Habib Nurmagomedow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi
Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) çempiony Habib Nurmagomedow žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi. Russiýaly göreşiji amerikaly Jastin Getji bilen titul göreşini anons etdi, iýulda koronawirusdan ýogalan kakasyny ýatlady, şeýle-de ýaňy başlan göreşijiler bilen tejribesini paýlaşdy.
TmCars Habarlar çempionyň jogaplaryndan bölekleri getirýär.

Getji bilen göreşiň geçiriljek ýeri we senesi barada:
— 24-nji oktýabryň gelmegine garaşýarys. Göreş Abu-Dabide geçer, ol ýerdäki göreş adasynda geçer diýen karara gelindi. Göreş bolar diýip umyt edýärin. Eýýäm taýýarlyk görýärin, iş ýagdaýynda ýerleşýärin.

Karýerany tamamlamak meýli barada:
— Dürli pikirler boldy. Häzirki wagtda men bu göreşe taýýarlyk görýärin hem-de uzak möhletli meýilnamalary düzemok. Men 31 ýaşymda, sentýabrda 32 ýaşaýaryn. Men täze başlan göreşiji däl. Maňa sportuň bu görnüşiniň weterany diýseň hem bolar, sebäbi men eýýäm sekiz ýyldan gowrak wagt bäri UFC-de. Men dolanmagy we uruşmagy isleýärin, nämedir bir zatlar bilen meşgul bolmak isleýärin.

Kakasyny ýitirendigi barada:
— Hemme adamlar kimdir birini ýitirýär. Meniň üçin bu agyr ýitgi. Men onuň bilen örän ýakyn, ýagny dostum, kakam, tälimçim bilen ýaly gatnaşykdadym. Elbetde, men gynanýaryn. Men bu maňa päsgel bermeýär diýsem ýalan bolar. Ähtimal, bu duýgular maňa täzeçe täsir edip, men has güýçli bolaryn. Islendik synag ýykyp hem bilýär, güýç berip hem bilýär.

Getjiniň Habibiň töweregindäkiler barada aýdanlary dogrusynda:
— Garşydaşlarym bilen dawalaşasym gelenok. Bu maňa gerek däl. Hawa, dawalaşmak isleýän garşydaşlarym hem boldy, ýöne bu meniň başlangyjym däldi. Men Getji bilen öňden bäri tanyş. Mende oňa bolan ýakymsyzlyk ýok, ony ýerine ýetirýän zähmeti üçin hormatlaýaryn. Ol sportuň bu görnüşinde köp zady geçdi. Men tarapyndan oňa göwnüýetmezçilik bolmaz. Arassa professionalizm: biz ol ýere çykarys we elimizi gysyşarys. Meni dünýäde iň gowy adamlar gurşap alýar. Men özümi birkemsiz ýa-da aňrybaş diýip hasaplamaýaryn. Men öz işime örän tankytly garaýaryn. Meni, meselem, maşgalada hemişe tankytlaýardylar. Maňa çempion hökmünde däl-de, türgenleşmeli, hereket etmeli we gowşamaly däl ogul hökmünde garaýardylar.

Kanadaly Žorž Sen-Pýer bilen göreşi gurnamak maksady barada:
— Bu meniň kakamyň arzuwyndaky göreşdi. Bahym Sen-Pýer 40 ýaşar, şonuň üçin göreşi geçirmek bilen belli bir karara gelmegimiz hem mümkin. UFC-niň ýolbaşçysy Deýna Uaýt Getjiden soň Sen-Pýer bilen göreş barada gepleşikleri geçirjekdigini aýtdy. UFC tarapyndan we men tarapdan hem bu göreşe gyzyklanma bar. Eger-de Getjini ýeňip bilsem, onda Sen-Pýer bilen göreşi aprelde geçirip bolar.

Syýasy iş bilen meşgullanmak barada:
— Men heniz türgen hökmünde işimi tamamlamadym. Işi logiki ahyrlama getirmek isleýärin. Adamlara kömek etmek üçin syýasatçy bolmak, haýsydyr bir oturgyjy ýa-da iş otagyny eýelemek hökman däl.

MMA-ny Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna girizmek mümkinçiligi barada:
— Bu sport örän gyzykly. Ol olimpiýa maksatnamasyna girýän beýleki sport görnüşlerinden tapawutlylykda, köp puluň hereket edýän uly medialy görnüşi. Eger-de bu işi örän ussatlyk bilen gurnasaň, jemleseň, onda ähli zat mümkin. Men sportuň bu görnüşiniň Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna girjekdigine ynanýaryn.

Makgregor bilen bolup biljek rewanş barada:
— Getjiden soň men Porýeni utan islendik biri bilen göreşerdim. Goý, bu Toni (Fergýuson) ýa-da Konor (Makgregor) bolsun.

Futbol toparlaryny maliýeleşdirmek barada:
— Öňdebaryjy ligalarda çykyş edýän topara her aýda 3-4 million dollar gerek. Bu örän köp, mende şeýle pul ýok. Mende ýokary dagestan ligasyna çykan höwesjeň topar bar. Düzüminde 23 futbolçym bar, olaryň ählisi aýlyk alýar, ýöne, elbetde, (Aleksandr) Kokorin we (Artýom) Dzýuba ýaly däl.

Türgene eziz bolan Dagystan barada:
— Sebitiň esasy meselesi – işsizlik. Adamlara iş gerek, iş orunlary gerek. Bizde soňky iki ýylyň içinde öňegidişlik bar. Üstünlikler bar, ýöne ýetmezçilikler hem bar. Adamlar hemişe internetde oturmaly däl-de, işlemeli. Seni we seniň ýakynlaryňy internet terbiýelese, bu ýaramaz.

Ynam barada:
— Ynanýan adam hökmünde, men ähli zadyň Allatagallanyň islegine baglydygyna ynanýaryn. Biz durmuşymyzyň bir ýyldan nähili boljakdygyny bilmeýäris. Maňa ähli zady Allatagalla berdi. Hiç bir ýaprak onuň islegi bolmasa agaçdan tänmeýär. Atamyň aýrylmagy hem onuň emridir. Din maňa bu ýagdaýdan baş çykarmaga kömek edýär. Din – meniň üçin ugurgörkeziji, ol bolmasa maňa öňe hereket etmek örän kyn.

Ýaňy başlan göreşijilere maslahat:
— Meniň maslahatym – tertip, türgenleşigi goýbermezlik. Bir sagatdan üç dürli türgenleşigi etmek, üç sagatlap bir türgenleşigi etmekden gowudyr. Elbetde, biraz şowlulyk hem gerek, nirededir bir ýerde adam şikes alyp bilýär. Şeýle-de, çydamlylyk gerek. UFC-niň çempiony bolmak üçin köp ýoly geçmeli.

Ýatlap geçsek, 2018-nji ýylda, özüniň alma-materinde — G.W.Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysady uniwersitetinde geçen metbugat maslahatynda Nurmagomedow özüniň kakasy bilen Aşgabatda bolmak isleýändigini aýdypdy. Abdulmanap Nurmagomedow iki ýyl Türkmenistanda gulluk etdi we ogluna biziň ýurdumyz barada köp zady gürrüň berdi.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir