«Netflix» Kiýewde Wan Dammly film düşürýär
«Netflix» amerikan kompaniýasy Ukrainada meşhur aktýor Žan-Klod Wan Dammyň gatnaşmagynda «The Last Mercenary» komediýa trillerini surata düşürer. Bu barada Ukrainanyň Medeniýet ministri Oleksandr Tkaçenko Facebookda mälim etdi diýip, Liga.net habar berýär.

Tkaçenkonyň pikiriçe, filmiň esasy bölegi Kiýewde, galanlary bolsa Parižde surata düşüriler. Filmiň sýužetine görä, wakalar Fransiýada bolup geçer. Filmiň döwrüň derwaýys mowzuklaryna bagyşlanan komediýa trilleri boljakdygy bellenilýär.
Wan Dammdan başga-da, filmde baş keşbi janlandyrmak üçin Alban Iwanow çagyryldy. Filmiň režissýory - Deýwid Şaron, prodýuserleri Wlad Rýaşin, Žan-Şarl Lewi we Olias Barko bolar.
Tkaçenko filmiň surata düşürmek işleriniň eýýäm doly güýjünde dowam edýändigini we munuň güýze çenli dowam etjekdigini aýdýar.

Öň, birnäçe Golliwud kompaniýalarynyň koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler sebäpli möwsümdäki iň uly film premýeralaryny yza süýşürmeli bolandygy habar berlipdi.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir