Yşgyňdan joşa gelip bilbil saýraýar bagda,
Hasratyňdan saralýar ymmatyň salsa ýada
Söýýän ýürek dözmeýär ajy aýralyk oda
Biçak göresim gelýär, sizi ýa Resulalla
Dünýä gadamlap barýar ahyrýet aýagyna,
Päk diniňe uýýanlar girer jennet jaýyna.
Gabyr ejir çekdirer, garybyna, baýyna
Ymmatyň niçik bolar, şolgün ýa Resulalla
Älemlere merhemet bolup indiň dünýäge
Nuruň bilen nur çaýdyň ynsanlaryň ýüregine
Rawzaňa bara bilsek birje sapar görmäne
Ýokdur dünýäde arman bir görsek Resulalla
Ynsanlar çykyp barýar ynsanlyk alamatdan
Ymmatyň galyp barýar tagatdan ybadatdan Beýle bolup gitmesin bu döwür dowamatdan
Rehmet dile ymmata göz nury Resulalla
Goç ýigitler galypdyr inni gujur gaýratdan
Baýlar pul sorar boldy sahawatly jomartdan
Ylym alynar boldy, her öň ýeten kitapdan
Jelil jyda goýmasyn, Kurandan Resulalla.
Ymmatyň dünýe maldan elmydam dertli başy,
Tamamlap barýar goja tobasyz ýetmiş ýaşy
Zenanlardan geçipdir erkekleň saçy gaşy
Nury jahan serweri medet ýa Resulalla
Ýaş ýigitler doňuzdan haram lukma iýerler
Pagta ýakymsyz diýip ýüpek mata geýerler
Magşarda elleriňden niçik köwser içerler
Şepagatyňdan mahrum kylma ýa Resulalla
Bilmedim ahyrýete ýakynmyka bu döwür.
Saňa bolan söýgüden ýürekler edýär höwür.
Päk ýoluňda ýöresem aýrylman bütin ömür.
Ömri gapyl ötmesin ymmatyň Resulalla
Awtor - Gara Ahmedow