Microsoft TikTok-y Trampyň öňe süren şertlerinde satyn alyp biler
Microsoft korporasiýasy ByteDance hytaý kompaniýasyndan (TikTok programmasyny işläp düzüji) internet torunyň amerikan bölümçesini satyn almak baradaky gepleşikleri wagtlaýyn togtatdy. Munuň sebäbi — ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurduň çäginde TikTok-y gadagan etmegi meýilleşdirýändigi baradaky habary bolup biler.

Emma soňky maglumatlara görä, amerikan lideri Microsofta TikTok-y satyn almaga rugsat berip biler. Munuň üçin sosial tor Pekin kompaniýasyndan doly bölünip aýrylmaly. Bu barada respublikan çeşmelerine salgylanyp Axios habar berýär, diýip gazeta.ru ýetirýär.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, Microsoft TikTok-y satyn alan ýagdaýynda programma hyzmat edýän diňe bir serwerlerini çalyşmaga däl, eýsem, onuň programma üpjünçiligine hem düzedişleri girizmäge wada berdi.
TikTok ByteDance hytaý internet-kompaniýasynyň eýeçiligindäki programmadyr. Bar bolan garaýyşlara görä, tiz ösýän görkezijileri kompaniýa programma gözegçiligi dolandyrmaga päsgel berýär.
Belläp geçsek, ylalaşygyň şertine laýyklykda, Microsoft ABŞ-da TikTok-yň ähli ulanyjy maglumatlarynyň goragyna jogap berer. Şertnama, hünärmenleriň bellemegine görä, 50 milliard dollar bilen bahalandyrylýar, ýöne ByteDance kompaniýasynyň käbir ýolbaşçylary programma ep-esli gymmat durýar diýip hasaplaýarlar.
ABŞ-da TikTok-yň aýlyk auditoriýasy 80 mln adama barabar.

Öň, Donald Trampyň TikTok hytaý programmasyny ABŞ-da gadagan etmek kararyna gelendigini habar beripdik.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir