Nurmagomedow 35 ýaşdan soň ringe çykmaz
Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Habib Nurmagomedow 35 ýaşynda ýaryşlara gatnaşmak islemeýär diýip, INTERFAX habar berýär.

"Karýeramyň başky basgançagynda däldigim düşnükli. 32 ýaşap barýaryn. Meniň pikirimçe, bu gaty bir kyn döwür däl. 35 ýaşda ýeňil agramda çykyş etmek mümkin däl" diýip, Nurmagomedow “Match” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
"35 ýaşda-da, 40 ýaşda-da özümi dünýä derejesinde göremok" - diýip, ol belledi.
"Häzir men iň ýokary derejä ýetdim, ýöne hemme zadyň wagtlaýyn bolandygyna düşündim. Beýle ýaşda kim elitada söweşdi? Kadadan çykmak islärdim, ýöne bu meniň saglygyma howp salýar. 50-60 ýaşda maýyp bolmak islemeýärin" diýip, söweşiji gürrüň berýär.

Nurmagomedow ýeňil agramda UFC-niň çempiony. 31 ýaşly türgen garyşyk söweş sungatynda 28 tutluşykda 28 (sekiz nokaut bilen) ýeňiş gazandy.
24-nji oktýabrda ol Abu-Dabide amerikaly göreşiji Jastin Getji bilen söweşer.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir