HLORY ÝA-DA NATRINIŇ GIPOHLORIDINI HOWA SEPMEK KORONAWIRUSY ÖLDÜRIP BILÝÄRMI?

Türkmenistanda natriniň gipohloridi(agardyjy) we hlor dezinfisirleýji serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Bu baradahabarlarda şeýle diýilýär:

"Ýokançlyklardan goranmak üçin,howadan dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar. Ýeňil motorly uçarlar köp ilatly ýerlere we ýollara 1% hlor erginini ýa-da 0.25% natriniň gipohloridini sepýärler. Zyýansyzlandyş serişdelerini uçarlar arkaly sepmek iki tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda uçarlar ýerden 15-20 metr beýiklikde uçup, dezinfeksiýa serişdelerini sepýärler. Ikinji tapgyrda 50-60 metr beýiklikden sepýärler. Bu dezinfeksiýa çäreleriniň esasy maksady howadaky mümkin bolan patogenleri, mikroblary we wiruslary ýok etmekdir. Bu çäreler häzire çenli Mary we Lebap welaýatlarynyň araçäklerinde geçirildi. Bu usul arkaly alnyp barylýan ähli işler alymlaryň maslahatlaryna, adam saglygy we daşky gurşaw üçin dezinfeksiýa serişdelerini ulanmak üçin berk howpsuzlyk talaplaryna esaslanýar".

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 ýa-da beýleki patogenler bilen göreşmek üçin, daşarlara (köçeler, ýanýodalar, ýollar ýa-da bazarlar) hlorly erginleri sepmegi maslahat bermeýär. Köçeler we ýanýodalar COVID-19 wirusynyň ýaýraýan ýerleri hasaplanmaýar. Dezinfeksiýa serişdelerini sepmek, hatda daşarlarda sepmek hem, adam saglygyna zyýan berip bilýär we gözleriň, dem alyş ýollarynyň ýa-da deriniň kynçylyklaryna eltip bilýär.

Beýle tejribeler netijesizdir. Çünki, ýönekeýje hapalar we galyndylar hem dezinfeksiýanyň netijeliligini azaldyp bilýär. Netijelilik ýanýodalar ýa-da asfaltsyz köçeler ýaly deşigi köp ýerlerde has hem peselýär. Hatda, hapalar we galyndylar ýok hem bolsa, sepilýän serişdäniň ähli ýere baryp ýetmesi we patogenleriň ölmegi üçin ýeterlik wagtlap howada durup bilmesi mümkin däl diýen ýalydyr.

Şeýle-de, dezinfisirleýji serişdeleri adamlara sepmek hiç bir ýagdaýda maslahat berilmeýär. Beýle tejribe adama fiziki we psihologik taýdan zyýan berip bilýär we ýokançly adamyň wirusy damjalar ýa-da ýakynlaşma arkaly ýaýratmasynyň öňüni almaýar. Hlor ýaly himiki serişdeleri adamlara sepmek zäherli netijeleri berip bilýär: gözleriň we deriniň irizilmegi, himikatlardan dem almak arkaly döreýän bronhospazm, ýürek bulanma, gaýtarma, we ş.m.

Ispaniýanyň Andalusiýa welaýatynyň bir kurortynda, çagalary COVID-19-dan goramak üçin, ýerli ýolbaşçylar kenara natriniň gipohloridini sepýärler. Bu ekologlary örän bimaza edýär we olar hökümete arz-şikaýat edip başlaýarlar. Ahyrsoňy ýerli hökümet bu işiň ýalňyşlyk bolandygyny boýun alyp, ötünç soraýar. Häzirki wagtda Andalusiýanyň administratorlary bu ýalňyşlyk üçin ýerli hökümete jerime salmagy göz öňünde tutýarlar. Ispaniýada bolup geçen bu waka, ekologiýanyň dezinfisirlenmeginiň diňe adam organizmine däl, eýsem ösümliklere, guşlara, haýwanlara hem ýaramaz täsir edip, topragyň we howanyň, bütin ekosistemanyň hapalanmasyna getirýändigine aýdyň mysaldyr.

Jemläp aýtsak, COVID-19-dan goranmak üçin, BSGG içerlerde köp üýşülýän we köp ellenýän ýerleri dezinfeksiýa etmegi(sepmegi däl!) maslahat berýär. Beýle ýerlere mysallar: girelgeler, hassahanalar, dükanlar, tutawaçlar, we bankomatlar. Içerlerde nädip dezinfeksiýa geçirmeli:

↪ Dezinfisirlemezden öňürti, süpürjek ýeriňi arassalaýjy serişde bilen mazaly ýuwup, kirini aýyrmaly.

↪ Soňra süpürgiji dezinfeksiýa serişdesine ezmeli.

↪ Dezinfeksiýa üçin, 0.1% erginleşdirilen hlor ýa-da natriniň gipohloridini, ýa bolmasa 70-90% spirtli ergin ulanmaly. Erginde hloryň ýa-da natriniň gipohloridiniň möçberi 0.1 göterimden geçmeli däl!

↪ Elleri wagtly-wagtynda sabyn we suw bilen azyndan 20 sekuntlap ýuwmaly ýa-da spirtli el arassalaýjy serişde ulanmaly.

↪ Gözleriňi, burnuňy we agzyňy ellemeli däl.

↪ Ýüzüňi we burnuňy maska bilen örtmeli we adamlar bilen araňda daşlyk saklamaly.

↪ Eger keselleseň, öýde oturmaly. Adamlara ýakynlaşmaly däl. Asgyranyňda we üsgüreniňde agzyňy örtmeli. Elleriňi ýygy-ýygydan 20 sekuntlap ýuwmaly.

Çeşme: saglyk.org

Täzelikler, MrOKaS tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir