BAŞYNA GÖREN ÝALY

Rowaýata görä goňşy gelinler üýşüp, küýzeli suw alyp gelýärkäler, oglunyň ýetişdiren çar bagynyň saýasynda saýalamaga çöken enäniň ýanyndakylar gözdençykgynç agyr hasyl getiren baglary görüp, “Baglara başyna gören ýaly getiripdir” diýipdirler.

Bu gürrüň gulagyna hoş ýakmadyk ene “Öz başyny özi iýsin, başa gelen belany sowsun” diýipdir. Bu gürrüňiň manysy Üçýyldyz, Ýaldyrak möwsüminde ýetişýän baglaryň köpüsi gözdençykgynç agyr hasyl getirip, şahalaryny göterip bilmän döwlüp “öz başyny özi iýýär”, ýagny guraýar.

Başy şemala yrgyldaýan baglaryň başy ýere düşýär. Ýagny baglar “öz başyny özi görýär”. Ýöne, şol Üçýyldyzyň galgynynda, Ýaldyragyň ýangynynda yssyda köýnekçe işläp ýalynepgek geçirip, güne urduryp hassalaýan adamada bir zat bolaýsa “Baglar eýesiniň başyny gördi” diýilýän ýeride bar.

Şoň üçin atababalarymyz tomsuň yssysynda ýekegat köýnekçe, başaçyk işlemändirler. Donly, ýeňsiz keltekçeli, kemzolly, kellesi çöwürme telpekli, derläp, deri özüne siňýän adama bolsa epgekýalyn täsir etmändir.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir