SALWADOR DALINIÑ ESERLERI ÖÑDEN GÖRÜJILIGIÑ ALAMATYMY?


Gadymy we täze taryhyñ döwürleriniñ üsti açylmadyk syrly wakalary, şifirli-kodly surat portretlerde, ýazgylarda gizlenip saklanýan ýaly bolup görünýär.
Ol eserleri döreden şahsyýetleriñ adatdan daşary psihologik ukyply adamlar bolup meşhurlyk gazanypdyrlar.
Şolar ýaly şahsyýetleriñ biri hem ispanly Salwador Dali diýilýän sungat işgäridir. Onuñ çeken suratlarynyñ düşünmesi kyn bolan syrly zatlardan dos-doly.
Ol şahsyýet hakynda paratic.com internet sahypasynda Hatije Biçer atly agza 2017-nji ýylda giñişleýin maglumat galdyrypdyr.
Ispaniýaly meşhur Salwador Dali (doly ady: Salvador Domingo Felipe Jacinto Dalí i Domènech) ökde suratkeş, sungat adamsy bolup, ol 1904-nji ýylyñ 11-nji maýynda Ispaniýada dünýä inýär. Kakasyna Salwador Dali Kusi, ejesine bolsa Felipa Domeneç Ferres diýipdirler. Ene-atasynyñ gynanjyna sebäp bolan bir çagasy Salwador Dali dogulmanka dünýeden ötüpdir. Salwador Daliniñ gözünden geçen wakalar onuñ çagalyk ýyllarynyñ kinosyna öwrülipdir. Maşgala jaýlanan çaganyñ hatyrasyny ýatlamak üçin mazarystanlyga gidýärdiler. Salwador Daliniñ ýanynda şol dünýeden öten perzentleri hakynda aýdyp berýär ekenler.
S. Dali çagalyk ýyllarynda psihologik ruhy ezýetini başdan geçiripdir we ol şeýle diýýär: ''Dogup-dogmanka peýda bolan jesediñ aýak yzlaryndan ýöreýärin. Meni gowy görýärler welin, ony has gowy görýärdiler aslynda. Kakamyñ bu hili söýgüsi, durmuşymyñ ilkinji günlerinden başlap synama ýara saldy''. Ol Dine we Hudaýa bolan ynanjy hakynda şulary aýdypdyr: ''Hudaýa ynanýaryn ýöne ynançly däldirin''. Ol özüniñ meşhur boljakdygyny öñünden gören ýaly heniz 16 ýaşyndaka gündeligine şeýle setirleri galdyrypdyr: '' Bir gün geler, ýer ýüzi maña geñ galar. Kabul edilmez düşünişilmezlikler bolar, ýöne belent mertebelere ýeterin''.
Salwador Dali geçen ömrüniñ dowamynda suratkeşçilik, fotografçylyk, heýkeltaraşlyk, kinomançylyk bilen meşgullanypdyr. Sungatçylyk bilen bir hatarda janly-jandarlaryñ DNK-syna degişli tablissalar düzüpdir. DNK gurluşynda ýaradylyşyñ syry bolandygyny çaklaýan S. Dali halaşan gyzy Gala bilen durmuş gurmagyny hem DNK ýaradylyşyñ alamaty hökmünde görüpdir. 1934-nji ýylda Gala bilen durmuş gurup nikadan geçýär. Soñra 1958-nji ýylda Katolik toýyny edip oñ bilen nikasyny täzeleýär.
Öz döwründe düşnüksiz çeken suratlary manysyz görnüpdir. Ýöne käbir portretleri örän meşhurlyk gazanmagyna ýardam edipdir. Ol ''Sýurrealizm meñki'' diýipdir.
S. Daliniñ 1934-nji ýylda Nýu-Ýorkda açan Sergi merkezi bilen görenleri haýrana goýýar. 1936-njy ýylda London Halk jemgyýetinde Sýurrealist sergisinde üýtgeşik pikirleri, parhly gürleýiş äheñleri, hereketleri bilen hemmelerden tapawutlanýandygyny görkezmäge başlaýar. Ikinji jahan urşy başlan wagty ýan-ýoldaşy Gala bilen birlikde Amerikanyñ Birleşen Ştatlaryna göçüp gidýär.
S. Dali 1962-nji ýylda Barselonada sil heläkçiliginde ölen müñlerçe adamlaryñ hatyrasyna surat çekipdir. 3 X 3,5 metr ölçeginde bolan ''Galajidalajidezoksiribonükleikasid'' atly surat portretinde ylym bilen dini birlikde düşündirjek bolupdyr. Okalşy bolsa gaty kyn hem däl bolsa gerek: ''Gala'' durmuşynyñ söýgüsi, aýaly, ''Al Jid'' bolsa XI asyrda Berberlere garşy söweşen Ispaniýaly gahryman Ala - belkäm Allanyñ gysgaldylan görnüşi bolmagam ahmal. ''Deoksiribonükleikasid'' DNK - diýmegi añladýar. S. Dali Matematika we fizika uly üns beripdir. 1989-njy ýylyñ 23-nji ýanwarynda syrkawlanda ýatýan düşekçesiniñ ýanynda Erwin Schrödinger we Stiwen Hawking ýaly meşhurlaryñ kitaplary bardy.
S. Daliniñ muzeýinde sergilenen surat eserleriniñ arasynda ''Ýanýan £irafa'', ''Atom Leda'', ''Içki söweşleriñ öñden görülmegi'', ''Täze adamyñ doguşyny synlaýan Geopolitik çaga'', ''Älem'', ''Uly masturbator'', ''Erän sagat'', ''Galajidalajidezoksiribonüklikasid'', ''St. Antoniýanyñ aklyndan azaşmagy, ''Penjireden seredýän zenan'' we ''Öz namysy tarapyndan arkadan zorluga sezewar bolan ýaş dul zenan'' we ş.m. eserleri bar.
♥ ''Ereýän sagatlar'': Hakyky ady ''Katalansada La persiatència de la memòria'' ady bilen çekilen suratda ereýän sagatlar ýerleşdirilen. Daliniñ 1931-nji ýylda ýagly boýag reñkler bilen çeken suratynyñ ululygy 24 X 33 smdir. Ol surat häzir Nýu-Ýorkdaky Halkara Museýde, ýagny ''National Museum of Artda'' wagtyñ çalt geçýändigini añladýan ýaly sergilenen akyp gelýän sagat ünsleri özüne çekýär. Portretiñ ortasynda adam figuraly şekil bar. Bu bolsa S. Daliniñ özi diýlip çaklanylýar. Çep tarapda üsti garynjalar bilen gurşalan sagat bar. S. Dali bu ýerde jynsy organlary we ölümi añladýan düşünjeleri berjek bolupdyr.
♥''Içki söweşleriñ öñden görülmegi''
S. Daliniñ 1936-njy ýyda Ispaniýada turjak içki söweşleri öñden görmek ukybyna eýe boldumyka? Suratda damarly ýaprakly öz-özüni iýýän elhenç ösümlik öýkeni ýatladýar.
Biziñ pikirimizçe bu portret häzirki döwrümizde ýaýrap başlan Koronowirus keselini we dümewi añladýanýan bolsa gerek. Surata siñe seredeniñde damarly parçalanyp deşilen öýkeni ýadyña salýan adam şekili bar ýaly görünýär.
♥ ''Ýanýan £irafa'': 1937-nji ýylda çekilen bu portret häzir Kunstmuseum Baselda sergilenendir. Bu suratda iki sany zenan keşbi bar. Yz tarapdaky zenanyñ arkasynda skeletler bar. S. Dali bu şekilde toparlaryñ ýalñyşlyklaryny, gowşaklyklaryny aýdyñlatmakçy bolupdyr. Ýanan £irafa bolsa söweşleri düşündirýändigini añladýar.
Ýöne dostluk.ru internet sahypasynda agza Hanture tarapyndan açylan Dali Salwador hakyndaky makalasynda bu häzirki döwri añladýan hemme ýaşlaryñ-garrylaryñ telefona baglanandygyny we £irafalaryñ hem Awstraliýada bolan ýangynlary düşündirýändigini, Telegrafdaky göz bolsa Illuminati gözi bilen adamlary özüne çekýän 5G telefonlardygyny aýdyp geçýär (Bu hakda seret: http://dostluk.ru/mowzuk.php?id=101495).
Emma biz bu pikirlere düýbünden garşy çykýarys. Eger ol hakykatdanam öñden görüji bolsa, faşizmiñ hatarynda ony asla goldamazdy. Faşizmiñ idealaryny ýigrenerdi. Dosty Pablo Pikassonyñ tarapynda bolardy. Bu hakda biz aşakda aýdyp geçeris.
♥ ''Atom Leda'': Salwador Daliniñ ömürboýy ylym-bilim bilen meşgullanandygyny onuñ döredijiliginden görmek bolýar. Bu portretda bolsa ylymyñ giñişlikleri görülýär. S. Dali özüniñ teatrynda we Muzeýinde ýerleşdiren portretinde mifologiýany şekillendiripdir. Ýagny Sparta hudaýy Leda, hudaýlaryñ hudaýy Zewsi owadanlygy bilen baglapdyr. Zews bir gün guş sypatyna girip Leda bilen gatnaşykda bolýar. Olaryñ jübütleşiginden iki perzent dünýä inýär. Olaryñ biri Troýa söweşine sebäp bolan Elenadyr. Portretiñ aşagyndaky ýumurtga gabygy Elenany añladýar. S. Dali Portretiñ asyl keşbinde ylymdaky atom parçalarynyñ biri-birine baglanyşykly bolmaýandygyny düşündirmek isleýär.
♥ ''Pikassonyñ Portreti''
Salwador Dali Pari£e baran mahaly ilkinji gezek Pablo Pikasso bilen tanyş bolup dostlaşdy. Pablo Pikasso Kommunist partiýasyna goşulanyndan soñ olaryñ aralary sowaşdy. Sebäbi Salwador Dali nasist faşizmiñ tarapdarydy. Gowy görýän dosty Pablo Pikassonyñ portretini bolsa çekmegi ýüregine düwdi. Ol P. Pikassonyñ dilinde uzap duran nahar çemçeli, ýüzleri gözleri betgelşik býust görnüşinde şekillendiripdir.


Peýdalanylan çeşmesi:
https://paratic.com/salvador-dali-kimdir/

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir