Sadap bilen Sylabyň toýy hem iliňkiden üýtgeşik bolmady. Kemem bolmady, artygam. Adaty, döwrebap türkmen toýy boldy. Ýöne birje zat üýtgeşik boldy: öňki toýlaryň ählisinde agzyna suw alan dek oturyp gidýän kolhozyň başlygy Baba aga söz sözledi. Ba-aý, onuň gepläýşini dagy diýseňiz-läň! Sylaby asyl ýerde-gökde goýmady.
—Sylap ýaly gowy ogul dünýede ýokdur!—diýdi—Şeýle ogly söýen gyzam bagtlylaryň bagtlysy bolmalydyr—diýdi. Özem hut toýda, uly iliň öňünde özüniň basym pensiýa gitjekdiginem aýtdy. Bir gezek aýdany bilenem goýman, telim öwra gaýtalady.
Toýda ýene bir bolan üýtgeşiklik: kolhozyň on iki brigadasynyň brigadirleriniň ählisi orta çykyp, tans etdi. Olar «ä-ä»-sine goýman, orta Sylabam çykardylar. Ýogsa Sylap orta çykmajak bolup, garşylyk görkezme keminem goýmady. Barybir çykardylar. Brigadirler daşyna tegelendiler. Sylap ortada galdy. Ol soňra şeýle bir tans etdi welin, heý, goýaýyň. Ömür ýygrylyp ýören Sylap şeýle tans edip bilýändir öýdüp, hiç kimem pikir edenokdy. Oňa seredip, hemmeler haýran galdylar. Içlerini çekdiler.
Sylap tans edip durşuna Sadaba tarap birsyhly ýylgyryp seredýärdi. Sadabyň bagtlylygyndan, şatlygyndan bökjekleýän ýüregi kükregini ýaraýyn diýýärdi. Ol şol pursatda ýerinden turagada, uly iliň öňünde: «Sylap ja-an! Sen bolmadyk bolsaň, men neneň ederdim! Men seni söýýä-än!» diýip gygyrasy gelýärdi. Ony töwerekdäki gözlerden gabanýardy. Göwnüne bolmasa, tansa seredişip, töwerekde aý berip duran ulugyzlaram armanly nazarlary bilen Sylaby iýip barýan ýalydylar. Şu gün, gelnalyjy gelmeziniň öň ýany hem, ol şeýdip, baý, darygyp-da! Öz wagtynda gelenem bolsa, Sadabyň göwnüne bolmasa, gelnalyjy gaty gijä galýan ýalydy. Sylap özünden gaçyp, nirädir bir ýerlere gidäýen ýaly duýulýardy. Howsala düşüp, darykmakdan ýaňa ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy.
Gelnalyjy bilen gelen gelin-gyzlar urduryp öýe girenden, onuň intizar gözleri märekäniň içinden Sylaby gözledi. Jigisi Bibiniň ýany bilen özüne tarap eli gülli gelýän Sylaby görende, begenjinden gözlerine ýaş aýlandy. Ýüregi gopup gitdi. Ýigit gelip, özüne gül uzadanda, tas: «Geldiňmi, Sylap jan, gelmezmikäň öýdüp gorkdum!» diýipdi. Zordan saklanaýdy.
Sylap Sadaba güli berip, özünem goltuklap çykardy. Şonda söýgüli ýigidiniň gataňsy elleri ilkinji gezek öz gollaryna galtaşanda, Sadap tok urana döndi. Galpyldydan ýaňa bütin endamyna garynja goýberilen ýaly bolupdy...
...Gapdaldaky hyşy-wuşylar Sadaby pikirlerden saplady:
—Seret oň tans edäýşine! Heý, şol ýygra Sylap diýip kim aýdar?!
—Aşgabatda okap gelen oglan-da!
—Görsene gyz, ony, tüýs «Ýere bakardan ýer gorkar, ýeriň damaryny gyrkar» diýenleri-dä. Ýygrylan bolup ýörş-ä tans etjege meňzänok.
—Aý, bu okuwçylarda oýun köpdür!
Tans gutaryp, Sylap ýerine geçensoň, Sadabyň ýüregi birneme ynjaldy. Şondan soň kän oturtman, gelin bilen ýigidi öýe ugratdylar. Sylabyň ýakyn dostlary üýşüp, ädik çykardyp, guşak çözdürdiler. Şondan soň bolsa hemmeler çykaryldy. Jaýda diňe iki juwan galdy. Sylap gapynyň golaýragynda çöküp, ýanyna küldany süýşürdi. Çilim otlandy.
Sadaby galpyldy barha basmarlaýardy. Ol özi üçin täsin syr bolup görünýän üýtgeşik durmuşyň çetinden girilmeli pursadyň golaýlanyna tolgunyp-tolgunyp, özüni ynandyrmaga çalyşýardy. Birdenkä-de, nämüçindir, aglasy gelýärdi. Gözleriniň alny ümezläp, gaňşyrawugy tüteýärdi. Birdenem uludan dem alyp, bagtdan püre-pür nazarlaryny gyzyl kürtäniň yşyndan jyklap, Sylaba gönükdirýärdi... «Ine, ahyr-a maksadyma ýetdim. Başyma gyzyl kürte atyp, seň öýüň törüne geçdim» diýip, Sadap çilim kükedip barha agraslanýan Sylaba seredip oturyşyna içini gepledýärdi...
Bu öýüň törüne geçýänçä, Sylabyň ugrunda gören güzaplary onuň göz öňünden birin-birin geçdi...

nowça
Dowamy bar

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir