Seýilbagdaky gürrüňdeşlik.
Egnine plaş geýen, howanyň sowugyna biraz çugudýan saçlary çalaran adam seýilbagyň içinde ýöräp ýörkä, bir oturgyjyň deňine baryp onda oturdy. We şeýle diýip pikirlenýärdi.
- Häzir noýabr bolsa-da gyş gelipdir-ä, howadan bildirip dureýt bu, wäh agşamky ýagan gar ýeri taýpanar ýaly edipdir. Güýzüň geleni ýaňydy, men şonda hem birhili duýgyny duýupdum. Meni güýziň gelip, sowuk urup, otlaryň saralany haýran galdyrypdy. Bu hal maňa indiler del görünýär. Maňa baharyň gelişi hem del göründi. Ondaky ýagdaý-ha hasam del boldy. Bir bilsem çarýany otlar basaýypdyr. Agaçlaryň pyntygam ýarylyp ýapraklaýypdyr. Bu hal hasam deldi. Muňa mem apreliň ahyrlarynda öwrenişdim. Tomus-ha meni oýlandyrmady onuň bilen derrew utgaşyp gitdim. Indi bu ýagan garlar meni haýran edýär. Hemme ýer ap-ak bolup ýatyr. Maňa tebigat: "sen meň üçin keseki" diýýän ýaly.
Oturgyjyň üstünde oturan adam şeýle diýip pikirlenýärkä. Birden gar ýagyp başlady. Bu ýagdaýa garaşmadyk ol kişi. "Gar, gar ýagyp dur" diýip belendiräk ses bilen gürledi. Onuň bu sesine onuň deňinden geçýän seýilbagdaky adamlaryň biri tisginip aňk bolup onuň ýanynda sägindi. Sägindi-de: "Howwa gar ýagýar aga" diýip oňa ýylgyryp jogap berdi. Haýran galmakdan ýaňa oňa geňirgenen ýaş ýigit onuň deňinden ötibermekçi boldy. Emma oňa "Eý gardaş şu ýerde biraz oturaý, bu garyň ýagşyny bile synlaýaly" diýip öz ýanyndan ýer görkezip ony gapdalynda oturtdy. Salam-hälekden soň gürrüň başlandy. Olaryň başlanan gürrüňi şeýleräk dowam edýärdi.
- Hää adym şu diýsene dostum, tüweleme gowy işiň hem bar eken.
- Sagboluň aga nähili özüňizkilerem tüwelemedirler?
- Mundan başga näme bilen meşgul bolýaň, dostum?
- Işimden daşary meşgul bolýan zadym ýok. Ýöne wagtym boş geçmesin diýip oguljygym bilen ussahanada heýkel ýasan bolýan, şu iş meni özüne çekýär.
- Hä berekella! Özüne çekse diýmek sende zehiniň bardygy bolýar.
- Sagboluň aga, soramak mümkinmi? Özüňiz näme edýäňiz? - diýip, gürrüňdeşine bu ýaş oglan sorag berýärdi.
- Menmi? Meniň eden işim ýok. Ýöne şu günler öýlenäýsem diýýän.
- Häää? Öýlenmekçimi siz? Bagyşlaň ýaşyňyz näçe agam?
- Saglyk bolsa elli sekgiz (58) ýaşaýan
- Hä şeýlemi? Bagyşlaň aýalyňyz ýokmydy?
- Ýok, häli öýlenmändim.
- Bagtly boluň onda aga - diýdi-de, bu gepe biraz äm-säm bolan ýaş oglan saçy agaran adama başga söz aýtmakdan dymanyny gowy gördi. Emma ol ýigit üçin bu adamyň şu wagta çenli näme üçin öýlenmedigi geňdi.

Ýolagçy

Edebiýat, Umman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir