ÝODA SEREDIŇ!

Gije ok geçmez jeňňel diýilýän gür tokaýda azaşan iki sany adam barada eşidipdim. Ol juda howply tokaýmyşyn: ýyrtyjy, ýabany haýwanlaryň mesgeni, özi-de gözedürtme tümlükmişin. Olaryň biri akyldarmyşyn, beýlekisi, müňkürmişin.
Birden gök gübürdäp, ýyldyrym çakypdyr. Şonda müňkür asmana, akyldar bolsa ýagty düşen ýoda seredipdir. Müňkür ýyldyryma bakyp, dowla düşüpdir: «Bu näme boldugyka, eý Hudaý?» diýip, ol ýodany ýitiripdir.
Siz hem bu wakadaky ýaly eger tokaýdaky gür jeňňelde azaşsaňyz, şonda megerem ýyldyrym çakar, şol pursat ýoda serediň!

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir