsa-da,
Görmedim söýginiň gözelligini.

Gar gaýmalap penjräniň öňünde,
Şuwlaýar daşarda ýanwar şemaly.
Meň söýgim ýürekde tukat dem alýar,
Gar bürän ýalaňaç agaçlar ýaly.

Men bu tukat gijä, bu ümsümlige,
Aslynda nämüçin boldum hyrydar?
Geçýär günler, emma meniň kalbymda,
Açylmadyk, eçilmedik söýgi bar!

***

Altyn ýüzük, gymmat baha sagady,
Nämüçin harç edip alýarsyň maňa?
Ýanymda ýantazy-selpäp ýörşüňe,
Men gahar edýärin şeýle bir saňa!
Irginsiz soraglaň lapym keç edip,
Atylan daş deýin ýüregime düşýär.
Ýatlamok. Bolan zat bolup geçipdir.
Bolgusyz sowgatdan çeke men, hüşgär.
Sil dek şaglap geçen juwan ýaşlygym,
Ýatlamak islämok hiç zat sen hakda.
Bar bilýänim diňe ýaşalan ýyllar,
Näletleýän seni biwepalykda!

SÖÝGI HAKDA OÝLANMA

Ýüregim erkime ýöretseň höküm,
Meň ony söýmäge barmyka hakym?
Sözle bu sowala jogap berjek kim?
Ýok,ýürek ýalňyşýaň sen az salym dym.
Pikirlen-de daş çyk,
Seret asmana.
Geňeş sal gudratly gara daglara.
Ýüzlen bu güneşe,
Ýüzlen äleme,
Dyza çök,
Alnyň goý mukaddes ýere!
Şonda-da hiç kimden tapmarsyň jogap,
Ölçerde syryň dök giň sähralara.
Göwnüne gelenin sözlesin her kim,
Ýürek, saňa boýun egermi erkim?
Bolsaň-da bu näzik synaň geregi,
Bolsaňda bu gan damarmyň diregi,
Heý-de ýürek häkimligini çekermi,
Erke bekän şahyr gyzyň kükregi?
Özüň görýäň,
Dogup-ýaşyp dur günde,
Ýaşaýar dünýäde juwan göwünler,
Dymanok bu günler,
Dymanok aýlar.
Dymanok gijeler,
Dymanok ýyllar.
Olar maňlaýmyzda gasyn atyp dur.
Duýanok, ýaşaýar juwan göwünler.
Daglar bar dünýäde belenden-belent,
Baglar bar dünýäde gözelden-gözel.
Ýollar bar dünýäde uzakdan –uzak,
Ýollar bar dünýäde inçeden-inçe.
Şu ýollardan ýöräp barýar adamlar,
Şu ýollardan döräp barýar adamlar.
Eşretli bu durmuş,
Bu durmuş gözel.
Durmuş, seniň üçin ýazmaly gazal.
Gijeler oturyp pikir etmeli,
Men entek-entekler köpe ýetmeli.
Ýüregim, erkime ýöretseň höküm,
Meň ony söýmäge barmyka hakym?
Ol gowy adam söýülmäge mynasyp,
Görk berýär ýüzüne saçlaryň agy.
Ol saçlar meň üçin,
Hawa, meň üçin,
Tälim berip duran durmuş sapagy.
Aýtsyn erkim pikirlerniň baryny
Söýýän bolma, ýürek , özgäň ýaryny?
Saňa garşýan!
Sen özgäň ýaryna göwün bermersiň!
Şeýle ham-hyýala ulaşan bolsaň,
Nirde ursaňam gursagymda urmarsyň.
Bolsaň-da bu näzik synaň geregi,
Bolsaň-da bu gan damarlaň diregi.
Heý-de ýürek häkimligi çekermi,
Erke berkän şahyranyň kükregi?
Gijeler oturyp pikir etmeli,
Men entek-entekler köpe ýetmeli.
Düşün, bu sözlere,
Edemok oýun.
Bolmaly bolarsyň,
Erkime boýun!

DOSTLUK AÝDYMY

Howada gaýmalaýar ýeňiljek gar, Sowukdan gyzdyrýar ýaňaklarymyz.
Men barýan seň bilen, eziz dostum,
Dostlugmyz ýylydar ýüreklerimiz.

Gyş geçer, ýaz geler, garlar erär,
Gök öwsüp gül açar ýeriň ýüzi.
Dostlarymyz nur saçar kalbymyzda,
Göýä gök asmanyň ak ýyldyzy.

ÝAÑAN AÝDYMYM

Ýap boýuna gülüp baran badyma,
Ýene gözel ýarym düşdi ýadyma.
Ýaprak ýolup atdym suwuň ýüzüne
Ötsin diýip söýgülimiň özüne.

Ýaprak gaýyp gitdi suwuň ýüzünden,
Şol suwuň ýüzünden ýaryň yzyndan.
Ýuwaşjadan aýdym aýtdym diň salyp,
Ýarym geler aýdymyma diň salyp.

Ýaňlan sen, aýdymym, ýar gulagynda,
Oýar ony, birden uklap galmasyn.
Akar bilen ýara ýollan ýapragym,
Suw ýüzünden özge penje almasyn.

BU SÖÝGI DÄL JENAÝAT

Dursaň sen ýaýdanyp köçäň ugrunda,
Seredýäň tiz-tizde el sagadyňa.
Säginýäň kä öňe, kä yza ýöräp,
Sabyrsyz garaşýaň wagta hem oňa.

Gelýär gyz ýanyňa, gelýär ýylgyryp.
Syzýaň bu pursatlaň täk hezilligin.
Bahar gunçasy dek dünýäni bezeýän,
Nowjuwan gözeliň päk gözelligin.

Näçe Ninalara, näçe Güllere,
Sen näçe köçede gülüp gözlediň.
Ýürekdäki elhenç nejis syrlary,
Şol gülküň astynda bukdyň, gizlediň.

Bu gün seň aýalyň şol gyzlaň biri,
Ýatyrsyň gujaklap tämiz düşekde.
Sypaýaň bedenin, öpýäň saçlaryn,
Gör, aýal söýmäge sen niçik ökde!

Ine-de, sen dursyň aýalyň bile,
Gelip sud öňünde bozýaň nikany.
Erkeklik adyna ysnat getirip,
Bu ajap dünýäni saýýarsyň pany.

Penjireden asman gümmezine gözläp,
Ýaşajyk çagaňyz gülüp dur, ine.
Enäň gözlerine elhenç bolsaň-da,
Özgeleň gözüne sada sen ýene.

Barýarsyň köçeden agras ädimläp,
Çykýarlar öňüňden tanyşlaň bary.
Diýýärsiň: ―Aýrylyşmak jenaýat iş däl.
Säginip halyňy soraýsa biri.

Hemmeleriň ýüzüne bakýarsyň hyýrsyz,
Adamlardan gören ýaly hyýanat.
Gatyrganma, aýdylanda dogrusy,
Seniň söýgiň söýgi däl-de, jenaýat!


Annasoltan KEKILOWA

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir