Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!

Kyn bolar señ ýok döwürleñ geçmesi,
Sebäp sensiñ ylhamymyñ çeşmesi,
Gurbanyñ men, señ näzleriñ teşnesi,
Ýakynlaşman senem menden gidersen,
Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!

Zar bolarmen, gözlem ýoluñda galar,
Sensizlikde düşer köñle belalar,
Ýaş başyma salyp şunça gowgalar,
Güler ýüzüñ menden sowup gidersen,
Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!

Şonsuzam men seni söyüp doýmadym,
Öz erkimi öz-özümde goýmadym,
Hemmelerden uly seniñ hormatyñ,
Päk göwnüñe arzuw baglap gidersen,
Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!

Boljakdym mydama seniñ ýanyñda,
Baky galjakdym men seniñ janyñda,
Emma göwnüm çöküp barýan çagynda,
Derdime dert goşup menden gidersen,
Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!

Menden başga garaşýanlar bardyram,
Eneñ-atañ gül yüzüñe zardyram,
Elden alyp bar guwanan zadymam,
Howlugyp sen ýollar söküp gidersen,
Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!

✏?

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir