Bagtly bol!  
(Bagtly bolmagyň 30 ýoly) 
- Ynam we salyh amallar ajaýyp durmuşyň syrydyr, bu ikisini mäkäm tut. 
- Ylym-bilim al, hergiz okamakdan araňy üzme - bular aladalary gidirer. 
- Täzeden toba daýan-da, gabahat işleri taşla. Ters hereketler durmuşy tutuksy 
görkezer. 
- Elmydama Allany ýatla, Oňa bil bagla! 
- Adamlara ýagşylyk et, ýüregiň giňär. 
- Mert bol, gorkak, ýelýürek bolma. Mertlik ýüregiňi giňelder. 
- Ýüregiňi göriplikden, kine-kitüwden, kezzaplykdan, gözboýagçylykdan we 
her bir ýaramaz häsiýetlerden arassa sakla. 
- Artykmaç göz aýlama, artykmaç sözleme, gerekmejek zatlary diňleme, 
manysyz gürrüňlere gulak gabartma, mynasyp däl adamlar bilen oturyşma, 
artykmaç iýip-içme we artykmaç ýatma. 
- Netijeli işe ýüregiň bilen, düýrmegiň bilen beril, şonda ähli aladalaryňy we 
gaýgy-gamlaryňy unudarsyň. 
- Şu günüň bilen ýaşa, düýnüňi we ertiriňi ýadyňa salyp, gaýga batyp ýa-da 
howpurgap oturma. 
- Görk-keşp, rysk, saglyk we beýlekiler  babatda özüňden peslere göz aýla we 
öz günüňe şükür et. 
- Bolup biläýjek iň ýaramaz netijäni hem saldarlap gör, soňra şoňa görä 
hereket et, birdenkä ol ýüze çykaýsa-da, ýeňip geçmek ruhy taýdan ýeňil düşer. 
- Aň-zehiniňi gorkunç hyýallaryň, eýmenç pikirleriň yzynda sergezdan, ýesir 
etme, pikiriňi ýaramaz endişeleriň arkasynda selpedip ýörme. 
- Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we geçirimli bol. Ömür 
öýke göterip ýörerden örän gysgadyr. 
- Allanyň berýän nygmatlarynyň tükenip, hor-harlygyň güzer etjekdigini göz 
öňüne hem getirip oturma, her bir ýagdaýda Biribara daýan, arkaýyn we bagtly 
ýaşarsyň. 
- Her bir müşgillige, her bir kynçylyga öz tebigy göwrümi bilen gara, olary 
çişirip, göz öňüne getirme. 
- Özüňe garşy dil düwüşýändirler öýdüp ýörme, erbetlige garaşmak ýaly 
ýaramaz duýgulardan doly saplan. 
- Durmuşy ýönekeýleşdir, çylşyrymlaşdyrma. Gereginden artyk bol-telkilige 
çümjek bolma. Artykmaç eşret artykmaç aladadyr. Bedeniňi barha ýumşatmaklyk 
ruhuňa barha ezýet bermekdir. 
- Özüňe berlen nygmatlary we başyňa düşen kynçylyklary deňeşdirip gör, 
haýsy birini alanyňda hem, gazanan sogabyň özüňedir. Girdeji elmydama ýitgiden 
üstün geler durar. 
- Adyňa aýdylan ýaramaz sözler saňa zelel bermez, ol diňe şol sözleri aýdana 
zyýan getirer. Şonuň üçin olar hakda asla başyňy agyrtma. 
- Pikirleriňi tertibe sal, elmydama sagdyn we gowy pikir et: diňe Allanyň 
berjek nygmatlary, gazanyp boljak üstünlikler we artykmaçlyklar hakda oýlan. 
- Hiç kimden taňryýalkasyna garaşma. Muny etmäge seniň hakyň hem 
ýokdur. Her bir ýagşylygy diňe  Allanyň razylygy üçin etgin. 
- Özüňe peýdaly meýilnama düz, elmydama şony amal etmegiň pikirleri bilen 
ýaşa, ýollaryny agtar, şol işlere meşgul bol, alada-ünjüler golaýyňa hem gelmez. 
- Ähli ýagdaýlarda hem amalyň jylawyny eliňden goýberme, şu gün bitirip 
biljek işiňi ertire goýma. 
- Adyňa mynasyp bolan, özüňe gelşip duran peýdaly hünärleri öwren, haýsy 
işi edeniňde has ynjalyk tapýan bolsaň, şoňa hem ýapyş (ýüregiň ynjalyk tapýan 
peýdaly işini tap). 
- Allanyň saňa beren nygmatlary hakda pikirlen, şükranalyk bilen gürle hem-
de munuň üçin Allaha şükür et. 
- Allanyň saňa beren her bir nygmatyna: saglyk, baýlyk, maşgala, iş babatda 
kanagatly we şükrana bol. 
- Ýakyn-u ýat, tanyş we nätanyş adamlar bilen elmydam güler ýüzli gatnaş, 
olaryň gowy taraplaryny gör we aýyplaryna gözüňi ýum. 
- Adamlaryň säwligini yzarlap, gep-gürrüňlerini ýaýratmagy, çylkasyz 
sözlerini çintgäp, gybatyny edip ýörmegi bes et. 
- Pyýada ýöremäge, sport bilen meşgullanmaga endik et, saglygyňa üns ber. 
- Elmydama Alladan özür-ötünç, saglyk, ýaramly hal-ýagdaý we sag-
salamatlyk dile. 
***