ATEISTIÑ DÜŞÜNMEÝÄN ZATLARYNYÑ BIRI: NIREDE GABAT GELSEÑIZ (KAPYRLARY) ÖLDÜRIÑ!

Ateistiñ Gurhandaky okaýan teswirlerine, sözlerine düşündiriş bermek üçin, düşündirmek üçin köp wagt sarp etmeli bolýar.
Allaha ynanmaýan, dinsiz her bir adam Gurhanyñ her bir sözünden, her bir aýatyndan ýañsylap hem görýändirler. Olaryñ bu boluşy käwagt iman tarapdan bekemedik, gowşak musulmanyñ gaharyny getirip, aşyna zäher gatýar.
Yslamy ýañsylaýan her bir adamyñ düşünjesiniñ pesligine garamazdan her bir musulman gahar-gazapdan saklanmalydyr. Olaryñ şerine aldanyp kalbyny garaltmaly däldir.
Gurhanyñ bir aýatynda aýdylýan şeýleräk düşündirişleri ateistler sowala goşdular:﴾191﴿ Olary gabat gelen ýeriñizde öldüriñ, sizi çykaran ýerlerinden sizem olary çykaryñ. Pitne öldürmekden has erbetdir.
Mesjidi Haram töwereklerinde siziñ bilen söweşmeseler sizem ol ýerde olar bilen söweşmäñ. Siziñ bilen söweşmäge başlasalar şol wagty olary öldüriñ! Ine kapyrlaryñ jezasy şeýledir!﴾192﴿ Eger olar ýüz öwürseler, artyk Allah bagyşlaýjydyr, merhemetlidir.
Ateistler bolsa bu aýatyñ 191-njisini ýañsa alyp, yzyna ýazylan 192-njisini näme üçindir agzamaýarlar. Meselem 191-nji aýatyñ öñündäki 190-njy aýaty hem okap duranoklar. Ýok, diñe şol 191-nji aýat hakda soraýarlar. Hatda aýat:﴾190﴿ Size garşy söweşenlere Allah ýolunda sizem söweşiñ, ýöne bu babatda aşa öte gitmäñ! Dogrusy Allah aşa öte gidenleri söýmez. Şeýlelikde ateistler soraglaryny jogaplatmak üçin aýatyñ başyragyny we soñuragyny ýazmaýarlar.
190-192-nji aýatlaryny okanymyzda muny açyklamaklyga-da gerek ýok. Muña ýönekeý okyjy hem düşünse gerek!





https://www.islamiforumlar.net

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir