Enemleriñ goñşusy Bibi gelneje ejemiñ iñ ýakyn jorasy.
Onuñ üç gyzy bolsa, biziñ joralarymyzdy.
Biz şäherde ýaşasak hem, her tomusky dynç alyş möwsümine gezelenje gelerdik.
Bizem üç gyz, olaram. Näme gyzlañ üýşen ýerem, özüñiz bilýäñiz gyzyklyja gürrüñler, syrlar barada bolar.
Okuwy tamamlanymyzdan soñ, okuwa girjek diýdik, ýene diýdik garaz enemlere gidip bilmedik.
Okuwa girenimizden soñ-a, asyl elimizem degmedi. Bibi gelnejemiñem iki uly gyzy abraý bilen durmuşa çykdylar..
Şu ýyl 3-nji kursy tamamlap, öýe baranymda, ejem:"Gyzym, geleniñde toý-baýram, Amangül ejeñ ogluny öýerýär, hem toý görersiñ, hemem Bibi gelnejeñ gyzyny sorap gaýdarsyñ" diýdi.
-Bibi gelnejemiñ gyzyna näme bolupdyr? Haýsy gyzy?
-Körpe gyzy Güljemal...
Meniñ soragly nazarymy gören ejem, gürrüñ bermäge başlady:
-Güljemal... Gülje... neme gyzym, özüni asypdyr... Reanimasiýada üç aýlap ýatdy. Indem, ne gürläp bilýär, ne-de ýöräp. Diñe ýatyr, iýip-içip ýatyr...
-Näme üçin asypdyr? Näme sebäpden? Güljemal öz janyna kast eder ýaly, samsyk bolmaly däl-diýip, men ejemden jogaba garaşdym. Ejem uludan demini alyp
-Hiç kim sebäbini bilenok, näme bolupdyr, bir Hudaý bilýär...
Ine-de, enemleriñ obasy.
Saglyk-amanlykdan soñ, ejem bilen Bibi gelnejelere tarap ýöneldik. Olara baranymyzda, Bibi gelneje ejemi görüp, gujaklap aglady.
Ejem sözsüz düşündi. Öýe girdik. Krowatyñ üstünde bir gysym bolup, ýylgyryp ýatan Güljemaly gördüm.
Hiç kimi tananok, diñe gülüp dur. Edil bäbegi ýatladyp dur. Edil bäbege ideg edişiñ ýaly, şoña seredişiñ ýaly alada etmeli.
Bäbekler gürlejek bolup sesler çykarýandyr-a, edil şonuñ ýaly sesleri Güljemal bizi görenden çykardy. Ejesi:
-Sizi tanady öýdýän- diýip, begenip diýen ýaly aýtdy.
Bibi gelneje bilen ejem biraz salymdan soñ, beýleki otaga geçip iç döküşdiler
Güljemal bilen ýeke galdym.
Men oña bir zatlar gürrüñ berjek boldum weli, elimden gaty gysyp bir zatlar diýjek boldy. Men düşünmedim. Oña:"Suw içjekmi? Nahar iýjekmi?" diýip, kelläme gelen zady soradym.
Ol weli, elimden öñküden-de gaty gysyp, bir zatlar diýýär.
Has dogrusy, sesleri çykarýar. Men ýene düşünmedim. Näme isleýänine düşünip bilmedim.
Onuñ gohuna ejesi gelen badyna, Güljemal elimi goýberdi, sesini kesdi. Öñküsi ýaly ýylgyryp durdy. Birhili boldum. Näme diýjek bolduka? Bu sorag meñ kellämden hiç çykmady.

Minska ugramaly günüm, howa menzilinde bir gyzyñ telefonda, söýýän seni diýenini eşitdim. Ýyldyrym çakan ýaly boldy. Asyl, Güljemal maña söýýän diýen ekeni.
Men goñşularynda Güljemalyñ bir ýigit bilen halaşanyny, ol oglanam öýlenendigimi eşidipdim.
Men üns bermändim. Güljemal söýen ekeni...
Men bu wakany gyz nähili samsyk ekeni, öz janyña kast edip bolarmy? Ýa ýigit haramzada ekeni, aldapdyr diýen ýaly dawalar üçin ýazmadym.
Bu waka hemme kişiñ başyna gelip biler: gyzyñam, edil şonuñ ýaly oglanyñam.
Men wakany beýle söýmäñ diýip ýazdym
Men söýüşmäñ diýek bolamok: söýüşiñ, gürleşiñ, gülşüñ, şatlanyñ.
Ýöne, janyñyzdan geçip söýmäñ. Onda siz diñe özüñize däl, öz ýakynlaryñyza-da zyýan ýetirersiñiz.

Siziñ janyñyzda geçip söýen ýaryñyz, sizden habarsyz ýaşap, gülüp we durmuşdan lezzet alyp ýörer.
Siz bilen bilelikde weli, siziñ eje-kakañyz sizden has beter ejir çeker ýörer.
Bibi gelnejeñ bolşy, göz öñümden gidenok.

Nowça

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir