Nurmagomedow — Getji duşuşygy Abu Dabide bolar
UFC-niň ýeňil agramda häzirki çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly söweşiji Jastin Getjä garşy söweşiniň Abu Dabide geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

«24-nji oktýabra garaşmaly. Bu söweş geçiriler diýip umyt edýärin. Ol Abu Dabide «Göreşijiler» adasynda geçiriler» — diýip, Nurmagomedow anna güni geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
«Men oňa taýynlyk görýärin, ýylboýy türgenleşip gelýärin, mende munuň bilen bagly hiç hili mesele ýok. Häzirlikçe men tälimçisiz işleýärin. Ýakyn wagtda hünärmen Hawier Mendes bilen işläp başlaryn, munuň heniz nirede boljakdygyny kesgitlemedik» — diýip, Nurmagomedow belledi.

Maý aýynda Getji UFC-de ýeňil agramda wagtlaýyn titul ugrunda öz ildeşi Toni Fergýusony ýeňdi. Ýeňiş ony aslynda Fergýuson bilen söweşmeli edilen, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli ABŞ-a uçup bilmedik Nurmagomedowyň garşysyna çykardy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir