Telefonyň suwa gaçanda näme etmeli?
“Sanly platformalar” awtonom söwda däl guramasynyň strategik kommunikasiýalar boýunça müdiri Aleksandra Gawrilowa smartfon suwa gaçan ýagdaýynda näme etmelidigini aýtdy. Bu barada Ria Nowosti habar berýär.

Gawrilowanyň aýtmagyna görä, döwrebap telefonlar suwa durnukly bolýar, şonuň üçin smartfony çalt suwdan çykaryp ýetişseň, onuň abat galmak ähtimallygy ýokary. Ýöne ony birnäçe wagtlap ulanmazlyk we bir gün geçenden soň ýakmak maslahat berilýär.
Eger-de telefon suwa durnuksyz bolsa we ol işlemek alamatyny görkezmese, ony silkelemek, düwmeleri basmak we ony ýakmaga synanyşyk etmek gerek däl, sebäbi bu ulgam platasynyň ýa-da smartfonyň başgasy bilen çalşyryp bolmajak aýratyn bölekleriniň döwülmegine getirip bilýär.
Şeýle-de, hünärmen telefony özbaşdak guratmazlygy maslahat berdi, sebäbi onuň böleklerine zyýan ýetmegi mümkin. Has dogrusy, ony ussahana eltmeli, ol ýerde smartfony sökerler, barlarlar we zerur bolan ýagdaýynda guradarlar. Gawrilowa şeýle usulyň gymmat bahaly bölekleri çalşanyňdan ýa-da täze enjamy satyn alanyňdan has amatlydygyny belledi.

“Ýene bir bellemeli zat: eger-de siz aragatnaşygy ýitiren bolsaňyz, ol hem size zerur bolsa, SIM-kart çalt dikeldilýär we düzgün bolşy ýaly, mugt, telefony bolsa dostlaryňdan ýa-da işdäki kärdeşleriňden wagtlaýyn almak bolýar. Şeýle-de, wagtlaýyn iň arzan telefony satyn almak hem bolar” – diýip, RIA Nowosti onuň sözlerini getirýär.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir