Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Soňky günlerde şu sözüň täsir etme güýji barada oýlanýan welin, kä agzalaryň ýazgy sanynyň az bolmagyna garamazdan, täsir güýjiniň örän beýikligi, meň ýazgylarymyň bolsa, ýyrtyk haltadan dökülen ýaly kän bolmagyna garamazdan, ýok diýiljek ýagdaýda az täsir edýänligine göz ýetirdim. Munyň sebäbi nämekä size görä?!
Täsir güýji
-
Tapjangul
16 years ago
- ýazgylarymyň bolsa, ýyrtyk haltadan dökülen ýaly kän bolmagyna garamazdan, ýok diýiljek ýagdaýda az täsir edýänligine göz ýetirdim
Haysida bir kisin goreldeli bolmak ucin
1 bilmek
2 okan bilen zadyny durmusda ulanmak
3 bilenje zatlary dusundurmek
Bilimli goreldeli bir mugallym bolmak ucin dogryny suwut ediji ruha eye bolan kisidir.
Okadan kisi hemise gerekli zatlary okadyp onun many mazmunyny cikarip basga bir gowune eye bolmalydyr.Bir ynsan bilyanjelerini yuze cykarmajak bolsa bir topar zatlary bilmek bilen in gerekli wagtlaryny yitiren bolmaz mi?
Suwyn gaynayan bolan bolsada suwsuzlykdan;sacak doly iymisler barka aclikdan gyrlanlara cagalar gulmez mi?
Sonun ucin eye bolan zadymyzyn;bilyan zadymyzy basga birler bilen ony paylasmak gereklidir.Bilipde yazip ony durmusda ulanmajak bolsa ne peyda ata aga su mowzukda menin pikirlerim sular nesip etse dowam ederis.
-
jankaka
16 years ago
- ata aga men pikir edyan in gowusyny siz bilersiniz diyip cunki siz bizden has koprak corek iyen adam
-
kakabay
16 years ago
- menem az iyemokla.yöne ata agaňky yaly kelle yok!
-
agayunus
16 years ago
- gowy mowzuk. gürleýän adamyň täsir edjiligi durmuşdaky amalaryna-da bagly elbetde welin käbir kişilerde täsir etmek, ynandyrmak, wnushat(türkmençesi ýadymda däl) etmek aýratynlyklary bolýar. töweregindäki adamlary gipnozlaýan ýaly sözleriniň täsirinde goýup bilýän hasiýetli adamlar bolýar. lenin, stalin, gitler, napalion ýaly adamlar. arkalarynda belli bir güýç ýok ýa-da diýýän sözlerini doly özleri-de ýerine getirmän köpçiligi yzyna tirkäp bilýän adamlar.
soňam adamlaryň kabul edişine baglymykan diýýän. amal etmegi agyr maslahatlar ýa-da gürriňler psihiçeskiý ýaltanyp retedilýän bolmaly, ýerine getirilmesi aňsat zatlary zalymlyk bolsa-da derrew aň taýdan kabul edilip täsirinde galynýar.
kä agzalaryň ýazgy sanynyň az bolmagyna garamazdan, täsir güýjiniň örän beýikligi, meň ýazgylarymyň bolsa, ýyrtyk haltadan dökülen ýaly kän bolmagyna garamazdan, ýok diýiljek ýagdaýda az täsir edýänligine göz ýetirdim
düşinmedim...maňa şu ýazgy gaty uly täsir etdi ýa-da etmedi diýýänemä ýok, ýa bar-da men bilemokmy. her ýazgy hem her adama belli derejede täsiri ýetýändir. her kim ullakan hazynadan özine gerejigini has dogrysy özine gerekdir diýip hasaplaýanyny alýa-da. gowy ýazgylar köp bolsa gowy. hoshowaz-yň ýazgysyny şu ýere ýelmeýän:)
sebabi erbetler erbetliklerine serhet goymayarkalar, gowular name uchin gowuluklaryna serhet goymaly!!!
-
kombat
16 years ago
- agayunus, köp ýazýaň, okanoklar. gysga ýazsana, manyly-gysga.
-
agayunus
16 years ago
agayunus, köp ýazýaň, okanoklar. gysga ýazsana, manyly-gysga.
kombat | 2008-10-10 03:29:22
1-beýlekileriň ýerine gürleme isleseň.
2-meniň bar bolup bilişim, aý nätjek-dä saçy uzyn akly gysga diýişýänlerden-da men. aklymdakyny beýan etjek bolsam ýazgylarym uzap gidiberýä-dä.
3-adyň-a ýakymly eşidilýär, galan zady biljek däl.
gysga manyly ýazyşyňmy şu. aý onda taňyrýalkasyn, sen ýaly öwredijiniň akyly maňa gerek däl üstine bir halta gyzyl goýsaňam.
kombat | 2008-10-10 03:57:58
-
Kaya
16 years ago
gysga manyly ýazyşyňmy şu. aý onda taňyrýalkasyn, sen ýaly öwredijiniň akyly maňa gerek däl üstine bir halta gyzyl goýsaňam.
ay natdiney bir halta gyzyl diysede dinlejek dalmi. baybow gyzyldan doygun oydyan
-
kombat
16 years ago
- bor-da.
-
agayunus
16 years ago
bor-da
bu manyly-gysga söziňe-de düşinmedim men-ä, kyn görmeseň düşindir.
gyzyldan doygun oydyan
şeýleräk öýtýän.
-
Kaya
16 years ago
şeýleräk öýtýän.
her wagt seyle bolsun
-
kombat
16 years ago
bor-da
bu manyly-gysga söziňe-de düşinmedim men-ä, kyn görmeseň düşindir.
düşündirmek aňsat bolmaz. ençe ýylyň terbiýe-täsirinden soň adamy täzeden terbiýelemek aňsat däl, onsoňam, nä azabyma gerek. Zyýany degip duranok. Şoň üçinem borda diýäýýän.
-
agayunus
16 years ago
- hmmm...diýmek mowzuk: täsir güýji:)
salam tapjangul
Haysida bir kisin goreldeli bolmak ucin
gowy aýdypsyň. ýerine getirip bolsa-da ýöne hemişe ýaltanmanjykga:(
1 bilmek
2 okan bilen zadyny durmusda ulanmak
3 bilenje zatlary dusundurmek
Bilimli goreldeli bir mugallym bolmak ucin dogryny suwut ediji ruha eye bolan kisidir
-
agayunus
16 years ago
ençe ýylyň terbiýe-täsirinden soň adamy täzeden terbiýelemek aňsat däl, onsoňam, nä azabyma gerek
ilkärä akyl berýäň, berýän akylyňam şumy nämesi meňkiden gowymyş düşindir diýsemem nä azabyma diýýäňmi...janyň sag bolsyn. indikile bir zat diýseň yzynda durmagy başar okeymi?
-
kombat
16 years ago
- düşünipsiň garaz.
-
agayunus
16 years ago
düşünipsiň garaz.
näme düşünmän, aýtýanyň bir iki-agyz söz. indi onam düşinmesek mallaryň arasyna goşup goýbärler, Hudaý saklasyn.
şu sahypada täsir güýji beýlekileriňkiden beýigräklerden biri öýtýän senem?! şondan ýazgylaryň jogapsyz galanokmykan ýa-da bimany sözleriňe arsyz edip jogap berýän agzalaryň sözleriň täsirinde ejiz galyp jogaplamary sebäbindenmikän?!
-
kombat
16 years ago
şu sahypada täsir güýji beýlekileriňkiden beýigräklerden biri öýtýän senem?! şondan ýazgylaryň jogapsyz galanokmykan ýa-da bimany sözleriňe arsyz edip jogap berýän agzalaryň sözleriň täsirinde ejiz galyp jogaplamary sebäbindenmikän?!
agayunus | 2008-10-11 09:01:24
o barada pikirem edemok. maňa haýsy bolanda-da parhy ýok. doly düşünmänsiň.
-
ata
16 years ago
- 'sebabi erbetler erbetliklerine serhet goymayarkalar, gowular name uchin gowuluklaryna serhet goymaly!!!" (hoshowaz)
Hmm, gowja zat ekeni, ýöne meň üçin däl!
Täsir barada ýazanlaryňa bolsa, umuman, goşulýaryn!
Ýazgylaryň täsirindenmikä diýýän :)
-
kombat
16 years ago
meň ýazgylarymyň bolsa, ýyrtyk haltadan dökülen ýaly kän bolmagyna garamazdan, az täsir edýänligine göz ýetirdim.
* ata * 2008-02-23 10:02:19
ata hakynda
ata, 100 ýazgy, 1529 jogap ýazypdyr.
tüweleme ýazyp bilipdir.
-
Pelen
16 years ago
- Esasan hem gunumuzde, inlisler demagogy(demagoji) diyyalera, sol yaman kopeldi ve sozlerin tasir guyji azaldy.
bolmasa adamzada berilen in gowy hazynalardan biri hem kelam. onu yerinde ulanyp bilen we yurekden gelyan sozler hokman tasir edyar basgalarina da. basgalarina tasir etmek ucin dal, esasy mesele aydyan zadina ilki bilen ozunun ynanmagi ve ony in gowy dil bilen ozgelere de yetirmegi.
ata 16 years ago- ilki özüm bir mysal bn bu babatda öz pikirimi beýan edeýin, sizem şol barada öz pikirleriňizi ýazaýsaňyz!
\"Ebu Hanypanyn oyune bir är-aýal, oz cagalarynyn kop bal iyyanligini, urup, sogup, yalbaryp, her durli yol bn tasir edip bilmändiklerini we bu babatda ozlerine komek etmegini sorap gelipdirler. Ebu Hanypa bolsa:\"Gidin, caganyzy 40 gun son getirin!\" diyipdir. 40 gun son getirseler, ussat ona bary-yogy:\"Bal iyme!\" diyipdir. Olam gaydyp bal iymandir, ursalaram, sokselerem, yalbarsalaram iymandir. Munyn sebabini soranlarynda ussat sheyle jogap beren:\"Men siz ilkinji gelen guniniz ertirlikde bal iyipdim, oz eden zadymy maslahat berip, caga tasir guyjimin bolmajagyny bilyadim, iylen zat bolsa, bedenimizden 40 gun son, gan, energiya, nejasat we sh. sebapler bn doly cykyp gutaryar. Men 40 gunin dowamynda hic bal iymedim, shonun ucin tasiri boldy!\"
Ynha, tasir etmek ucin we gorelde bolmak ucin örän oňat mysal we sapak. Bashda ozun mynasyp bolmaly, maslahatlary yerine bashda ozimizin yerine yetirmegimiz zerur, yogsam, 1000 loshka maslahatdan, 1 çemçe amal (TC-de musibet=bela) has peydaly we tasirli bolar.
Hemmanize okuwynyzda we işiňizde basharnyk we täsir etme güýjini dileyan!