Dur­muş­da adam gat­na­şyk­la­ry ýa­ly gy­zyk­ly zat bar­my­ka? Sa­ňa düý­bün­den nä­ta­nyş adam­la­ryň soň­lu­gy bi­len, mäh­ri­ban adam­la­ra öw­rü­lip git­me­gi – yk­ba­lyň iň şow­ly sa­hy­pa­la­ry bo­lup, sa­ňa ju­da eziz ýat­la­ma bo­lup gal­ýar… Ýok, men adam­la­ryň ýan­ýol­da­şy ba­ra­da söh­bet aç­mak­çy däl. Baş­ga bir mu­kad­de­s­lik ha­kyn­da – mu­gal­lym ba­ra­da ke­lam agyz…

1994-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ry. On­dan bä­ri 26 ýyl tö­we­re­gi wagt ge­çe­nem bol­sa, şol gün edil düýn ýa­ly ýa­dym­da… Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň “Teatr sun­ga­ty” fa­kul­te­ti­niň “Dra­ma we ki­no akt­ýo­ry” bö­lü­mi­ne ta­lyp bol­mak ne­si­be­si çe­ken, 14 sa­ny bi­ri-bi­ri­ne nä­ta­nyş og­lan-gyz­lar… Gal­pyl­dap du­ran 14 sa­ny ju­wan ýü­rek­ler. On­su­zam tol­gu­ny­şyp otu­ran ha­ly­my­za ga­pa go­laý­la­ýan aýak se­si­ne ha­sam düý­rük­dik. Çün­ki, bu aýak se­si bat­ly­dy, do­gum­ly­dy, aýal köw­şü­niň se­si­di. Bir­den ga­py açyl­dy. Ýew­ro­pa bi­çüw­de, gök reňk­li owa­dan köý­nek­li, gör­me­geý, göz­le­ri do­gum­dan syç­rap du­ran ze­nan içe­rik ät­le­di. Men bu ze­na­ny ba­da-bat ta­na­dym – ol ki­no­film­ler­de, te­les­pek­takl­lar­da us­sat­lyk bi­len çy­kyş ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ogul­dur­dy Mäm­met­gu­ly­ýe­wa­dy. Ýö­ne, nä­me üçin­dir film­ler­de bu ze­nan mä­hir­li, hos­sar­çyl ýa­ly gö­rün­se-de, bu wagt ol ju­da ba­dy­ho­wa, ta­lap­kär, hat-da bi­raz za­bun gö­rün­ýär­di. Ol sa­lam­la­şan­dan soň, bi­zi how­luk­man göz­den ge­çir­di. Ýe­ke-ýe­ke­den ta­nyş­ma­ga baş­la­dy. Ha­ma­la, gi­riş sy­nag­la­ryn­dan şu wagt geç­ýän ýa­ly, biz ga­ty al­jy­raň­ňy ha­la düş­dük. Ara­myz­da Bä­gül at­ly bir gyz bar­dy. (Ol hä­zir Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da iş­le­ýär, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Bä­gül Ha­ly­ko­wa). Ta­nyş­lyk ge­ze­gi Bä­gü­le ýe­ten­de, mu­gal­lym so­ra­dy:

– Adyň Bä­gül bol­sa-da, nä­me üçin­dir se­niň gaş­la­ryň çy­tyk?

Bä­gül ýa al­jy­ra­dy ýa-da os­lag­syz so­wa­la ga­tyr­gan­dy. Se­si nä­gi­le çyk­dy:

– Me­niň bol­şum şeý­le!

Mu­gal­ly­myň in­di­ki sö­zün­den soň biz on­dan ha­sam çe­kin­dik:

– Men se­niň bu bol­şu­ňy üýt­ge­de­rin!

Jaň ka­ky­lan­dan hem­mä­miz ulu­dan dem alyp, der­rew ara­kes­mä çyk­mak bi­len bol­duk…

Bu haý­bat­ly mu­gal­ly­myň bi­zi tä-ä ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­la­ýan­çak okat­ma­ly­dy­gy­ny eşi­de­ni­miz­de, ba­ry­my­zyň la­py­myz keç bol­dy. Içi­miz­de ar­tist­lik kä­ri­ni saý­la­ny­na ökü­nen­le­rem bol­dy. Bu ýag­daý bi­zi er­bet ho­puk­dyr­dy… Em­ma, ýag­daý ýu­waş-ýu­waş üýt­ge­di. Mu­gal­ly­my ta­na­dy­gy­myz­ça, bi­ziň ol ba­ra­da ýal­ňyş pi­kir eden­li­gi­mi­ze git­di­gi­çe göz ýe­ti­rip baş­la­dyk. Ogul­dur­dy mu­gal­lym so­ňa­ba­ka bi­zi edil öz ça­ga­sy ýa­ly gö­rüp baş­la­dy. Biz he­ri­miz bir we­la­ýat­dan ge­len og­lan-gyz­lar mu­gal­lym­dan ene ham­rak­ly­gy ýa­ly go­laý­lyk, ge­çi­rim­li­lik, ene hos­sar­ly­gy ýa­ly mä­hir duý­gu­la­ry­ny du­ýup ug­ra­dyk. Ol sö­zün­de ta­pyl­dy. Di­ňe Bä­gü­li däl, hem­mä­mi­ziň hä­si­ýe­ti­mi­zi üýt­get­di. Go­wu­ly­ga üýt­get­di. Biz­den al­jy­raň­ňy hä­si­ýet­ler, go­wuş­gyn­syz­lyk, ga­şy­my­zyň çy­tyl­ma­gy aý­ry­lyp­dy. Oňa de­rek bir maş­ga­la öw­rü­lip bar­ýan to­pa­ry­myz bi­ri-bi­ri bi­len hem ys­nyş­ýar­dy. Ýö­ne, ba­ry­bir, mu­gal­ly­myň ta­la­be­di­ji hä­si­ýe­ti bi­len öw­re­niş­me­li bol­duk. Has dog­ru­sy, ol bi­zi nä­çe öz pe­na­syn­da sak­la­sa-da, okuw bo­ýun­ça-da, adam hök­mün­de-de bi­ziň borç­la­ry­my­zy ta­lap ed­ýär­di. In­di gö­rüp otur­sam, biz mu­gal­lym ba­ba­tyn­da ga­ty bagt­ly ta­lyp­lar eke­nik…

“Adam özü­ni hor­mat­la­ma­sa, hiç ki­mi sy­la­maz”. Na­ky­la ba­ra­bar bu jüm­le mu­gal­ly­myň ta­ly­by bol­mak ne­si­be­si bo­lan ar­tist­le­riň hem­me­si­niň şy­ga­ry­na öw­rü­len bol­ma­ly. Özü­ňi hor­mat­la­mak diý­mek, adam di­ýen dü­şün­jä­ni hor­mat­la­mak diý­mek eken. Öz­ge­le­riň ed­ýän iş­le­ri­ni, duý­gu­la­ry­ny, pi­kir­le­ri­ni, dü­şün­je­le­ri­ni hor­mat­la­mak eken… Şol zat­la­ra bi­parh ga­ra­maz­lyk eken…

Ýyl geç­di­gi­çe mu­gal­ly­myň bi­ze siň­di­ren yh­la­sy­ny, ala­da­sy­ny çuň­ňur duý­ýar­dyk. Onuň bir hä­si­ýe­ti bar­dy. Teatr­lar­da gid­ýän spek­takl­la­ry gün­de to­ma­şa et­me­gi­mi­zi sar­gar­dy. Er­te­si sa­pak­da, ha­ma­la teatr öw­re­ni­ji­ler ýa­ly, gö­ren ese­ri­ňe syn ber­me­li­siň. Şo­nuň üçin, spek­takl­la­ry gö­züň bi­len däl, ýü­re­giň bi­len gör­mä­ge ça­lyş­ýan­syň. Her bir ki­çi­jik zat­la­ram syp­dyr­maz­ly­ga ça­lyş­ýan­syň… Iň esa­sy hem, er­te­si sa­pak­da sen şol spek­takl ba­ra­da özüň­den öň ýa­nyň­da çy­kyş eden ta­ly­byň pi­ki­ri­ni gaý­ta­la­ma­ly däl­siň…

Şo-ol dö­wür­ler­dä­ki gö­ren spek­takl­la­ry­myň äh­li­si di­ýen ýa­ly göz öňüm­de. Kä­bi­ri sal­gy­ma öw­rü­lip, hy­ýa­lym­dan ýu­waş­lyk bi­len ýi­tip bar­ýar, kä­bi­ri­niň bol­sa, git­di­gi­çe ag­ra­my, gym­ma­ty art­ýar…

Bir spek­tak­ly we­li, tas ýat­dan bil­ýän… Dün­ýä bel­li dra­ma­turg Ýew­ri­pi­diň “Me­de­ýa” spek­tak­ly. Bu ese­riň, el­bet­de, özi hem çuň eser. Em­ma, onuň gym­ma­ty­nyň esa­sy se­bä­bi, şol eser­de baş keşp­de mu­gal­ly­mym, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ogul­dur­dy Mäm­met­gu­ly­ýe­wa – Me­de­ýa­ny jan­lan­dy­ryp­dy. Me­de­ýa. Kal­by ah­myr­dan, na­mys­dan, söý­gü­den do­ly ze­nan… Ar al­mak hy­ju­wy hem­me eziz­lik­le­rin­den rüs­tem gel­ýän gaý­duw­syz ze­nan… Bu spek­takl he­ni­ze – bu gü­ne çen­li go­ýu­lyş aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça hem, akt­ýor­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­riş us­sat­ly­gy bo­ýun­ça hem kä­mil eser hök­mün­de oňa to­ma­şa eden adam­la­ryň kal­byn­da. Teatr di­ýen ja­dy­ly dün­ýäň gy­zy­gy­ny art­dy­ran bu eser­dä­ki Me­de­ýa – mu­gal­ly­myň bir bö­le­gi. Has dog­ru­sy, köp­räk bö­le­gi. Ýa­dy­ma düş­ýär – “Me­de­ýa­nyň” her ge­zek to­ma­şa­çy­la­ra gör­ke­zil­jek gü­ni mu­gal­lym baş­ga bir ada­ma öw­rül­ýän ýa­ly­dy… So­wuk ba­kyş­ly, için­de ha­ra­sat gop­sa-da, özü­ni pa­ra­hat alyp bar­ma­ga ça­lyş­ýan, has­rat­la­ry göz­le­rin­den ço­gup du­ran şol gün­ki mu­gal­lym bi­ze ýat bir adam ýa­ly­dy… In­di, pi­kir öw­rüp otur­sam, ol gün me­niň mäh­ri­ban mu­gal­ly­mym däl-de – Me­de­ýa biz bi­len şeý­le eken… Baş­ga-da on­lar­ça keşp­le­ri bar­dyr we­li, mu­gal­ly­myň Me­de­ýa bi­len gat­na­şy­gy has go­laý­dy… Ýa, men öz mu­gal­ly­my­my hiç ma­hal ta­na­ma­dym­my­kam?! Onuň ru­hy dün­ýä­si tu­tuş şol ga­zap­ly Me­de­ýa­nyň­ky ýa­ly­­dy­myka? Nä­me üçin, ol bu keş­be ala-bö­le aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­dik-ä…?

Şu wag­tam mu­gal­ly­myň Me­de­ýa­sy­nyň se­si gu­la­gy­ma gel­ýär:

– Ýöw­sel­mi men? Ejiz ýü­rek­den çyk­ýan söz­den gork­mak…

Göw­nü­me bol­ma­sa, adam­lar ma­ňa:

“Ejiz­di, lel­lim­di” diý­me­jek ýa­ly…

“Sa­byr­ly­dy” di­ýi­bem öw­mez­ler me­ni…

Bu jüm­le­ler ýe­ne-de ýüz­ler­çe jüm­le­ler Ogul­dur­dy mu­gal­ly­myň Me­de­ýa­sy­nyň zy­ba­nyn­dan to­ma­şa­ça akyp­dy. Haý­sy jüm­le ki­me nä­hi­li tä­sir et­di? Bil­me­dim. Ol ba­ra­da şol spek­tak­la to­ma­şa eden, özi hem gaý­ta-gaý­ta te­at­ra şol spek­tak­ly gör­mä­ge ba­ran to­ma­şa­çy­lar aý­dyp bi­ler­ler. Men we­li bir za­da ke­pil ge­çip bil­jek. Şol Me­de­ýa bi­len Ogul­dur­dy mu­gal­ly­myň bir umu­my­ly­gy bar. Olam, ine, şu jüm­le­ler­de bi­rik­ýär. Spek­takl ta­mam­la­nyp bar­ýar­ka, Me­de­ýa­ny ýaz­gar­ýan­la­ra onuň bir aýd­ýan jo­ga­by bar:

– Ga­za­ba jüp ga­zap me­niň jo­ga­bym.

Söý­gä-de jüp söý­gi me­niň jo­ga­bym.

Çyn adam­lar şeý­le bol­ýar dün­ýä­de!!!

Bu mu­gal­ly­myň şy­ga­ry bo­lup eşi­dil­ýär. Ol nä­de­re­je­de mam­la – ony bil­me­dim. Em­ma, içim­den bir ses mu­gal­ly­myň şol söz­le­rin­den aý­ra­tyn bi­ri­ni eziz­le­ýär…

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir