Türkmenistanda ilkinji lomaý söwda platformasy işe başlady
Türkmenistanda “lomaysowda.com” atly ilkinji onlaýn-lomaý platformasy işe başlady.

“Lomaysowda.com” platformasy – bu ýerli we daşary ýurtlardan getirilen dürli harytlaryň lomaý söwdasy üçin niýetlenen häzirki zaman onlaýn platformasydyr.

“Lomaysowda.com” platformasy haryt satyjylary we haryt öndürijileri öz harytlarynyň satuwyny giňeltmek we olar barada doly maglumat almak üçin, şeýle hem haryt öndürijileriň we bölek haryt satyjylaryň çig mallaryny we harytlaryny amatly bahadan, ýagny eýesinden elden almak üçin niýetlenendir.

“Lomaysowda.com” platformasynyň esasy aýratynlygy bolsa, harytlaryň islendik mukdarda lomaý bahalardan satylýan onlaýyn bazar bolmagydyr.

“Lomaysowda.com” platformasynyň ulanyjylary haryt öndürijiler we lomaý satyjylar bilen gönüden-göni gatnaşyga girmek, şahsy otagynyň üsti bilen olar bilen ýeňil aragatnaşyk gurnamak ýaly mümkinçiliklerden hem peýdalanyp bilerler. Şeýle hem islendik kärhana “lomaysowda.com” platformasynynyň kömegi bilen hödürleýän harytlaryny, gözleýän dilerlerini we geçirýän aksiýalary barada aňsatlyk bilen maglumat ýerleşdip bilýär.

“Lomaysowda.com” platformasy häzirki wagtda Internetde web saýt arkaly öz hyzmatyny ýerine ýetirýär. Onuň resmi web saýtynyň habar bermegine göra, hünärmenler tarapyndan ykjam enjamlar üçin mobil goşundysynyň hem üstünde işlenilýär.

Bu onlaýn-lomaý platformasy barada doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir