Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam
üçin derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga howlugýarlar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy
bilen dişini bejerdişinde many köp.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi barmyka?!
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş da­şymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Malam-a eýesine çekýändir welin,
malyna çekýän adamlar-da bar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen
piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Leýlisaç dik össe beýle owadan bol-
masa-da bolmazdy.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Gaty peslän bürgüde garga-da haý­
bat atar eken.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem
bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Maksadyna ýeten tilki, armanly arla­
ýan şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Solan güle gonan bilbile garga-da
ses goşar eken.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçy-
nyň üstünden bardy.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Awy oňan syçançy, bady gaýdan bür-
güde ýylgyran bolýar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň
eýesiniň guşagyndaky gezligem gözü­
ne ilmedi.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk
ýygnasa geň görmäň.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.

•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Arabaly awlanan towşanyň armanyna
ynanmasaň-da bolar.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Egri ösen agajy miwesinden tanap
bilýän bagbana, aperin.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Nyşana gelen bürgüt garganyň ga-
gyldysyna baş galdyrmadygyna puşman
edibem ýetişmedi.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga
özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Eşege ýüklenip getirilen ýorunjany
sygra döküp, eşege ýandak atýas.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Irkilen çopany hemmeden öň geçi
görermiş.
•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°•°
Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr
welin, tanabam gaçmaýana näme baha berersiň?!


Çary KULYÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

GARAGUM žurnaly 03/2020.
102/103-nji sahypa.

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir