Ynsan asla adalatdan daş düşmeli däldir. Zulumdan, zalymlykdan içýan gören ýaly gaçmalydyr.
Çünki adalat we adyllyk ynsany diňe bir bu dünýäde däl, eýsem, ahyretde hem halas eder.
Zulumdyr zalymlyk bolsa ynsany hem şu dünýäde, hem ahyretde perişan eder.
Käwagt adam daş töweregindäkileriň öjükdirmelerine, küşgürmelerine ynanýar. Ahyrynda bolsa, içinden çykyp bolmajak işlere bulaşyp, zulmuň girdabyna düşýär…
Ýagny, şu pany dünýäni nähak ýere başgalara zyndan etmek bilen çäklenmän, özüniň ahyret durmuşyna-da zäher gatýar.
Jogapkärçilikli wezipelerdäki adamlaryň şunuň ýaly ýagdaýlara sezewar bolmazlyklary üçin ýanlarynda parasatly maslahatçylary bolmalydyr.
Maslahatçylar ýagşy niýetli adamlar bolup, beren maslahatlarynda hiç hili şahsy bähbit aramaly däldirler.
Taryha ser salanymyzda, ýurdy edara eden adamlaryň ýanynda iki tüýsli adamlaryň bolandygyny görýäris. Olaryň biri ýaranjaňlar topary bolup, ýolbaşçylarynyň zalymlyk etmeklerine sebäp bolupdyrlar. Olara zyýan ýetiripdirler.
Beýlekisi bolsa dogrulygy ündäp, adyllyga çagyrypdyr. Bularyň maslahatyna gulak asanlar elmydama utupdyrlar.
Abbasy halyfy Harun Reşit ägirt uly döwletiň hökümdarydy. Agzyndan çykan her sözi permandy. Näme islese dessine ýerine ýetirilýärdi, bir diýeni iki gaýtalatdyrylmaýardy. Zalym bolmak üçin elinde ähli mümkinçilik bardy, zulum etmek üçin örän oňaýly ýerde oturdy.
Emma, halyfyň paýhasly maslahatçylary onuň göwnüne gelşi ýaly hereket etmegine ýol bermeýärdiler. Harun Reşidiň özi hem olary sylap, haýsydyr bir işiň başyny tutmakçy bolanda ilki ýakyn maslahatçylaryna sala salýardy.
Behlül dana halyfyň iň ýakyn maslahatçysydy. Ýygy-ýygydan halyfa nesihat berip durardy.
Günleriň birinde Behlül üsti-başy tot-tozan halda saraýyň işiginde peýda bolýar. Ony gören halyf:
- Ey Behlül beýle nirelerden gelyärsiň? – diýip soraýar.
- Dowzahdan gelyän, eý, patyşahym, dowzahdan - diýip Behlül jogap berýär. Özüniň ýakyn geňeşçisiniň bu sözünde bir hikmetiň bardygyny aňan halyf, onuň özüçeräk äheňde sowal berýär:
- Soňy haýyr bolsun-da hernä, ol ýerde nämeler etdiň?
- Maňa ot gerek boldy, şonuň üçin gitdim.
- Hawa, onsoň nätdiň, getirip bildiňmi ?
- Ýok, soltanym, getirip bilmedim.
- Näme üçin?
- Ol ýerde ot-ataş yok ekeni. Dowzahyň goragçysy Hazyn: “Bu ýerde ot bolmaz, her kim öz oduny pany dünyäden ýany bilen alyp gelýandir” diýdi.
Pikire çümen halyf danadan:
- Ey, Behlül, bir gün men hem bu dünýäden aýrylamda, ýanym bilen ot äkitmezlik üçin näme etmeli, maňa näme nesihat berersiň? – diýip soraýar. Behlül:
- Eý, şahy älem, siziň köp zada erkiňiz-güýjüňiz ýetýär, zalymlyk elmydama alkymyňyzda garaşyp dur. Eger ýalançydan aýrylanyňyzda ýanyňyz bilen ot äkitmek islemeýän bolsaňyz, size berjek üç nesihatymy pugta belläň. Şony berjaý etseňiz, siz hem halas bolanlaryň – ýany bilen ot äkitmedikleriň hataryna goşularsyňyz.
- Aýt nesihatlaryňy, eşideli.
Behlül:
- Adalat , Adalat , Adalat! – diýip halyfa “üç” nesihatyny aýdýar.
Howa, jogapkärçilikli wezipedäkiler, özgelere buýruk bermäge hukugy bolan her bir adam ýany bilen ot äkitmek islemeýän bolsa, adalatly bolmalydyr. Golastyndaky şahyslaryň hak-hukugyna üns bermelidir.